Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 1-nji ýanwarda Ukrainanyň üstünden Ýewropa barýan gaz üpjünçiliginiň soňlanmagynyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin üçin uly ýeňliş bolandygyny aýtdy.
Putin 25 ýyl gowrak mundan ozal Russiýanyň prezidenti bolanda, Ukrainanyň üstünden Ýewropa geçýän tebigy gazyň mukdary her ýylda 130 milliard kub metrden gowrak bolýardy diýip, Zelenskiý X platformasynda aýtdy. “Emma indi ol gazyň mukdary 0” diýip, ukrain lideri sözüniň üstüni ýetirdi.
"Bu Moskwanyň iň uly ýeňlişleriniň biri bolup durýar. Russiýanyň energiýany ýaraga öwürmegi we hyzmatdaşlaryny bihaýalyk bilen gorkuzmaga ýüz urmagy netijesinde, Moskwa iň bir girdejili we geografiki taýdan elýeterli bazarlarynyň birini ýitirdi" diýip, ol aýtdy.
Zelenskiniň bu sözleri öz ýurdunyň üstünden Ýewropa akdyrylýan gazyň togtadylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Russiýanyň döwlet gaz läheňi “Gazprom” Ukrainanyň üstünden geçýän geçiriji arkaly Ýewropa iberýän gazyny togtadýandygyny aýtdy. Sebäbi Kiýew Moskwanyň 2022-nji ýylda başlan çozuşyndan ozal gol çekilen tranzit şertnamasynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öwürdi.
Bu gaz akymynyň togtadylmagy Ukrainanyň üstaşyr geçýän gaz üçin edilýän tölegleri, ýylda gelýän 800 million dollary ýitirjekdigini aňladýar. Şol bir wagtda, bu gaz söwdasynyň ýatmagy “Gazpromyň” 5 milliard dollar töweregi bolan gaz satuwyndan dynjakdygyny aňladýar.
Zelenski Ýewropa ýurtlarynyň köpüsiniň bolup geçýän üýtgeşikliklere uýgunlaşandygyny, ýöne Ukrainanyň we onuň ýaranlarynyň “energiýa öwrülişigi döwründe Moldowany goldamalydygyny” aýtdy. Moldowa, aýdylmagyna görä, şindem bölekleýin rus gazyna garaşly bolup galýar.
Şeýle-de, ol Ukrainanyň ABŞ-nyň Ýewropa gaz üpjünçiliginiň artmagyna umyt baglaýandygyny, ABŞ-nyň saýlanan prezidentiniň, 20-nji ýanwarda işe başlajak Donald Trampyň bu mümkinçiligi eýýäm agzandygyny aýtdy.
"Bazarda Ýewropanyň dürs hyzmatdaşlaryndan gelýän gaz näçe köp bolsa, Ýewropanyň Russiýa bil baglamaly bolmagynyň soňky galan netijeleri şonça-da tiz ýok ediler" diýip, ol aýtdy.
“Gazpromyň” 1-nji ýanwarda telegramda yglan edilen gaz togtamasy, Ukraina şertnamanyň möhletini uzaltmajakdygyny birnäçe gezek aýdanyndan soň, garaşylýan zatdy. Ýöne, ýurtlaryň köpüsiniň rus gazyndan el çekmek üçin eden köp ýyllyk tagallalary netijesinde, ýewropaly müşderileriň bu gaz kesilmesinden uly bir kynçylyk görmegine garaşylmaýar.
Slowakiýa, Wengriýa, Awstriýa we birnäçe Balkan ýurdy, az mukdarda bolsa-da, Ukrainanyň üsti bilen iberilýän rus gazyny ulanmagyny dowam etdirýärdi.
Emma muňa garamazdan, rus gazy bilen işleýän esasy elektrik stansiýasy sebäpli, Moldowa köp howp abanýar. Moldowan resmileri geçen aý, Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky tranzit şertnamasynyň möhletiniň gutarmagyna garaşylmagy netijesinde adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler.
Bölüniji Transdniestr sebitinde ýerleşýän Transmilli sebit elektrik stansiýasy 1-nji ýanwar güni irden ýapylmaga başlady we onuň operatory Tirasteploenergo Transdniestrdäki hassahanalardan başga ähli öýlere, administratiw binalara merkezi ýyladyş we gyzgyn suw üpjünçiligini kesýändigini aýtdy.
Bu sebitiň ýaşaýjylaryna olaryň oduny we kömri nireden satyn alyp boljakdygyny aýtdylar, şahsy zerurlyklar üçin tokaý agaçlaryny, töňňeleri we guran şahalary ýygnap almaga rugsat berilýändigini, ýöne bu barada tokaý ýolbaşçylaryna öňünden habar bermelidigini duýdurdylar.
Ýaşaýjylar elektrik stansiýasynyň öndürýän elektrik togundan peýdalanýarlar, ýöne onuň näçe wagt elýeterli boljakdygy belli däl. Bölüniji sebitiň ýolbaşçylary, bar bolan kömür üpjünçiligine esaslanyp, toguň takmynan 50 gün bolup biljekdigini aýtdylar. Emma muňa garamazdan, Kişinýowdaky Energetika ministrliginiň işgärleriniň çaklamalaryna görä, tok 20 güne golaý bolar.
Ukrainanyň Energetika ministrligi rus tebigy gazynyň Ukrainanyň çäginden geçirilmeginiň milli howpsuzlyk sebäpli togtadylandygyny we bu çäre barada halkara hyzmatdaşlara habar berendigini aýtdy.
"Biz Russiýanyň gazynyň üstaşyr geçmegini togtatdyk, bu taryhy waka" diýip, energetika ministri Herman Haluşenko aýtdy. "Russiýa öz bazarlaryny ýitirýär, [Moskwa] maliýe ýitgilerini çeker" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Sowet döwründe gurlan, ilki Sibirden Russiýanyň serhetýaka Suja şäherine, soňra bolsa Ukraina gaz getiren geçiriji, 2022-nji ýylyň aýagynda deňiz astyndan geçýän Demirgazyk akym geçirijisi weýran edileninden soň, rus gazyny Ýewropa akdyrýan iň soňky geçiriji boldy.
Belarusyň üsti bilen Polşa gaz getiren “Ýamal-Ýewropa” geçirijisi hem 2022-nji ýylyň fewral aýynda, Russiýanyň Ukraina çozmagy sebäpli ýapyldy.
Ýewropaly müşderileriň köpüsi ABŞ, Katar we Norwegiýa üpjünçiligine, suwuklandyrylan gaz ýaly alternatiw çeşmelere ýüz urdy.
Forum