Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda et önümleri gytalýar, gymmatlaýar


Boş duran et dükanlary. Arhiwden alnan surat.
Boş duran et dükanlary. Arhiwden alnan surat.

Aşgabadyň bazarlarynda etiň gytalýandygy äşgär duýulýar. Etiň gytalmagy bilen, onuň bahasy hem aşa ýokarlanýar.

Aşgabatly ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmaklaryna görä, eýýäm bir hepde bäri, Aşgabadyň azyk harytlary söwda dükanlarynda etiň görnüşleri hem azalyp, bar bolan etleriň hem hili ýaramazlaşýar.

Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda gurlan “Bereketli” söwda merkeziniň et dükanynda 7-nji iýun güni irden et bolmandyr.



"Ir sagat 10-a golaý "Bereketli" bazaryndan et satyn almaga baradym. Emma, ol ýerdäki et dükanlarynda et hem ýok ekeni, satyjy hem ýok ekeni. Sowadyjylaryň birinde iki sany jyrryk ýaly goýun eti asylyp duran ekeni. Ol goýun etini göreniňde ony iýesiň geler ýaly däl. Şol sebäpli ol ýere satyjynyň gelerine hem garaşman, yzyma dolandym" diýip, etrapçanyň ýaşaýjysy Meňli daýza aýdýar.

"Aşgabadyň 30-njy etrapçasynyň azyk dükanlarynyň et satýan bölümlerinde bolsa, etleriň bahasynyň aşa ýokarlanandygy aýdylýar. Ozal 18 manatdan bolan sygyr etleri häzir 29 manatdan ilata satylýar. 29 manatdan satylýan etler hem göwnejaý etler däl. Daşynyň görnüklije ýerlerini sypyryp alýarlarda, durşy bilen süňk edip, çekip berýärler. Eger-de oňat et almak isleseň, onda ýuwaşlyk bilen satyjynyň göwnüni tapjakdygyňy aýtmaly. Şonda etiň oňatja ýerinden bir kilogramyny 35 manatdan, üwelen etiň bir kilogramyny bolsa 40 manatdan çekip berýärler. Üwelen etleriň bir kilogramy ýaňy-ýakynlarda hem 30 manatdy" diýip, etrabyň ýaşaýjylary gürrüň berýärler.


Azyk dükanlarynyň söwda tekjelerinde ozal bir kilogramy 18, 20 manatdan bolan kolbasa önümleriniň hem häzir bahalarynyň aşa ýokarlanandygyny görse bolýar. Aşgabadyň "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" söwda merkeziniň "Halk market" azyk dükanynda “Özgeriş” atly gaýnadylan şöhlat kolbasasynyň bir kilogramy häzir 36-40 teňňeden, Marynyň “Täze aý” hususy kärhanasynyň öndürýän "Sadaja" atlandyrylýan kakadylan görnüşli kolbasa önüminiň bir kilogramynyň bahasy häzir 32-20 teňňeden satylýar.

Et dükanlaryna gireniňde göwnüňi göterýän etler bolsa azalýar. Etleriň hiliniň ýaramazlaşmagyny bolsa oba ýaşaýjylary ýylyň gurak gelip, meýdanlarda ot ýoklugy bilen, ýurtda dörän iým gytçylygy bilen hem düşündirýärler.

Oba ýerlerinde iým gytçylygy sebäpli, mallaryny deger-degmez baha satyp, ýa gerek-gerekmejek ýere öldürip et görnüşinde satyp, mallaryndan dynan adamlar kän boldy. Şol sebäpli indi et gytçylygy hem duýulyp başlandy. Maly bar bolan mal eýeleri hem mallaryny otdan-iýmden arkaýyn doýuryp bilmeýärler.


Şol sebäpli mallar hor. Ony zerurlyk bolup, öldürip ete geçiraýan halatyňda hem, ýalpyldap duran et bolanokda, hor mallaryň eti, keselli mallaryň etinden kän bir saýlanyp duranok diýip, oba ýaşaýjylary Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýdýarlar.

Bazarlarda azyk özümleriniň bahalaryň yzygiderli ýokarlanyp durmagynyň, käbir görnüşli azyk önümleriniň bolsa satuwda tapdyrmaýanlygyndan kynçylyk çekýänler bolsa, ýönekeý halk bolup durýanlygyny hem, ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

5-njiiýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap aýlyklaryň, kömek pullarynyň we çaga posobiýalarynyň 10 göterim ýokarlandyrylmagy baradaky karara döwlet ýolbaşçysy gol goýdy. Ýygnaga gatnaşyjylar el çarpmalar bilen muny makulladylar. Emma ýekejede emeldar bazarlaryň şu günki ýagdaýy we onuň ýönekeý halka ýetirýän täsiri barada kelam agyz söz aýtmadylar.

"Mejlisde diňe ösüşleriň bardygy magtanyldy.118, 120-göterim ösüşler hakykata ýakyn bolsa, onda bazarlarda önümleriň bahalary şeýle derejede ýokarlanarmydy? Bu soraga jogap agtarman, her gezek geçirilýän mejlislerde diňe magtanmaga bat berilýär. Ilatyň ýönekeý gatlagy bolsa etden, ýagdan, beýleki zerur azyk önümlerinden kesilip barýarlar" diýip, ýaşaýjylar nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG