Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan raýatlaryň konwertasiýa edip bilýän pulunyň möçberini iki esse azaltdy


Türkmen manady we amerikan dollary
Türkmen manady we amerikan dollary

Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş banky raýatlaryň türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna konwertasiýa edip bilýän pulunyň möçberini iki esse azaldyp, 1000 amerikan dollaryndan 500 amerikan dollaryna kemeltdi.

Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmelerine aýtmaklaryna görä, bu barada bank resmileri öz müşderilerine dilüsti bilen mälim edip, olara mundan beýläk her aýda diňe 500 amerikan dollary möçberindäki türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna çalşyp biljekdigini duýdurýarlar.

“Bank resmileri 13-nji dekabrdan başlap, adaty raýatlaryň 500 amerikan dollaryny satyn alyp, bank hasaplaryna geçirip bilýändigini aýtdylar. Bu öň 1000 amerikan dollaryna barabardy. Haçan-da, müşderiniň adyny bank sistemasyna ýazanlarynda, awtomatik görnüşde raýatyň 500 dollar möçberindäki türkmen manadyny konwertasiýa edip bilýändigi görkezilýär” diýip, Azatlygyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran, ýagdaýdan habarly çeşmesi gürrüň berdi.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanda 2016-njy ýylyň ýanwaryndan dollaryň resmi söwdasy doly ýatyrylany bäri, türkmen banklary raýatlara resmi kurs arkaly – 1 amerikan dollary 3,50 manat – amerikan dollaryny satmagy bes etdiler. Şondan soň, has takygy şu günde ýurtda dollaryň “gara bazardaky” bahasy 9,5 manada ýetdi.

Indi iki ýyla golaý wagt bäri raýatlar resmi kurs arkaly daşary ýurt walýutasyny, ýagny amerikan dollaryny her aý çäkli möçberde satyn alyp, ony diňe daşary ýurtlaryň bankomatlarynda nagtlaşdyryp bilýärler.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosyna öz okyjylaryndan türkmen banklarynda daşary ýurtlarda okaýan studentleriň ýa-da ýurduň daşynda saglygyny bejertmäge mätäç näsaglaryň pul çalyşmak düzgünleri barada, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçalaryna ugradylandygy aýdylýan resminama hem gelip gowuşdy.

Resminamada aýdylmagyna görä, 2017-nji ýylyň 13-nji dekabryndan başlap, ýurduň karz edaralary ýa-da banklary tarapyndan daşary ýurduň bilim edarasynda okaýandygy baradaky güwänamasy esasynda studente hem-de onuň garyndaşlaryna bir ýylda jemi 12 000 amerikan dollaryna çenli, her aýda 1 000 amerikan dollaryny çalşyp, şol fiziki şahsyň VISA, MasterCard kartlaryna geçirip berilýär.

Azatlyk Radiosyna öz okyjylaryndan gelip gowşan hat
Azatlyk Radiosyna öz okyjylaryndan gelip gowşan hat

​Hatda Türkmenistanyň çäginden daşarda saglygyny bejertmek isleýän raýatlaryň bir ýylda bir gezekde 20 000 ýa-da bölekleýin 12 000 amerikan dollaryna çenli daşary ýurt pulunyň çalşyp berilýändigi aýdylýar. Emma munuň üçin raýatyň Türkmenistanyň çäginden daşarda saglygynyň barlanmagynyň we bejerilmeginiň zerurlygy barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden resminamany almagyň zerurdygy nygtalýar.

Hatda aýdylmagyna görä, bu täze düzgün “Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan karz edaralarynyň üsti bilen şahsy taraplara satylýan daşary ýurt puluny tygşytlamak, raýatlaryň daşary ýurt puluna bolan isleglerini kanagatlandyrmak we alyş-çalyş amallaryny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipleriň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň 2017-nji ýylyň 24-nji noýabryndaky 215 belgili haty bilen ylalaşylmagy netijesinde kabul edildi.

Türkmenistanyň Merkezi banky we Döwlet Daşary ykdysady iş banky tarapyndan girizilen bu täze düzgünler we çäklendirmeler, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň indi iki hepde bäri öz VISA kartlaryny ulanyp bilmeýändigi we türkmen banklarynyň VISA kompaniýasynyň öňündäki bergileri sebäpli halkara töleg sistemasy bolan VISA-nyň türkmen banklaryna hyzmat etmegini togtadandygy barada habarlaryň ýramagynyň yz ýanyna gabat geldi. Şondan soň, VISA kompaniýasy bu habarlary ret edip beýanat ýaýratdy.

Azatlygyň çeşmeleri bolsa, transaksiýalaryň Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş bankynyň ýanyndaky VISA kartlary boýunça amallary dolandyrýan merkez tarapyndan togtadylandygyny anyklaşdyryp, olar türkmen banklarynyň VISA-nyň öňünde bergileriniň bardygyny tassyklamaklaryny dowam etdirýärler.

Belläp geçsek, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde Türkmenistanyň iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwürde, türkmen häkimiýetleri türkmenistanlylaryň daşary ýurtlardaky banklardan nagtlaşdyryp bilýän dollarynyň möçberini hem dowamly çäklendirip gelýärler.

Häzirki wagt türkmen raýatlary VISA we MasterCard bank kartlary arkaly daşary ýurtlarda bir gije-gündiziň dowamynda 50 dollary nagtlaşdyryp, 200 dollar möçberinde nagt däl amallary amala aşyryp bilýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda häzire çenli haýsydyr bir kommentariý bilen çykyş etmän gelýärler.

Bu aralykda, “Reuters” neşiri özüniň 14-nji dekbarda çap eden maglumatynda ykdysadyýeti aglaba tebigy gazdan gelýän girdejä bagly “Türkmenistanyň daşary ýurt walýutasyny satyn almak düzgünlerini has-da kynlaşdyrmagy ýurtda daşary ýurt walýuta ýetmezçiliginiň has ýaramazlaşýandygynyň täze alamaty bolup biler” diýdi.

XS
SM
MD
LG