Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde okaýan türkmen studentlerine VISA kartlaryndaky pul elýeterli däl


Türkmen bankynyň
Türkmen bankynyň

Orsýetde okaýan türkmen studentleri soňky günlerde VISA kartlaryna goýlan puldan peýdalanyp bilmeýändigini aýdýarlar.

Orsýetiň ýokary okuw jaýynda okaýan Şemşat soňky üç-dört günüň dowamynda, öz kartyndaky puly çekmäge yzygiderli we şowsuz synanyşýandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Men bankomatdan pul çekmäge synanyşýaryn, emma ýalňyş, soň ýene synanyşyň diýlen ýazgy peýda bolýar. Şeýle ýagdaý öňem bolýardy, birnäçe synanyşykdan soň käte birden pul çekip bolýardy, şonuň üçin men garaşmak kararyna gelip, dükandan iýmäge azyk satyn aljak boldum, emma kartymdan töleg geçmedi, kassada birnäçe gezek synanyşdym” diýip, Şemşat gürrüň berdi.

Türkmenistanly student gyzyň sözlerine görä, onuň kartynda öz maşgalasynyň iberen 300 amerikan dollaryna golaý möçberde pul bar.

Türkmen banklarynyň çykaran VISA kartlaryndaky puluň soňky günlerde düýpden elýeterli däldigini Orsýetde okaýan studentleriň ýene birnäçesi tassyklady.

Azatlygyň söhbetdeşleri bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmakda öňem kynçylyk çekendigini, aýratynam soňky aýyň dowamynda bakomatlardan puly köplenç birnäçe synanyşykdan soň çekip bolýandygyny gürrüň berdiler.

Ýaňy-ýakynda türkmenistanlylaryň ençemesi Ýewropa ýurtlarynda we Türkiýede bankomatlardan pul çykarmakda we harytlar-hyzmatlar üçin tölemekde kynçylyga uçrandygyny habar beripdi.

Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň dekabryň başynda çykaran soňky resmi kararyna görä, türkmen banklaryna degişli VISA kartlaryndan günde daşary ýurt walýutasynda nagtlaşdyrmak üçin göz öňünde tutulan puluň möçberi 50 amerikan dollaryna, nagt bolmadyk tölegleriň möçberi 100 amerikan dollaryna barabar bolmaly.

Muňa garamazdan, Orsýetde okaýan studentler dekabryň başyndan bäri VISA kartlaryndan günde çekip bolýan puluň 2500 rubl (47$) bilen çäklenendigini gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň türkmen banklarynyň müşderileriň puly daşary ýurt walýutasynda nagtlaşdyrmagy we nagt bolmadyk tölegleri amala aşyrmagy üçin kesgitlän möçberi 2017-nji ýylyň başyndan bäri ençeme gezek çäklendirildi, ýanwarda bu puluň möçberi bir günde 1000 amerikan dollaryna barabar bolsa, mart-oktýabr aralygynda ol 250 dollara düşürildi, noýabrda 100 dollara we dekabryň başyndan bäri 50 dollara çenli aşaklady.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň bank sistemasynda işleýän ygtybarly çeşmesi soňky günlerde Daşary ykdysady bankyň VISA kartlar boýunça ýene täze çäklendirme girizendigini we oňa laýyklykda kart eýesine her aýda 500 amerikan dollaryndan artyk pul sarp etmäge rugsat berilmejegini habar berdi.

“Indi daşary ýurt walýutasyna öwürmäge we sarp etmäge rugsat berlen puluň möçberi deň edildi, ýagny manady 500 dollara öwrüp bolýar we 500 dollary sarp edip bolýar” diýip, Azatlygyň çeşmesi adynyň agzalmazlyk şerti bilen habar berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty Türkmenistanyň maliýe wekillerine entek resmi taýdan tassykladyp bilmedi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly student Şemşat indi Orsýetdäki okuwunyň ýylyň ikinji ýarymy üçin töleginiň aladasyny edýär.

Onuň sözlerine görä, onuň özüniň we özi ýaly türkmen ýaşlarynyň ençemesiniň okuwy we umumy ýaşaýyş jaýy üçin indiki tölegleriň wagty ýetip gelýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistandan daşary ýurtlara pul ibermek üçin VISA kartlaryna pul ýatyrmakdan başga ýeke-täk usuly Western Union kompaniýasynyň hyzmatyna bagly.

Emma bu usulyň hem köpler üçin elýeterli däldigini Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda Western Union pul geçiriş hyzmatlary Senagat bankynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Emma dekabryň başyndan bäri girizilen resmi düzgüne görä, munuň üçin göz öňünde tutulýan dokumentleri başda hasaba goýdurmak talap edilýär we bu proses puluň geçirilmegini azyndan bir aýa yza çekdirýär.

Türkmenistanda nagt walýuta çalşygy resmi derejede 2016-njy ýylyň başynda gadagan edildi. 2015-nji ýylyň başyndan bäri walýutanyň resmi kursy üýtgewsiz saklanyp, bir amerikan dollary 3.5 manat derejesinde galýar. Şol bir wagtda-da, gara bazarda amerikan dollary 2.5 esse ýokary bahadan satylýar.

XS
SM
MD
LG