Russiýa Federasiýasynyň Döwlet dumasy rus dilini daşary ýurt sözlerinden goramak baradaky kanun taslamasyna sereder.
Döwlet dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin Medeniýet komitetine bu resminamanyň “ileri tutulýan ugur hökmünde” taýýarlanmagyny tabşyrandygyny aýtdy.
"Medeniýetiň we ruhy mirasyň aýrylmaz bölegi hökmünde, bize rus dilini goramak we ösdürmek zerur" diýip, ol aýtdy.
Wolodin rus häkimiýetleriniň rus dilini anyk haýsy daşary ýurt sözlerinden goramak isleýändigini anyklaşdyrmady.
Rus häkimiýetleri iňlisleşdirilen sözleriň we daşary ýurt sözleriniň ulanylmagyny çäklendirmek isleýärler.
Kanun taslamasyna laýyklykda, harytlardaky ýazgylar, ýaşaýyş toplumlarynyň, obalaryň we kiçi etraplaryň atlary rus dilinde bolmaly diýip, Döwlet durmasynyň metbugat gullugy belleýär.
Wladimir Putin bir gün öň Döwlet dumasyna bu kanun taslamasyna garamak işini çaltlaşdyrmagy tabşyrdy.
Döwlet dumasy 2024-nji ýylyň dekabrynda üçünji we ahyrky okalyşda rus dilini bilmeýän migrant çagalaryň mekdeplere kabul edilmegini gadagan edýän kanuny kabul etdi.