Aşgabadyň Bitaraplyk we 10 ýyl abadançylyk prospektleriniň Türkmenbaşy prospekti bilen kesişýän ýerinden günbatara uzap gidýän böleginiň düýpli oňarylanyna eýýäm birnäçe ýyl geçdi.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýrugyna laýyklykda, nagt milli pula her adama satylýan daşary ýurt pulunyň möçberi bir aýyň dowamynda bir müň ABŞ dollary möçberinde çäklendirilýär.
Aşgabatda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep bazarlary açyldy. Bu bazarlaryň irilerini Teke, ors we Altyn asyr ýa-da jygyldyk bazarlarynda görmek bolýar. Bazarda okuw esbaplarynyň dürli görnüşleri satylýar.
Şu günler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň şaýatlanma bölüminde adatdakydan köp adamly nobatlaryň bolýandygy habar berilýär.
Paýtagtlylar öňküleri ýaly Gökderäniň Altyýap çeşmesiniň boýunda dynç alyp bilmediler. Bu ýere barýan ýolda polisiýa posty goýlup, diňe çagalar sagaldyş merkezlerine ýa-da iki sany restorana barýanlar goýberildi.
Hepdäniň başynda paýtagtyň etegindäki Gökdere diýen ýerdäki Altyýap çeşmesini we onuň gyralaryny arassalamak işleri başlandy.
Paýtagtlylaryň suw bilen üpjünçiligindäki kösençleri dowam edýär. Düýn, 27-nji iýulda, şäheriň 11-nji mikroraýonynda hem-de ”Hitrowka”, ”Posýolka”, ”Sowhoz” diýlip atlandyrylýan raýonlarynda bütin gün suw bolmady.
Geçen hepdede paýtagtyň saglyk öýlerinde saglygy goraýyş işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk ýygnaklarynda bu edaralaryň “girdejileriniň” azalýandygy aýdylypdyr.
Türkmenistanyň ýaşy 18-e ýeten we harby gullugy geçmedik erkek jynsly graždanlary mundan beýläk, öňürti harby gullugy geçmezden, daşary ýurtlara okamaga gidip bilmezler.
Birnäçe ýyl mundan ozal paýtagtyň islendik ýerinde kommersiýa “budkalary” diýlip atlandyrylýan hususy dükanlara hem-de “gazirowka” diýilýän suw satýan dükanlara duşmak bolýardy.
Paýtagtda yssy howa dowam edýär. Gyzgynlyk 40 gradusdan hem aşýan bu günlerde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin pyýadalar islendik kölegeli ýerlerden peýdalanmaly bolýarlar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň, hojalyklar tarapyndan suwalyp ýapylan lodžiýalary, ýagny eýwanlary sökülýär. Sökülen eýwanlara aýna goýulýar.
Eýýäm iki hepdeden gowrak wagt bäri paýtagtyň demirgazyk tarapyndaky Gurtly kölüne we gündogaryndaky öňki Sport kölüniň golaýyndaky suw howdanyna barýan ýollar ýapyk.
Şu günler paýtagtyň Atamyrat Nyýazow prospektiniň Azady köçesi bilen kesişýän ýerinden tä Köpetdag stadionyna çenli ýerleşen ýaşaýyş jaýlarynyň käbirleri sökülip başlandy.
Aşgabadyň telefon ulgamy kärhanasy özüniň täze çykaran reklama bildirişinde IPTW müşderileriniň sanynyň 13 müňden geçendigini habar berýär. Bu bildirişde beýleki telegörüjiler hem IPTW hyzmatyna birikmäge çagyrylýar.
Şu gün ýurt boýunça Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň doglan güni bellenýär. Resmi bolmadyk bu baýramçylyga gabatlap, şu gün paýtagtyň merkezinde "Arkadag" atly seýilgäh açylýar.
Aşgabatda paýtagtlylaryň suw bilen üpjünçiligindäki kösençlikler dowam edýär. Geçen hepdäniň anna güni Aşgabadyň Parahat-2 mikroraýonynda bütin gün suw bolmady.
Şu ýylyň başynda ýokary derejede badalga berlen “Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlaryny abadanlaşdyrmak” işleriniň depgini häzirki wagtda görnetin peselene meňzeýär.
Aşgabatda bu günler howanyň temperaturasyny ölçeýän abzallar 42-43 gradusy görkezýär. Bu Türkmenistanda jöwzaly tomus paslynyň ýetip gelendiginiň esasy alamaty.
Ilkibaşda Aşgabadyň käbir raýonlarynda çanak antennalary ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlaryndan aýrylyp, olaryň üçeklerine geçirilen bolsa, indi üçeklerdäki antennalar hem ýok edilip başlandy.
Ýene-de ýükle