Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: dükanlaryň aýrylmagynyň netijeleri


"Teke bazaryndaky" bulgurlap suw satýan söwda nokady.
"Teke bazaryndaky" bulgurlap suw satýan söwda nokady.

Birnäçe ýyl mundan ozal paýtagtyň islendik ýerinde kommersiýa “budkalary” diýlip atlandyrylýan hususy dükanlara hem-de “gazirowka” diýilýän suw satýan dükanlara duşmak bolýardy. Bu dükanlardyr, “gazirowkalar” ilatyň köp gelim-gidimli ýerlerinde goýulýardy.

Emma bu hili “el-ýüzdäki” dükanlar 2000-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda ýapylyp başlandy. Prezident G.Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmegi bilen bolsa bu dükanlaryň ählisi ýapyldy. Olaryň ýapylmagy paýtagty abadanlaşdyrmak, gözelleşdirmek işleri bilen düşündirildi.

Edil şu düşündiriş bilen bu kiosk-kommersiýa dükanlarynyň eýelerine häkimiýetler tarapyndan ilkibaşda ak plastik “budkalarda” söwda etmeklik buýruldy. Ýöne telekeçileriň, häkimiýetleriň talap edişi ýaly ak plastik budkalarda söwda edip başlandyklaryna garamazdan, soňra olar dolulygyna ýok edildi.

Paýtagtda ýanlary bilen içjek suwuny göterip gezýýän adamlary görmek bolýar.
Paýtagtda ýanlary bilen içjek suwuny göterip gezýýän adamlary görmek bolýar.

Her ýylda azaldylyp gidilip oturylyşyna, 2014-nji ýylyň dowamynda bu kiosk-kommersiýa dükanlarynyň doly soňuna çykyldy. Şol kommersiýa dükanlarynyň ýerinde hem hiç zat gurulmady. Ol ýerler häzirem boş ýatyr. Mysal üçin, öňki birinji park häzirki “Aşgabat” seýilgähiniň alkymyndaky awtobus duralgasyndaky kiosk-kommersiýa dükany we suw satýan dükanyň ýerinde häzirem hiç zat ýok.

Kommersiýa dükanlary bilen birlikde paýtagtdaky bulgurlap suw satylýan dükanlar hem ýapyldy. Bu hili il içinde “gazirowka” diýlip atlandyrylýan dükanlary köp adamly her bir awtobus duralgasynda diýen ýaly görmek bolýardy.

Käbir telekeçiler bu suw satýan dükanlaryň hem “paýtagtyň görküni alýar” diýen düşündiriş bilen ýapylandygyny aýdýarlar.

“Häkimligiň işgärleri ak budka ediniň diýdiler. Ak budka edinsegem, şäheriň owadanlygyny alýaňyz diýip ýapdyrdylar” diýip, öň suw satýan dükanyň eýesi bolan Annaguly bolup geçen wakalary ýatlaýar.

Şol bir wagtda hem häzirki yssy howada paýtagtda kiosk görnüşli kommersiýa we suw satýan dükanlaryň ýapylmagynyň ýaramaz täsirini duýasa bolýar.

Ýokarda agzalan bulgurlap suw satýan söwda nokatlary diňe "Teke bazarynda" galypdyr diýse boljak. Bu ýerdäki suw satýan dükan elmydama köp adamly bolýar. Ylaýta-da häzirki tomus paslynyň yssy günlerinde bu dükanlaryň alyjylarynyň uly nobatlaryny görse bolýar. Emma şäheriň beýleki ýerlerinde ol dükanlar indi ýok.

Paýtagtylar şäherde kiosk-kommersiýa dükanlarynyň köpüsiniň ýapylmagynyň hem yssy howada suw gözlegini uzaga çekdirýändigini aýdýarlar. Mysal üçin, “dworýanskoýe gnezdo” diýip atlandyrylýan raýonda iň bärkisi kiosk görnüşli bolmadyk kommersiýa dükany hem ýok.

Bulgurly suwy almak üçin nobata duran adamlar.
Bulgurly suwy almak üçin nobata duran adamlar.

“Paýtagtyň köp ýerlerinde suw satyn alyp bolmaýar. Kommersiýa dükanlary ýok. Şolar bolsa-da, olar bukurak ýerlerde ýerleşensoňlar, tapmak kyn bolýar” diýip, paýtagtly Mekan gürrüň berýär.

Häzirki yssy howada paýtagtda ýanlary bilen içjek suwuny göterip gezýýän adamlary hem görmek bolýar. “Elmydama ýanyň bilen plastik çüýşedäki suwy götermeli bolýar. Olam gyzyp gidýär. Kommersiýa dükanlarynda-da sowuk suw tapmak kyn bolýar” diýip, paýtagtly Mekan bu barada gürrüň berýär.

Şol bir wagtda hem resmi mediada yssy howadan ägä bolmalydygy, yssyda adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygy barada düşündiriş berlip, adamlaryň yssy günleri ýanlarynda suw bolmalydygy nygtalýar. Emma soňky birnäçe ýylyň dowamynda häkimiýetleriň paýtagty kiosk-kommersiýa dükanlaryndan we suw satýan “gazirowkalardan” arassalamak işlerinden soň, häzirki wagtda şäheriň köçelerinde suw satýan söwda nokatlary geçen ýylkylar bilen deňäniňde göz-görtele azaldy.

XS
SM
MD
LG