Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Studentler Täze ýyl gijesini çärä gatnaşyp geçirdiler


Täze ýyl baýramçylygy. Aşgabat (Illýustrasiýa suraty)
Täze ýyl baýramçylygy. Aşgabat (Illýustrasiýa suraty)

Paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň studentleri Täze ýyly häkimiýetler tarapyndan guramalaşdyrylan çärelere gatnaşyp geçirdiler. Ýaşlaryň müňlerçesi baýramçylygy öz maşgalalary bilen geçirmegiň ýerine sowuk howada, ýadaw we aç geçirmäge mejbur edildi.

Studentler 31-nji dekabrda sagat 14:00-den 1-nji ýanwaryň sagat 1-ne çenli "Älem" dynç alyş merkezinde geçirilen çärelere gatnaşdyrylypdyr. Olaryň hemmesi birmeňzeş ak eşikde häkimiýetler tarapyndan guramalaşdyrylan çärelere tomaşaçy bolmaga ýa-da söwda merkeziniň daşynda gezelenç edýän adamlara gözegçilik etmek işlerine çekilipdir. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.

"Älem" söwda-tomaşa merkeziniň öňünde ýurduň esasy arça agajy ýerleşýär we bu ýerde esasy resmi baýramçylyk çäreleri geçirilýär we köp adam barýar.

Habarçylaryň sözlerine görä, paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň we ýörite okuw mekdepleriniň studentleri paýtagtyň beýleki ýerlerinde geçirilen ençeme çärä hem gatnaşdyrylypdyr.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan paýtagtly studentleriň gürrüň bermegine görä, tas 12 sagatlap çärelere gatnaşmaga mejbur edilen ýaşlar geýiminden başlap, özlerini alyp barşyna degişli ençeme talaby berjaý etmäge borçly bolupdyr.

"Ýaşlaryň ýüzlerinde şatlyk alamatlarynyň bolmagy tabşyryldy, ýüzi agras we gaharly görünýänlere okuw synaglarynda pes baha goýlyp, gelejekde mugallymlar tarapyndan özlerine hem gaharly garaljakdygy duýduryldy" diýip, aşgabatly student gürrüň berdi.

Öz dynç gününi öz maşgalalary bilen baýramçylyk saçagynyň başynda geçirmegiň ýerine çärelere gatnaşmaly bolan ýaşlar özleriniň örän ýadandygyny we hatda netijede syrkawlanlaryň hem bardygyny gürrüň berdiler. Ýaşlar ençeme sagatlap, suwsuz we aç galypdyr.

"Studentler gyş pasly sowuk gijäni ençeme sagatlap ýeňil ak egin-eşikli geçirdiler. Gije 1-den soň olary umumy ýaşaýyş jaýlaryna goýberdiler.
Studentleriň arasynda aç garna, sowuk howada dümewlän, böwregini sowukladanlar hem bar" diýip, aşgabatly studentleriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda studentleri we mekdep okuwçylaryny baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga mejbur etmek däbi onlarça ýyl bäri dowam edýär. Şu gezek hem häkimiýetler döwlet tarapyndan guramalaşdyrylýan dabaralara gatnaşmak talabyny paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň studentlerine öňünden ýetiripdi.

Şeýle-de, studentler paýtagtda geçirilen konsertlere tomaşaçy bolmaga we öz hasabyna bilet satyn almaga mejbur edilipdi.

Studentleriň "Watan", "Türkmenistan" we "Diýar" kinokonsert merkezlerindäki estrada konsertleriniň biletleri üçin 15 manatdan tölemeli bolandygyny, habarçymyz 30-njy dekabrda habar beripdi. (Merkezi Bankyň kursy boýunça 4,2 amerikan dollaryna barabar-red.)

Türkmen ýaşlarynyň resmi çärelere çekilmek mejburyýeti ýurtda Täze ýyl baýramyny şowhunly bellemezligi we köpçülikleýin üýşmeleňleriň döremezligi üçin häkimiýetler tarapyndan çäre görülýän wagtyna gabat geldi. Baýramçylygyň öňýany paýtagtyň polisiýasy öýme-öý aýlanyp, ene-atalardan öz çagalarynyň köçelere çykmazlygy we üýşmeleňleri döretmezligi hakynda dilhatyny ýazdyrmak işini geçirdi.

Ilaty berk gözegçilik astynda saklamagy bilen tanalýan türkmen häkimiýetleriniň yzly-yzyna guramalaşdyrýan çärelerine köpçülikleýin gatnaşdyrylýan studentler, mekdep okuwçylary we býujet işgärleri okuwdan ýa-da işden kowulmak gorkusy astynda talaba boýun bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG