Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çoganlynyň ýaşaýjylaryna welaýatlardan baranlara jaýlaryny kireýine bermek hem-de mal saklamak gadagan edilýär


Çoganlynyň ýaşaýjylaryna öýlerine kireýine bermek hem-de mal saklamak gadagan edildi
Çoganlynyň ýaşaýjylaryna öýlerine kireýine bermek hem-de mal saklamak gadagan edildi

Çoganlynyň ýaşaýjylaryna mal saklamagy we jaýlaryny başga şäherlilere kireýine bermegi gadagan etdiler diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 28-nji fewralda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Berkararlyk etrabynyň etrap häkimliginiň wekilleri 25-nji fewralda Çoganly etrabyndaky jaýlary barladylar.

Barlagçylar ýerli ýaşaýjylara paýtagta we onuň töweregindäki ýerlere ýazgysy bolmadyk adamlara jaýlaryny kärendesine bermegiň gadagan edilýändigini hem-de olaryň öz eýeçiligindäki howlularynda mal saklamaga rugsat berilmeýändigini aýtdylar.

“Mundan başga-da, ýerli häkimýetleriň wekilleri jaýlaryň we hojalyk jaýlarynyň haýsy serişdelere gurlandygy bilen gyzyklandylar” diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” ýazýar.

Häkimiýetler jaýlaryň kireýine berilmegi boýunça girizilen gadagançylygy başga welaýatlardan baranlaryň sanynyň aşa köpelmegi hem-de jenaýatyň artmagy bilen düşündirýärler.

28-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Çoganlyda polisiýa işgärleriniň başga welaýatlardan baranlary yzarlap, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan Aşgabada baran esasan gurluşyk işçilerini tutýandygyny habar beripdi.

“Türkmenistanyň hronikasynyň” maglumatyna görä, döwlet emeldarlary Çoganlyda mallaryň köçeleri hapalamagyna garşy. Munuň bilen baglylykda, emeldarlar adamlara mal saklamagy gadagan edýär.

Aşgabadyň Nyýazow etrapçasynyň polisiýa bölüminiň işgärleri Çoganlyda ýaşaýan başga welaýatlylary yzarlaýarlar diýip, Azatlygyň habarçylary we Çoganlynyň ýaşaýjylary 28-nji fewralda habar berdi.

"Daňdan sagat altyda gelip, awtobus duralgalarynda durýarlar we olary tutup äkidýärler, soň jerime salýarlar. Demirýol wokzalyna eltip, tussag astynda saklaýarlar we agşamlaryna gatnaýan otla mündürip welaýatlaryna ugradýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy habar berdi.

Polisiýanyň eline düşýän welaýatlylara töledilýän jerimäniň möçberiniň birinji sapar tutulanda 200, ikinji we üçünji sapar tutulanda degişlilikde 300, 400 manat möçberindedigini, jerime tölän başga welaýatly Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Yzygiderli yzarlamalara sezewar bolýan welaýatlylar Çoganlyda mydama gorky astynda ýaşaýarlar. Bu ýagdaýy Azatlyk bilen söhbetdeş bolan bir çoganlyly gürrüň berdi.

Olar myhmançylyga-da barmaýarlar, märekä, üýşmeleňlere-de gatnaşmaýarlar, pahyrlar gorkýarlar" diýip, Azatlygyň ýerli söhbetdeşi aýtdy. Onuň bellemegine görä, polisiýa işgärleri adatça toý, ýas ýaly çäreleriň boljak ýerine öňünden baryp, aýlanyp durýarlar.

Olar myhmançylyga-da barmaýarlar, märekä, üýşmeleňlere-de gatnaşmaýarlar, pahyrlar gorkýarlar" diýip, Azatlygyň ýerli söhbetdeşi aýtdy. Onuň bellemegine görä, polisiýa işgärleri adatça toý, ýas ýaly çäreleriň boljak ýerine öňünden baryp, aýlanyp durýarlar.

25-nji fewralda Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy paýtagtda alnyp barylýan gurluşykda işleýän başga welaýatlardan baran işçileriň polisiýa tarapyndna yzarlanýandygyny, olara jerime salnyp, öz ýaşaýan ýerlerine mejbury ugradylýandygyny habar beripdi.

Ýurduň baş kanuny Türkmenistanyň raýatynyň hereket azatlygyna hem-de onuň ýaşajak ýerini öz islegine görä saýlamak hukugyna kepil geçýär.

XS
SM
MD
LG