Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenler azeri halkyna duýgudaşlyk bildirýär, uçar heläkçiligi boýunça halkara derňewini nygtaýar


"Azerbaýjan" howa ýollaryna degişli uçar 25-nji dekabrda Gazagystanyň Aktau şäherinde heläkçilige uçrady.
"Azerbaýjan" howa ýollaryna degişli uçar 25-nji dekabrda Gazagystanyň Aktau şäherinde heläkçilige uçrady.

“Azerbaýjan” howa ýollaryna degişli ýolagçy uçarynyň Gazagystanyň Aktau şäherinde heläkçilige uçramagyndan soňra, türkmenistanlylar azerbaýjan halkyna duýgudaşlyk bildirýärler we agyr adam ýitgilerine getiren bu tragediýanyň halkara derejesinde seljerilmeginiň möhümdigini nygtaýarlar.

“Baku-Grozny” gatnawyny amala aşyrýan uçar 25-nji dekabrda ugruny üýtgetmäge mejbur bolup, Gazagystanyň Aktau halkara howa menziline üç kilometr galanda 67 ýolagçy we ekipaž agzalary bilen betbagtçylyga uçrady. Heläkçilikde 38 adam wepat boldy.

Azeri resmileri heläkçiligiň yz ýany, bu uçaryň rus howa hüjümlerinden goranyş ulgamlary tarapyndan urlan bolmak ähtimallygynyň ýokary bolandygyny aýtdylar.

Kremliň beýanatyna görä, rus prezidenti Wladimir Putin 28-nji dekabrda azeri kärdeşi Ilham Aliýew bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde pajygaly waka boýunça “ötünç sorapdyr”, ýöne uçar heläkçiligi bilen bagly rus jogapkärçiligini doly boýun almandyr. Ol wakanyň bolan wagtynda rus howa goranyş ulgamlarynyň işjeň bolandygyny aýdypdyr.

Aliýew 29-njy dekabrda döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda “rus tarapynyň bu meseläni bassyr-ýussur etmek isleýändigini”, heläkçilik zerarly Russiýanyň Azerbaýjandan ötünç soramalydygyny hem-de muny jemgyýetçilige ýetirmelidigini aýtdy. Ol bu uçaryň bilkastlaýyn urulmandygyny hem belledi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji dekabrda köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren heläkçilik zerarly azeri kärdeşine gynanç hatyny iberdi. Munuň yz ýany, 27-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary hem, Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, bu mynasybetli döredilen hatyra kitabyna ýazgy galdyrdy.

Şondan bir gün soňra, 28-nji dekabrda “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem, 30-njy dekabr – 31-nji ýanwar aralygynda 30 gün möhlet bilen Aşgabat – Moskwa – Aşgabat uçar gatnawyny ýatyrdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanly harbylar uçar heläkçiligine Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan sebäpsiz urşunyň bir netijesi hökmünde garaýandyklaryny aýdýarlar.

“Bu hereketleriň gözbaşy 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlanan adalatsyz we rehimsiz uruşda ýatyr. Azerbaýjan, Özbegistan ýa-da Türkmenistan ýaly ýurtlar şol aýylganç jenaýaty ýazgarmaga özlerinde güýç tapmadylar” diýip, bir harby serkerde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanlylar uçar heläkçiliginden soňra, rus ýa-da çeçen resmileriniň Azerbaýjan tarapynyň sözlerine birnäçe günläp hiç hili jogap ýa-da teswir berip bilmezligini “Moskwanyň endige öwrülen hiç günäni boýun almazlyk taktikasynda görýärler” diýip, synçylar aýdýar.

“Türkmenler agyr günde özleriniň doganlyk Azerbaýjan halky bilen biledigini nygtaýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen dilli sosial media ulanyjylaryna salgylanýar.

Balkan welaýatyndaky habarçymyz ýerli ýaşaýjylaryň arasynda Hazaryň ýakasynda bolup geçýän soňky wakalar boýunça alnyp barylýan pikir alyşmalar barada habar berýär.

Günbatar sebitde möhüm maslahatlaşmalara goşulýan adamlar azeri uçarynyň GDA-nyň resmi däl ýygnagynyň geçirilýän gününde, 25-nji dekabrda ýykylmagyna özleriniň tötänlik hökmünde garamaýandyklaryny aýdýarlar.

Ýatlasak, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary 25-nji dekabrda Sankt-Peterburgda resmi däl formatda duşuşdylar. Azeri prezidenti pajygaly waka sebäpli, ýygnagy taşlap derhal ýurda dolandy.

Birnäçe balkanly ýaşaýjy heläkçiligiň yz ýany, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Moskwa ugry boýunça uçar gatnawlaryny ýatyrmagyna-da özleriniň oňyn baha berýändiklerini aýdýarlar.

“Uçarlaryň ýatyrylmagy azeri doganlarymyza bildirilýän raýdaşlygyň alamaty boldy” diýip, bir balkanly ýaşaýjy aýdýar.

“Prezident dogry karar kabul etdi, bu elbetde Putiniň ýa-da Kadyrowyň göwnüne ýaraman biler, ýöne türki döwletleriň arasynda türkmen prezidentiniň uçuşlary togtatmagy Azerbaýjan üçin syýasy goldaw bolandyr diýip, pikir edýärin” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Uçar heläkçiliginden soňra, “Türkmenistan” awiakompaniýasy bilen bir hatarda Gazagystanyň “Gazak Air” kompaniýasy 27-nji ýanwara çenli Astana – Ýekaterinburg, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Flydubai” kompaniýasy uçuş howpsuzlygy bilen bagly aladalar we fors-mažor sebäpli, 5-nji ýanwara çenli Dubaý-Soçi we Dubaý-Mineral suw uçuşlaryny ýatyrdy. Ysraýylyň “El Al” howaýollary kompaniýasy hem Moskwa uçuşlaryny ýatyrdy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy mundan ozal şu ýylyň iýun aýynda Kazan ugry boýunça, awgustda Moskwa ugry boýunça uçar gatnawlaryny togtatdy. Wagtlaýyn togtadylan gatnawlar oktýabr aýynda gaýtadan dikeldilipdi.

Türkmenistanlylar uçar heläkçiliginden başga-da, Russiýa Federasiýasynyň Çeçenistan Respublikasynyň prezidenti Ramzan Kadyrowyň özbek resmilerine atýan haýbatlaryny hem ýazgaryp çykyş edýärler.

“Çeçenistanyň diktatory Kadyrow Özbegistanyň döwlet emeldarlarynyň janyna kast etmekde iki çeçeniň güman edilmegini ýazgaryp, Özbegistana basyş etmäge başlady. Orsýetiň regional dolandyryjysynyň türkmen halky üçin iň ýakyn we gardaş ülke hasaplanýan Özbegistana garşy agressiw çykyşlary paýtagtly ençeme ýaşaýjyda, şol sanda, harby gullukçylaryň hem-de telekeçileriň arasynda uly nägilelik döretdi” diýip, synçylar aýdýar.

“Kadyrow indi diňe bir Orsýediň çäginde öz diýdimzorlygyny görkezmän, eýsem özbaşdak döwletiň – Özbegistanyň resmilerine we ýaşaýjylaryna garşy hem haýbat atmalara başlady” diýip, bir harby gullukçy aýdýar.

Ýatlasak, 26-njy oktýabrda Daşkentde özbek resmisi Komil Allamjonowyň münüp barýan ulagyna näbelli adamlar tarapyndan hüjüm edildi. Özbek prokuraturasy hüjümçileriň arasynda iki çeçenistanlynyň hem bolandygyny aýtdy we Özbegistan olar boýunça Interpoluň üsti bilen gözleg işlerine girişdi.

Munuň yz ýany, Kadyrow özüniň Telegram hasabynda beýanat çap edip, özbek resmilerine haýbat atdy we olara “pidasyramazlygy” ündedi. Bu haýbat türkmen ulanyjylarynyň arasynda hem garşylyk döretdi.

Heläkçilige uçran azerbaýjan uçary Bakuwdan Çeçenistanyň paýtagty Grozny şäherine barýardy. Ýöne uçaryň, remsi maglumatlara görä, ümürli howa sebäpli, ne Grozny howa menziline ne-de onuň golaýynda ýerleşýän Mahaçkala aeroportuna gonmagyna rugsat berilipdir. Şeýlelikde, uçar Hazar deňziniň beýleki ýakasyna uçup, Aktau şäheriniň halkara howa menziline üç kilometr galanda heläk boldy.

Rus resmileri bu heläkçilige ilkibaşda guşlaryň, soňra bolsa uçaryň bortundaky kislorod gaplarynyň partlamagynyň sebäp bolandygyny öňe sürdüler.

Ilham Aliýew özüniň Heýdar Aliýew halkara howa menzilinde döwlet telewideniýesiniň soraglaryna beren jogabynda “ilkinji üç günde Russiýadan bolgusyz gürrüňlerden başga zat eşitmedik” diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG