Şu günler Ahal welaýatynyň ençeme obasynda iri şahly mallar köpçülikleýin keselleýär we gyrylýar diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
“Diňe bir obada eýýäm 100-den gowrak sygyr öldi. Ölen sygyrlaryň maslyklaryny obanyň çetindäki meýdanlara oklaýarlar. Bulary syrtlanlar gelip iýýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 18-nji iýunda gürrüň berdi.
Bu obalar Aşgabadyň 150 kilometr çemesi günbatarynda ýerleşýär. Azatlyk Radiosynda bu obalaryň anyk atlary we ýerleşýän ýerleri barada takyk maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Habarçynyň sözlerine görä, ýerli weterinar gulluklary iri şahly mallaryň il arasynda “ganly peşew” diýlip atlandyrylýan “piroplazma” keseline uçrandygy barada diagnoz goýdular.
“Weterinarlaryň ençemesi bu keseliň mallara sakyrtgalardan geçýändigini aýdýar. Bu kesele uçran mallaryň peşewinde gan emele gelýär, olaryň gözleri mazaly saralýar. Malyň teni hem sary reňke öwrülýär. Şeýle-de, olarda içgeçme bolýar. Şeýle ýagdaýda aradan bir hepde geçip-geçmänkä sygyr heläk bolýar” diýip, habarçy aýtdy.
Ýerli oba ýaşaýjylarynyň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, iri şahly mallaryň köpçülikleýin gyrylmagyna weterinarlaryň öz wagtynda diagnoz goýmazlygy we muňa garşy öz wagtynda çäre görmezligi sebäp boldy.
“Ýerli weterinar gulluklary indi köp wagtdan bäri kadaly işlemeýärler. Olar mallaryň keselini öz wagtynda anyklamadylar. Şol sebäpli bu keselçilik hem gysga wagtda ýaýrady. Mundanam başga, mallaryň keseli anyklanandan soňra-da, weterinar gulluklarynda degişli dermanlar ýokdy. Olar mallary dermanlar bilen öz wagtynda üpjün edip bilmediler” diýip, ahally oba ýaşaýjylarynyň biri gizlinlik şertinde 18-nji iýunda gürrüň berdi.
Şeýle-de, ýaşaýjy indi köp wagtdan bäri oba ýelerinde öý haýwanlaryna dürli kesellere garşy öňüni alyş sanjymlarynyň hem edilmeýändigini we munuň şeýle netijeleriniň bolýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
“Obalaryň birinde weterinarlaryň biriniň urlup-ýenjilendigini eşitdim. Sebäbi ol mallary halas etmek üçin oba ýaşaýjylaryndan pul alypdyr. Ýöne mallar şonda-da gyrlypdyr” diýip, habarçy belledi.
Habarçynyň sözlerine görä, mallar döwletiňki bolmansoň, hökümet resmileri bu problema bilen gyzyklanmaýarlar. Oba ilaty bolsa, keselçilikden gorkup, sagdyn mallaryny satýarlar ýa-da “ete tabşyrýarlar”.
“Maldarlar şu wagt sagdyn mallaryny satyp, keselçilik gutarandan soňra ýaş göle ýa-da tüwe satyn alyp täzeden başlamagy maksat edinýärler” diýip, habarçy belledi.
Azatlyk Radiosy bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden maglumat alyp bilmedi. Şeýle-de, bu barada ýurduň media serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.
Türkmenistanda ilatyň howlusynda saklaýan ýa-da süýdünden peýdalanýan haýwanlaryň kesellemegi we köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosy mundan öň hem habar beripdi.
Geçen ýylyň oktýabrynda düýedarçylygyň giňden ýaýran Balkan welaýatynda düýeleriň näbelli keselden köpçülikleýin gyrylmak hadysalary ýüze çykdy, ýöne häkimiýetler şonda düýeleriň keselden däl, açlykdan ölendigini öňe sürüpdiler.
Ýurtdan gelip gowşan maglumatlarda düýeleriň arasynda dörän keseliň adamlara-da, aýratyn-da düýe sagýan zenanlara geçip başlandygy habar berlipdi.
2018-nji ýylyň noýabrynda Azatlygyň habarçysy Daşoguz welaýatynda-da mallaryň arasynda mama keseliniň dörändigini, munuň netijesinde mallaryň köpçülikleýin gyrylandygyny habar beripdi.
Bu habarlar barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri dymypdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.