Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtda nagtlaşdyryp bolýan pullara çäklendirmeler girizildi, ýene-de


Türkmenistanyň banklarynda 2016-njy ýylyň başyndan bäri walýuta çalşylmaýar
Türkmenistanyň banklarynda 2016-njy ýylyň başyndan bäri walýuta çalşylmaýar

Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan nagtlaşdyryp bilýän maliýe serişdeleriniň möçberine ýene-de çäklendirmeler girizildi.

Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiriniň maglumatyna görä, 27-nji sentýabrdan başlap, daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylar bir gije-gündiziň dowamynda özleriniň halkara bank kartlaryndan diňe 100 dollar möçberinde puly nagtlaşdyryp bilýärler. Öň bu çäk 250 dollara barabardy.

Bu maglumaty Stambula, Londona we Moskwa sapar edýän ençeme türkmenistanly Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde tassykladylar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda dollar söwdasynyň resmi ýagdaýda togtadylmagy bilen halkara bank kartlary daşary ýurtda söwda edýän we okaýan türkmenistanlylaryň manadyny dollara çalyşmak üçin hödürlän ýeke-täk çykalgasydy.

Wagtyň geçmegi bilen bu kartlaryň nagtlaşdyrmak düzgünlerine, möçberlerine çäklendirmeler girizildi, şeýle-de tutulyp galynýan salgytlar artdyryldy.

Daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylaryň her biri öz ýany bilen diňe bir sany plastik karty äkidip bilýär. Şeýle-de, olardan Aşgabadyň aeroportynda bilet we pasport barlaglaryndan geçensoň, öz ýany bilen äkidýän plastik kartyny Migrasiýa gullugynda hasaba aldyrmak talap edilýär. Hasaba alynmadyk plastik kartlary bolsa, daşary ýurtlaryň bankomatlarynda ulanyp bolmaýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar geçen hepdeden başlap, Aşgabadyň aeroportynda daşary ýurda sapar edýänlerden bir gije-gündiziň dowamynda 100 dollardan artyk puly nagtlaşdyrmajakdyklary, bolmasa kanunyň öňünde jogapkärçilige çekilmegine razydyklary dogrusynda dil haty alyp başlapdyrlar.

Gepiň gerdişine bellesek, mundan birnäçe aý ozal Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Merkezi Bank tarapyndan ýaýradylandygy aýdylýan dokument gowşup, onda raýatlaryň öz serişdelerini ulanyşyna has kän kontrollyk etmek, çäklendirme girizmek ýaly çäreler göz öňünde tutulýardy.

Mysal üçin, “daşary ýurtlara gitmän, halkara töleg kartlaryndaky serişdeleri yzygiderli internet hyzmatynyň üsti bilen daşary ýurtlara geçirýän raýatlary seljermeli we şeýle ýagdaýy yzygiderli dowam edýän raýatlaryň atlaryna hiç hili ýükler gelmeýän bolsa, onda olaryň halkara töleg kartlaryna pul serişdelerini goýmaklygy togtatmak meselesini öwrenmeli” diýip, hatda aýdylýar. Ýöne görülmeli çäreler munuň bilen hem çäklenmeýär.

“Döwlet edaralarynda işläp, her aýda “VISA” kartyna pul salyp, daşary ýurtlara (dynç günleri ýa-da ýarawsyzlyk rugsadyna çykyp) yzygiderli gatnaýan raýatlar bilen, olaryň ýolbaşçylarynyň üsti bilen gürrüňdeşlikleri geçirip, bu hereketleriniň öňüni almaly” diýip, Merkezi Bankyň başlygynyň hatynda çäklendirme çäresi ýene öňe sürülýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň banklarynda 2016-njy ýylyň başyndan bäri walýuta çalşylmaýar we bu ýagdaý walýutanyň iki - döwlet we “gara bazar” kurslarynyň emele gelmegine getirdi.

Sözümiziň ahyrynda jemlesek, türkmen häkimiýetleri bu çäklendirmeler dogrusynda ne maglumat, ne-de düşündiriş berýärler.

XS
SM
MD
LG