Paýtagtyň Parahat 8 etrapçasyndaky täze jaýlardan öý edinen käbir hojalyklar köp gatly jaýlaryň hiliniň pes bolandygyny aýdýarlar.
“Çygly howada diwarlardaky suwaglar dökülýär, gaýtadan abatlaýyş işlerini geçirmeli bolýar. Ýagyş-ýagmyrda suwag pökgerip, diwarlar gopup başlaýar” diýip, bu etrapçadan jaý alan bir paýtagtly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
Aşgabat şäher häkimliginiň jaý üpjünçilik bölümleri bu sebitde gurlan köp gatly jaýlary ýaňy-ýakynda eýelerine gowşuryp başlapdyr. Jaýlara nobata ýazylyp, köpden bäri gurluşyk işleriniň gutarmagyna garaşýan maşgalalar, ahyrsoňy, özleriniň ipoteka esasynda öý edinip bilýändiklerini aýdýarlar.
“Köp gatly jaýlaryň hili pes, ýöne bir jaýda köp maşgala bolup ýaşaýan hojalyklar, ýaş çatynjalar özlerine ‘tünek berilse’ kaýyl bolup, araçylaryň kömegi bilen ipoteka alýarlar we täze jaýlardan öý edinýärler” diýip, paýtagtly ýaşaýjy aýdýar. Ol ipoteka almak üçin hem 8-10 müň dollar möçberinde araçylara para berilýändigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Paýtagtyň günorta-gündogar böleginde gurlup ulanylmaga berlen bu jaýlar hil taýdan pes bolsa-da, ilat arasynda baha taýdan amatly hasaplanýar.
“Şonuň üçin, bu jaýlar uly islegden peýdalanýar, adamlar uly höwes bilen öý edinýärler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýdýar.
Öý eýeleriniň birnäçesi bu jaýlara özleriniň 10 ýyla golaý wagt bäri garaşandyklaryny aýdýarlar.
Paýtagtyň Parahat 5, 6,7 we 8 etrapçalary soňky on ýylyň içinde giňeldi. Bu sebitlerde esasan ýerli gurluşyk kärhanalary iş alyp bardy.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary täze jaýlaryň gurluşyk işleriniň “Aşgabatgurluşyk” we “Arkaç gurluşyk” ýaly ýerli kompaniýalar tarapyndan ýerine ýetirilendigini aýdýar.
Gurluşyk pudagyndan habarly çeşmeler, esasan, 2017-nji ýyldan soňra gurluşyk kärhanalarynyň işçi sanynyň azaldylandygyny, gurluşyk işleriniň uzaga çekip başlandygyny aýdýarlar.
“Parahat 7 etrapçasyndaky ýaşaýyş jaý toplumlary 2015-2016-njy ýyllarda gurlup tabşyryldy. Parahat 5,6 we 7-nji etrapçalar örän gysga wagtda guruldy” diýip, çeşmeler aýdýar.
Ýerli çeşmeler bu jaýlaryň beton bölekleriniň sepleşdirilmegi netijesinde bina edilendigini, betonlaryň guýulmandygyny aýdýarlar.
Öý eýeleri beton diwarlaryň sepleşýän böleklerinde suwagyň gopýandygyny aýdýarlar.
Parahat 7 etrapçasy Aşgabat kanalynyň günorta ýakasynda, Baba Annanow we Ankara köçeleriniň arasynda ýerleşýär.
Ýurduň iň iri bildiriş portallarynyň biri bolan Tmcars.info saýtynda soňky bir hepdäniň dowamynda Parahat 8 etrapçasyndaky jaýlardan 90-a golaý jaý satlyga çykarylypdyr.
Türkmenistanda raýatlaryň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi uly mesele bolmagynda galýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda geçirilen inaugurasiýa dabarasynda eden çykyşynda her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmegiň özüniň esasy aladalarynyň biri boljakdygyny aýdypdy.
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijelerine görä, 2022-nji ýylyň dekabryna çenli ýurtda 1 million 300 müňden gowrak ýaşaýyş jaýy, 1 million töweregi ýaşaýyş binasy bellige alnypdyr.
Resmi sanlara görä, ýurtda ýaşaýyş binalarynyň sany on ýyl çemesi wagtyň dowamynda 12,4 göterim artypdyr. Şeýle-de, ýaşaýyş jaýlarynyň sany 13,6 göterim, olaryň tutýan umumy meýdanynyň göwrümi 24,5 göterim artypdyr. Bu görkezijiler resmi statistikalara salgylanýar.
Mundan ozal, 2017-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Köşi obasynda jaýlary ýykylan hojalyklara Parahat 7 we Parahat 8 etrapçalarynda salynýan jaýlardan öý paýlanypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum