Visa kompaniýasy Azatlygyň soraglaryna ýazmaça jogap berip, türkmen banklarynyň halkara töleg sistemasynyň öňünde bergisiniň bardygy hakynda çykan habarlary ret etdi.
Azatlyk mundan öň Türkmenistanyň maliýeedaralaryndaky çeşmelere salgylanyp, 30 million dollar çemesi bergi edilendigini we Visanyň türkmen banklary tarapyndan berlen kartlara hyzmat etmegini togtadandygyny habar beripdi.
Visa türkmen kartlaryna hyzmat etmegini kesendigini ýalana çykarandan soň, çeşmeler transaksiýalaryň Visa kompaniýasy tarapyndan däl-de, eýsem Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň ýanynda Visa kartlary boýunça amallary dolandyrýan merkez tarapyndantogtadylandygyny anyklaşdyrdylar. Ýöne Azatlygyň ähli çeşmeleri, şol sanda hökümetdäki iki emeldar,ýagdaýy ýkynadan bilmek bilen, diňe Visanyň däl, beýleki daşary ýurt kompaniýalarynyň öňünde hem ägirt uly bergileriň bardygyny tassyklamaklaryny dowam etdirýärler.
Visa kompaniýasynyň GDA we Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça korporatiw aragatnaşyk bölüminiň direktory Anna Serdýuk 12-nji dekabrda beren ýazmaça jogabynda şeýle ýazýar:
“Visa türkmen banklarynyň kompaniýanyň öňünde bergileriniň ýokdugyny tassyk edýär. Kompaniýanyň gatnaşyjy-banklar üçin düzgünine laýyklykda we tutuş töleg ekosistemasynyň, şol sanda kart eýeleriniň, banklaryň we söwda-hyzmat kärhanalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Visa ätiýaçlandyryş depozitleri mehanizmini ulanýar. Ätiýaçlandyryş depozitleri banklaryň borçlary boýunça özara hasaplaşygyň amala aşyrylmagyna kepillik bolup durýar. Türkmenistanyň banklarynyň ähli ätiýaçlandyryş depozitleri häzirki wagtda üpjün edilen” diýip, bankyň wekili aýdýar.
Azatlyk radiosy 8-nji dekabrda Visanyň wekili bilen söhbetdeş bolanda, Türkmenistanyň bergisi we problemalar barada habar çykaly bäritürkmen töleg kartlary boýunça transaksiýalaryň möçberi barada hem sorady.
Anna Serdýuk bu soraga jogap berip: “Kartlar boýunça pul dolanyşyklarynyň konfidensial maglumat bolup durýandygyny” we “ýurtlar derejesinde jemgyýetçilige aýan edilmäge degişli däldigini” aýtdy.
Çeşmeler 'bergi hakynda' öz diýenlerinde durýarlar
Azatlyk Visanyň bu beýanatyny alanyndan soň türkmen häkimiýetleriniň diňe Visanyň däl, eýsem MasterCard we SWIFT ýaly beýleki halkara kompaniýalarynyň öňünde hem köp million dollar bergisi bar diýip aýak depýän çeşmelerbilen gaýtadan habarlaşdy. Bu ýagdaý bilen gönüden-göni bagly ministrlikleriň birindäki çeşme 12-nji dekabrda Azatlyk bilen özara söhbetdeşlikde türkmen banklarynyň Visa töleg sistemasynyň öňündäki bergisiniň azyndan 30 million dollardygyny aýdyp, öz diýenine tutdy.
“Daşary ykdysady iş banky bir ýarym aý çemesi ozal Visadan bergini üzmek barada duýduryş talabyny aldy aldy. Şonda berginiň möçberi 30 million dollardy. Şeýle-de, Visa bank amallaryna girizilen çäklendirmeleriň aýrylmagyny talap etdi, ýagny bu hili çäklendirmeleriň şertnamada görkezilmändigini delil edindi. Olar (Visa) şertnamanyň bozulyp bilinjekdigini aýdyp, haýbat atdylar. Biraz wagtdan soňra SWIFT sistemasy hem bergileriň üzülmegini talap etdi. Şol günler Daşary ykdysady iş banky ähli edaralara bank töleg kartlary boýunçaamallaryň çäklendirilip bilinjekdigi hakynda habar iberdi” diýip, Azatlygyň ýagdaýdan gowy habarly çeşmesi tassyklaýar.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň halkara maliýe guramalaryna bergisi ABŞ-nyň 300 million dollaryna çenli ýetip biler. Azatlyk bu maglumaty başga çeşmeler arkaly tassyklap bilmedi.
Şol bir wagtda, TürkmenistanyňDaşary ykdysady iş bankyna ýakyn çeşme türkmen maliýe guramalarynyň Visadan köp millionlyk bergi barada duýduryş alandygyny tassyk edýär.
"Iki aý çemesi ozal, oktýabryň başynda Daşary ykdysady iş banky Visadan duýduryş aldy. Şonda bergi 34 million dollara barabardy. Visa internet-töleg sistemasyna girizilen petigi aýyrmagy hem talap etdi we ýogsa şertnamanyň bozuljakdygyny aýdyp, haýbat atdy. Elbetde, Visa türkmen bazaryny ýitirmek islemeýär, ýöne ýagdaý gözgyny” diýip, Türkmensiytamnyň Daşary ykdysady iş bankyna ýakyn çeşme tassyklady.
Şeýle-de ol Visadaky türkmen kartlaryny Daşary ykdysady iş bankyndaky Visa kartlary boýunça dolandyryş merkeziniň petikländigini tassyk etdi.
Visanyň wekili Anna Serdýuk Azatlygyň soragyna iberen ýazmaça jogabynda töleg kartlarynyň Türkmenistan tarapyndan petiklenen bolmagynyň ähtimaldygyny aradan aýyrmady.
“Visanyň türkmen kartlarynyň eýeleriniň karty ulanmakda, şol sanda ýurtdan daşarda pul nagtlaşdyrmakda we Internet arkaly satyn alnan harytlar üçin hasaplaşmakda uçraýan çäklendirmeleri baradaky maglumat hakynda aýdylanda, bu hili çäklendirmeler karty beren banklar tarapyndan girizilýär we gözegçilikde saklanylýar” diýip, Visanyň wekili aýtdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdäniň ahyrynda, töleg kartlary bilen bagly problemalar hakynda çykan habarlardan soň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Merdan Annadurdyýewe hem-de Daşary ykdysady iş gatnaşyklary bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowa berk käýinç yglan etdi.
Şu aralykda Azatlygyň Türkiýedäki habarçysy birnäçe türkmenistanly bilen gürleşdi we olar bu ýurtda özleriniňVisa kartlaryny ulanyp bilmeýändiklerini tassyk etdiler. Ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan türkmenistanly bolsa häzirki pursatda Visa karty arkaly diňe dükanlarda we internetde edilen söwda üçin çäklendirilen ýagdaýda hasaplaşyk edip bolýandygyny gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Visanyň türkmen kartlary arkaly beýleki bank amallaryny amala aşyrmak häzirlikçe mümkin däl.