Şu günler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň şaýatlanma bölüminde adatdakydan köp adamly nobatlaryň bolýandygyny bu edaranyň işgärleri aýdýarlar.
Bu edaranyň işgärleriniň biri “Günde 20-30 adam nobata durýar. Mundan ozal beýle ýagdaý ýokdy” diýip, bu täze dörän ýagdaýdan gürrüň açýar.
Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň şaýatlanma bölüminiň “müşderileriniň” köpelmegi täze girizilen düzgün bilen bagly. Indi dürli şikes alan adamlar keselhana ýüz tutanlarynda lukmanlar bu barada “wakanyň bolup geçen ýeriniň” polisiýa bölümine hökman habar bermeli.
Polisiýa işgärleri bolsa bu boýunça derňew işlerini geçirmeli. Polisiýa işgärleri şikes alnan ýere baryp wakanyň bolan ýerini görüp gaýdýarlar. Adamyň şikes alan wagty oňa şaýat bolanlardan düşündiriş alynýar. Ahyrynda bolsa şikes alan adam ýokarda agzalan Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň şaýatlanma bölüminde medisina ekspertizasyndan geçmeli. Şol ekspertiza esasynda şikes alynmanyň takyk sebäpleri anyklanýar.
Polisiýanyň düşündirişi
Polisiýa işgärleriniň käbirleri bu düzgüni güman edilýän jenaýatyň üstüni açmak üçin edilýän zerur iş hökmünde düşündirýärler.
Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň şaýatlanma bölüminiň sowet döwründen galan hütdük jaýynda nobata duran onlarça adamlaryň arasynda öýde, işde ýa-da başga ýerlerde atanlykda şikes alan adamlar köp. Olaryň arasynda öýde ýykylyp aýagyna, eline ýiti zatlary çümdürenler hem bar.
Özüni Bahar diýip tanadan ildeşimiz öý işi bilen meşgul bolup ýören mahaly aýna gyýçagyna basypdyr. Keselhana baran Bahary polisiýa işgärleri sorag edip, aýna gyýçagy çümen mahaly muňa şaýat bolan maşgala agzalaryndan düşündiriş alypdyrlar. Onuň aýagyna çümen aýna gyýçagy bolsa açylan işde “delil” hökmünde ulanylypdyr.
Beýleki bir zenanyň bolsa aýagy gaňrylypdyr. Ol polisiýa işgärlerine özüni hiç kimiň urmandygyny hem-de bu betbagtçylygyň atanlykda bolandygyny subut etmeli bolupdyr. Hatda öý işini edip ýörkä bilini gypjyndyran ýaş gelin hem Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň şaýatlanma bölüminiň jaýynda nobatyna garaşyp durdy.
Derňew işleri
Bu ýerdäki adamlaryň ählisi hem täze düzgün sebäpli polisiýanyň derňew işlerine gatnaşyp, birnäçe günlerini harçlamaly bolýarlar. Baharyň aýtmagyna görä, ol eýýäm dört gün bäri aýagyna aýna gyýçagynyň atanlykda çümendigini “subut” edýär.
Ilkibaşda ol polisiýa bölümine baryp düşündiriş beripdir. Soň polisiýa işgärleri onuň öýüne baryp, wakanyň bolan ýerini barlapdyrlar. Soň ertesi maşgala agzalaryndan düşündiriş alypdyrlar. Ahyrynda bolsa Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň şaýatlanma bölüminden medisina ekspertizasyndan geçmäge gelipdir.
“Men Büzmeýinden şu ýere ikinji gezek gelýärin. Öň gelenimde nobatym ýetmän gaýtdym” diýip, Bahar gürrüň edýär.
Baharyň aýdyşy ýaly, Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň şaýatlanma bölümindäki nobat haýal gidýär. Bir adamy käwagt ýarym sagat, käwagt bolsa bir sagatlap barlap bilýärler. Şol sebäpden bu edara iki-üç gezek gatnap ýörenler hem bar.
Mundan başga-da, sowet döwründe gurlan bu edaranyň jaýynyň “müşderileriniň” garaşýan koridorynda ne kondisioner bar, ne-de ýeterlik sandaky oturgyçlar. Gepiň gysgasy, betbagtçylyga uçrap şikes alan adamlar azyndan 2-3 gününi polisiýanyň derňew işlerine gatnaşyp, öz gymmatly wagtlaryny bu işe sarp etmeli bolýarlar.
Şol bir wagtda hem täze düzgüniň girizilmegi barada resmi mediada habar berilmeýär. Resmileriň bu barada düşündirişlerini hem alyp bolmaýar.