Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda ýogalan türkmenistanly migrant zenana hossar gözlenýär


Stambul şäheri
Stambul şäheri

Sosial mediada türkmenistanly migrantlaryň ýaýradýan bildirişlerinde Stambulda ýogalan daşoguzly migrant zenana hossar gözlenýändigi habar berilýär we merhumyň Türkmenistanyň biometriki bolmaýan köne pasporty bilen türk keselhanasy tarapyndan berlen ölüm habarnamasy halk köpçüligine görkezilýär.

Stambulyň Medeniýet uniwersitetiniň Göztepe ylmy-barlag keselhanasy tarapyndan taýýarlanan ölüm habarnamasynda, Türkmenistanyň raýaty, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy we 1968-nji ýylda doglan Maral Kylyçewanyň 12-nji iýunda aradan çykandygy we Türkiýede kanuny ýagdaýynyň bolmandygy beýan edilýär.

Resminamada türkmen migrant zenanynyň ölüm sebäbiniň ýokanç kesel sebäpli bolmandygy üçin bedeniniň hem barlagdan geçirilmän, morga iberilendigi ýazylypdyr.

Azatlyk Radiosy merhum türkmen migrant zenanynyň ykbaly bilen gyzyklanyp, Stambulyň Medeniýet uniwersitetiniň Göztepe ylmy-barlag keselhanasyndan maglumat almaga synanyşdy. Emma keselhananyň işgärleri telefonda merhumlar barada hiç kime jikme-jik maglumatyň berilmeýändigini, diňe hossarlary ýüz tutanda, olara şeýle maglumatyň berilýändigini aýtdylar.

Ýogalan daşoguzly zenanyň bir öýde bile ýaşan obadaşynyň Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesine aýtmagyna görä, merhum owal iki gezek damarlaryny açdyran ekeni.

"Biz üç türkmen bolup bir kwartirada ýaşaýardyk. Obadaşym ýürek-damar keselinden ejir çekýärdi. Ol restoranda işleýärdi. Şol gün ol eli-ýüzi gögeren ýagdaýda bitap düşüp, restorandan öýe zordan özüni oklady. Biz onuň ýagdaýyny owaldanam bilýändigimiz üçin derrew tiz kömek ulagyny çagyrdyk we onuň ýany bilen öýdäki üçünji joram keselhana gitdi. Keselhana baran badyna ony derrew ‘reanimasiýa’ bölümine kabul edipdirler. Ýöne gynansagam, aradan ýarym sagat hem geçmänkä, onuň ölüm habaryny berdiler. Soň merhumyň Stambulda işläp ýören daşoguzly garyndaşlaryna derrew maglumat berdik“ diýip, ýogalan zähmet migrantynyň jorasy gürrüň berýär.

Ol Türkmenistanyň konsulhanasynyň Türkiýede aradan çykýanlaryň öýüne iberilmegine kömek edýändigini eşidendigini, şol sebäpli merhumyň ejesiniň aýal dogany, ýagny daýzasy bilen Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyna ýüz tutandygyny, emma bu ýerde özlerine hiç hili jogap berilmändigini sözüniň üstüne goşdy.

“Keselhananyň morgy 43 günüň dowamynda merhumy almasaňyz Stambuldaky hossarsyzlar gonamçylygyna özümiz äkidip jaýlarys diýdiler. Stambulda ýogalýan türkmen zähmet migrantlaryny öýüne ibermek üçin 8000-12000 amerikan dollarynyň arasynda pul soralýar. Häzir onuň hossarlarynyň şeýle puly töläp biljek ýagdaýy ýok. Onsoňam türkmen konsulhanasy talap edilýän puly tölemän halatyňda, merhumy morgdan çykaryp, öýüne äkitmek üçin gerek bolan rugsatnamany taýýarlap bermeýär. Sosial mediadaky bildirişlerde şonuň üçinem hossar gözlenýär diýip, kömek sorap ýazyldy” diýip, daşoguzly merhum zähmet migrantynyň obadaş jorasy sözleriniň üstüni ýetirýär.

Sözi jemlesek, Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariýa alyp bilmedi.

XS
SM
MD
LG