Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AşTU öwünýär, müşderiler zeýrenýär


Aşgabadyň telefon ulgamy kärhanasynyň bildirişi.
Aşgabadyň telefon ulgamy kärhanasynyň bildirişi.

Aşgabadyň telefon ulgamy kärhanasy özüniň täze çykaran reklama bildirişinde IPTW müşderileriniň sanynyň 13 müňden geçendigini habar berýär. Bu bildirişde beýleki telegörüjiler hem IPTW hyzmatyna birikmäge çagyrylýar.

Şonuň bilen birlikde häzirki wagtda paýtagtyň ýaşaýjylarynyň çanak antennalary aýrylyp, olara Aşgabadyň telefon ulgamynyň (AşTU) IPTW hyzmatyna birikmek maslahat berilýär.

Aşgabadyň telefon ulgamy kärhanasynyň bildirişiniň doly görnüşi.
Aşgabadyň telefon ulgamy kärhanasynyň bildirişiniň doly görnüşi.

Özi-de, olaryň köpüsi AşTU-nyň bu hyzmatyna birikdirilmek barada arza beren hem bolsalar, olar IPTW telewideniýesine tomaşa edip bilmeýärler. Sebäbi, IPTW telewideniýesi üçin optik-süýümli kabelleriň geçirilendigine garamazdan, bu kabeliň işlemeýän ýaşaýyş jaýlary az däl.

Signal ýok

Mysal üçin, paýtagtyň Parahat-1 we Parahat-2 mikroraýonlarynda çanak antennalar tutuşlygyna diýen ýaly aýryldy. Bu raýonlardaky ýaşaýyş jaýlarynyň ählisine diýen ýaly-da IPTW optik-süýümli kabel çekilen-de bolsa olary entek peýdalanyp bolmaýar. AşTU-nyň işgärleri bu kabellerde entek signalyň ýokdugyny aýdýarlar.

Bu ýagdaýlarda häzirlikçe bu kärhananyň müşderileriniň köpüsi adaty telefon liniýalary arkaly IPTW telewideniýesine tomaşa etmeli bolýarlar.

Ýöne adaty telefon liniýasy boýunça hem her kim birikdirilip bilinmeýär. AşTU-nyň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, eýýäm birnäçe gün bäri IPTW bu hili usul bilen birikdirilmeýär. Munuň sebäbini AşTU-nyň işgärleri müşderileriň sanynyň artýandygy, emma tehniki mümkinçilikleriň ýeterlik däldigi bilen düşündirýärler.

“Doňmak”

AşTU-nyň IPTW telewideniýesine adaty telefon liniýalary arkaly tomaşa edýän müşderileri hem bu usul bilen telewizora tomaşa etmekden o diýen hoşal däl. Bu hyzmatda telewizion signalyň ýitmegi, birnäçe wagtlap “doňmak” ýaly kemçilikler häzir hem gaýtalanýar.

“Günüň dowamynda birnäçe gezek “doňýar”. Şeýle-de, telekanallaryň hem käbirleriniň uzak wagtlap görkezmeýän halatlary hem bar. Mysal üçin, Ukrainanyň 1+1 kanaly eýýäm ençeme wagtlap görkezenok” diýip, AşTU-nyň müşderileriniň biri Parahat-2 mikroraýonynyň ýaşaýjysy Ata gürrüň berýär.

AşTU-nyň müşderilere hyzmat etmeginde hem kemçilikler aradan aýrylmaýar. Mysal üçin, müşderileriň käbirleri bu kärhanananyň müşderilere IPTW hyzmatyny sazlap berýän işgärlerine örän köp wagt garaşamaly bolýandyklaryndan şikaýat edýärler.

Kärhananyň sözi...

Olar IPTW ýa-da IPTW ikinji nokat üçin arza berleninden soň birnäçe gün şol hyzmatlary sazlaýan işgärlere garaşmaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Ýogsa, bu kärhananyň müşderilere hyzmat edýän nokatlarynda öz işgärleriniň tizara barjakdygyny söz berýärler.

“Men IPTW hyzmatyny ikinji telewizorda görmek üçin bir hepde mundan ozal arza berdim. Emma şu wagta çenli ony sazlamaga AşTU-nyň işgärleri gelmediler. Goňşym bolsa bir aýlap IPTW hyzmatyna birikdirilmek üçin AşTU-nyň işgärlerine garaşyp otyr” diýip, Parahat-2 mikroraýonynyň ýaşaýjysy Ata gürrüň berýär.

Mundan başga-da, IPTW telewideniýesiniň pleý-listi ýa-da ondaky görkezilýän telekanallaryň sanawy hem müşderileri o diýen kanagatlandyrmaýar. “Eýýäm birnäçe aý bäri AşTU-nyň işgärleri NTW+ telekanalyny görkezjekdiklerini wada berip gelýärler. Emma pleý-list öňküligine galýar” diýip, AşTU-nyň beýleki bir müşderisi Şamyrat aýdýar.

Häzirlikçe, AşTU-nyň IPTW pleý-listinde, esasan, Orsýetiň we Türkiýäniň telekanallary bar. Özi-de, Orsýetiň bir telekanalynyň her sagat guşagy üçin birnäçe dubllary görkezilýär.

Garaşsyz media

Çanak antennalary aýrylyp, IPTW hyzmatyna birikdirilmäge mejbur bolan ýaşaýjylaryň ählisi Azatlyk Radiosy ýaly garaşsyz media serişdelerinden hem mahrum boldular. IPTW arkaly bu hili media serişdelerini diňläp ýa-da tomaşa edip bolmaýar.

Ilkibaşda IPTW-niň pleý-listine goşulan ”Eho Moskwy”, ýagny ”Moskwanyň ýaňy” radiosy hem pleý-listden aýryldy. Häzir bu pleý-listdäki radiokanallar diňe türkmen radiokanallaryndan ybarat.

IPTW hyzmaty boýunça görkezilýän telekanallaryň pleý-listi AşTU kärhanasy tarapyndan kesgitlenýär. Häzire çenli IPTW boýunça 90-dan gowrak telekanal bar. IPTW hyzmaty AşTU edarasy tarapyndan 2013-nji ýylyň noýabrynda hödürlenip başlanypdy. IPTW hyzmaty üçin müşderi her aýda 10 manat abonent tölegini tölemeli.

XS
SM
MD
LG