Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Welaýatlardan Aşgabada işlemäge baranlar 'soraga çekilip, yzyna iberilýär'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Welaýatlardan Aşgabada baryp işläp ýören raýatlaryň ählisini paýtagtyň polisiýa işgärleri ýygnap soraga çekýärler we iki gün saklandan soňra otla mündirip, welaýatlaryna ugradýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmeleri habar berýärler.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiziň tassyklamagyna görä, soraga çekilen raýatlar, esasan, Aşgabadyň Arçabil etrap we Köpetdag etrap polisiýa müdirliklerinde saklanyp, olara “Radikal dini toparlara agamy? Namaz okaýaňmy? Agzyňy bekleýäňmi?” ýaly soraglar berlipdir.

“Wahabist, ‘Yslam döwleti’ ýaly dini akymlara agzalaryň Aşgabatda terrorçylyk hüjümini amala aşyrmagy ähtimal diýen sebäp bilen welaýatlylary soraga çekip, soňra-da ‘gaýdyp şähere gelmerin’ diýen dilhaty ýazdyryp, çykaryp başlapdyrlar. Olardan radikal dini toparlara agza bolup-bolmandygyny sorapdyrlar” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Şeýle-de, Azatlygyň söhbetdeşi polisiýa işgärleriniň “oraza tutanlary we namaz okaýanlary berk gynandygyny, olara wahabist diýip töhmet atandygyny” aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:

“Olary aç, suwsyz iki gün hiç ýere goýbermän polisiýa edaralarynda saklapdyrlar. Olara berk darap, şahsyýetini kemsidiji sözleri aýdypdyrlar. Şeýle-de, ‘indi Aşgabada gelseňiz, bir jenaýaty boýnuňyza dakarys’ diýip, haýbat atypdyrlar” diýip, çeşmämiz häzirki wagt Aşgabatdan çykarylýan welaýatly ýaşaýjylaryň köpüsiniň öň ýol kireýine pul tapman, karzyna pul alyp, işlemäge gidendigini belledi.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilýän meseleler boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary başa barmady. Bu ýagdaýlar barada ýurduň media serişdelerinde hem häzirlikçe haýsydyr bir maglumat berilmeýär.

Türkmenistanda ýurduň dürli welaýatlaryndan Aşgabada gelip işleýän içerki migrant işçileriň paýtagtdan çykarylmagy ýa-da olaryň şähere girmegine çäklendirmeleriň girizilmegi bilen baglanyşykly ýagdaý indi 2015-nji ýyldan bäri dowam edýär.

2016-njy ýylyň fewral aýynyň başynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaýlarynyň kireýine ulanmaga berilmegini we alynmagyny gözegçilik astyna almaga çagyryp, mundan beýläk jaýlary kärendesine alýanlaryň şol salgy, adres boýunça wagtlaýyn ýazga durmagyny talap etdi.

Ýöne prezidentiň ýokarky görkezmesiniň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasy bilen habarlaşan türkmenistanlylaryň ençemesi bu täze düzgüniň öz durmuşyna gönümel täsir ýetirendigini, paýtagtyň degişli häkimlikleriniň ne rugsat, ne-de jaý arendasy üçin şertnama berýändigini, şol sebäpli welaýatlardan paýtagta gelip işleýän raýatlaryň köpüsiniň öz ýaşap oturan jaýlaryndan çykarylandygyny gürrüň beripdiler.

Şeýle-de şol ýylyň fewral aýynyň ortalaryna, has takygy 13-ne Internetde prezidentiň “Aşgabat şäherine zähmet işini amala aşyrmaga gelýän şahsy taraplary hasaba almagyň meseleleri hakyndaky” karary peýda boldy.

Bu düzgüne laýyklykda, “Aşgabat şäherine zähmet çekmäge gelýän, Aşgabat şäherinde ýazga ýa-da bellige alynmadyk Türkmenistanyň raýatlaryny... Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde Aşgabat şäherinde zähmet işini amala aşyrmaga iş rugsatnamasy resmileşdirilenden soňra işe kabul etmäge (özbaşdak iş bilen meşgullanmaga) rugsat bermeli”. Garaşsyz aklawçylar bu düzgüniň “ýurduň Konstitusiýasyna çapraz gelýändigini” aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ne bu gadagançylyklar, ne-de munuň ilatyň durmuşyna ýetirýän täsirleri barada kelam agyz söz aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG