Demirgazyk Kiprde aýal doganynyň adamsy tarapyndan zorlanan 26 ýaşyndaky Ý.R. atly türkmenistanly migrant gyzyň polisiýa arz-şikaýatyndan soň tussag edilen 38 ýaşyndaky Türkmenistanyň raýaty Ahmet Orunow baradaky derňew işi tamamlandy.
Ahmet Orunow barada 13-nji iýunda Nikosiýa kazyýetiniň geçiren sud oturylyşygynda, sülçi aýyplanýan türkmen migrantyň ýurtda zähmet rugsady bilen resmi ýagdaýda bolýandygyna üns çekip, suduň ahyrky kararyna çenli 3 aýy geçmejek görnüşde merkezi tussaghanada göz astynda saklanmagyna karar berdi.
Waka bilen gyzyklanyp Nikosiýanyň polisiýa müdirligi bilen habarlaşan Azatlyk Radiosyna anonim ýagdaýda maglumat beren bir resminiň aýtmagyna görä, kazyýet işlerine seredýän polisiýa işgäri seržant Ahmet Kawan suda ähli subutnamalary tabşyrypdyr.
Polisiýa işgäri aýyplanýan bilen aýyplaýanyň arasynda basalaşyk bolandygyny ýagny Ahmet Orunowyň gyzy ýenjenden soň zorlandygyny öňe sürýär. Ol aýyplanýanyň arkasyndaky dyrnaçak yzlarynyň hem hekimiň hasabaty bilen delil höküminde tassyklanandygyny aýdýar.
Polisiýa işgäri Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde, Kiprde şeýle jenaýatlara metbugatda öňe sürülişi ýaly ömürlik tussaglygyň berilýändigini hem tassyklady. Ol ýurtdaky türkmenistanly zähmet migrantlarynyň aşa köplüginiň, olaryň häli-şindi diýen ýaly jenaýat wakalara ilteşmegine sebäp bolýandygyna aýratyn üns çekdi.
Demirgazyk Kipriň metbugatynda çap edilen habarlarda derňew işini alyp barýan polisiýa işgäriniň kazyýet oturylyşygynda beren düşündirişi giňişleýin çap edilipdir.
Türkiýäniň “Milliýet” gazetiniň ýazmagyna görä, waka 10-njy iýunda irden sagat 9:30 töwereginde Nikosiýanyň Küçük Kaýmakly mähellesiniň Ýusuf Kaptan adyndaky köçäniň 25-nji jaýynda bolupdyr. Ahmet Orunow hojalykda çaga seredýän G.R. atly türkmen zähmet migranty aýaly işe gidenden soň onuň gyz jigisini zorlapdyr.
Demirgazyk Kipriň “hawadiskybrys” neşiri bolsa, kazyýet oturylyşygynda polisiýa işgäri seržant Ahmet Kawanyň “Orunow öz etmişini meýletinlikde boýun aldy. Derňew işi hem doly tamamlandy we ähli subutnamalar jemlendi. Adam zorlamak ömürlik tussaglyk hökümine degişli. Ýurtda zähmet rugsady bilen işleýän türkmen migrantyň başga ýurda gaçmagynyň öňüni almak üçin hem şol bir wagtyň özünde daşary ýurda çykmagynyň gadagan edilmegini soraýaryn” diýip, kazyýet oturylyşygynda çykyş edendigini ýazýar.