Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen VISA kartlary işlemeýär, kart eýelerini jogapkärçilige çekip bilýärler


Pul çekmek boýunça synanyşyk edilende, bankomatlarda “tranzaksiýa ret edildi, öz bankyňyza ýüz tutuň” diýen ýazgy peýda bolýar
Pul çekmek boýunça synanyşyk edilende, bankomatlarda “tranzaksiýa ret edildi, öz bankyňyza ýüz tutuň” diýen ýazgy peýda bolýar

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlary Daşary ykdysady gatnaşyklar döwlet bankynyň VISA kartlarynyň ulanylmagyna girizen çäklendirmeleri sebäpli agyr ýagdaýda galýarlar.

VISA töleg kartlary daşary ýurtlara syýahat edýän, şeýle-de çagalary daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylar tarapyndan giňden ulanylýar.

Türkmenistanlylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzirki wagtda Ýewropa ýurtlarynda we Türkiýede diňe bir bankomatlardan pul çykarmak däl, eýsem harytlar we hyzmatlar üçin töläp hem bolmaýar.

Azatlygyň Türkmenistanyň hökümetindäki çeşmeleri Daşary ykdysady banky ozalky çäklendirmeleriň üstüne täzelerini girizendigini mälim etdiler. Şeýlelikde, plastik kartlaryndan puly walýutada nagtlaşdyrmak üçin bir gije-gündizde göz öňünde tutulan puluň möçberi 25 amerikan dollary bilen kesgitlenýär. Nagt bolmadyk hasaplaşyk üçin göz öňünde tutulan gündelik puluň möçberi 100 amerikan dollary bilen çäklenilýär.

Üstesine, Azatlygyň Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankyndaky söhbetdeşiniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýurduň maliýe häkimiýetleri türkmen raýatlarynyň haýsy banklaryň üsti bilen puly nagtlaşdyrýandygyny yzarlaýarlar we türkmen töleg kartlary boýunça tranzaksiýalaryň togtadylmagy barada arza ýollaýarlar. Türkmenistanlylaryň çekýän kynçylyklary şunuň bilen bagly diýip, Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankyndaky çeşmämiz aýdýar.

“Häzir VISA kartlarynyň müňlerçe eýelerinde problemalar döredi. Bu esasan Türkiýede. Emma maňa mälim bolşuna görä, beýleki ýurtlarda hem biziň töleg sistemalarymyzy ulanyp bolmaýar diýen ýaly. Birinjiden, bu, limitiň iki esse azaldylmagy bilen bagly. Ýagny, geçen hepdede bolşy ýaly 50 dollary däl-de, indi 25 dollary nagtlaşdyryp bolýar, nagt bolmadyk hasaplaşyk 100 dollar boldy. Emma Daşary ykdysady bankyň girizýän komission tölegleri bilen bilelikde limitiň möçberi ýene azalýar” diýip, Azatlygyň Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankyndaky çeşmesi aýtdy.

Türkiýede we Ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan türkmenistanlylar Azatlygyň haýyşy boýunça bankomatdan pul çekmäge synanyşdylar we bu prosesi surata düşürdiler. Ýagdaýlaryň ikisinde-de 25 amerikan dollary we 25 ýewro möçberinde pul çekmek boýunça synanyşyk edilende, bankomatlarda “tranzaksiýa ret edildi, öz bankyňyza ýüz tutuň” diýen ýazgy peýda boldy.

Şeýle-de, Ýewropa ýurdunda 25 ýewro möçberinde pul çekmäge synanyşan adam öz karty bilen myhmanhana üçin töläp bilmändigini aýdýar.

Kart eýelerini jogapkärçilige çekýärler

Azatlygyň çeşmeleriniň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri puly nagtlaşdyrmak üçin daşary ýurtlara gidýän watandaşlaryna öz kartlaryny berýän kart eýelerini hem yzarlaýarlar.

Azatlygyň Türkmenistanyň ministrlikleriniň birindäki çeşmesi onlarça adamyň administratiw jogapkärçiligine çekilendigini habar berdi.

“Daşary ykdysady bankynda VISA kartlar boýunça haýsy banklaryň üstünden töleg edilýändigini yzarlaýarlar. Şeýle-de, daşary ýurtlarda töleg edilýän kartlaryň eýelerini migrasion gullugy arkaly barlap başladylar, ýagny bankyň ol ýa beýleki müşderisiniň daşary ýurtlara gidip-gitmändigini barlaýarlar. Eger migrasiýa gullugy agzalan şahsyň daşary ýurda gitmändigini aýtsa, onuň karty böwetlenýär. Mundan başga-da, mälim bolşuna görä, köp adama jerime salnypdyr” diýip, ministrligiň resmisi aýtdy.

Bank kartlaryny daşary ýurtlara gidýän beýleki adamlara berýän kart eýeleriniň yzarlanmagy baradaky maglumaty ýagdaýdan ygtybarly ýene iki çeşme tassyklady.

Näsaglaryň hem kynçylyga duçar bolmagy mümkin

VISA kartlar saglygyny bejermek üçin daşary ýurtlara gidýän raýatlar tarapyndan hem aktiw ulanylýar. Emma ministrligiň resmisiniň sözlerine görä, şeýle raýatlaryň hem kynçylyklara uçramagy mümkin.

“Indi daşary ýurtlardaky medisina edarasy tarapyndan berlen dokumentiň esasynda pul geçirip bolmaz. Näsaga we onuň garyndaşlaryna “näsagy Türkmenistanda bejerip bolmaýandygy” hakynda Saglyk ministrliginden ýörite hat gerek bolar. Bu örän umumy mazmunly talap bolup, oňa islendik görnüşde düşünmek mümkin we ol Saglyk ministrliginde korrupsiýa ýol açýar. Häzirki wagtda, meselem, diňe keselini anyklamak üçin Hindistana näçe näsagyň gidýändigini hasaba alsak, munuň nähili problemalary döredýändigini göz öňüne getirmek mümkin” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

VISA kartlar boýunça çäklendirmeler ençeme wagt bäri dowam edýär we barha güýçlenýär. Şu aýyň başynda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň banklary tarapyndan çykarylan VISA kartlaryň tas doly bloklanandygy barada habar beripdi. Munuň yzýany VISA halkara kompaniýasy Azatlygyň soraglaryna hat üsti bilen beren jogabynda özüniň çäklenmeleri girizmändigini aýtdy, emma kartlaryň Türkmenistan tarapyndan bloklanan bolmagynyň mümkinçiligini aradan aýyrmady.

Türkmenistanyň töleg kartlary bilen bagly soňky ýagdaýy kommentirletmek üçin, VISA kompaniýasynyň wekilleri bilen habarlaşyp bolmady.

XS
SM
MD
LG