Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Jaýlary “mermerlemek” ýatyp galdy


Şu ýylyň başynda ýokary derejede badalga berlen “Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlaryny abadanlaşdyrmak” işleriniň depgini häzirki wagtda görnetin peselene meňzeýär. Hatda ozal abatlaýyş işleri başlanan ençeme jaýlarda hem bu işler togtadylypdyr, ol jaýlaryň daşynda işläp ýören işçiler göze ilmeýär.

Bu meselede, esasanam, geçen ýyl paýtagtyň Türkmenbaşy prospektiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynyň aglabasynyň diwarlaryny mermer pisint gurluşyk materialy bilen örtmek işiniň ýatyp galandygyny aýtsa bolar.

Bu köçäniň diňe 10 ýyl abadançylyk prospekti bilen kesişýän ýerindäki 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň diwarlaryny alkoban bilen örtmek doly tamamlanan bolsa-da, beýleki jaýlardaky alnyp barylýan gurluşyk işleri durzulypdyr.

Muňa Parahat-2 mikroraýonyndaky 21-nji jaý, Ýaşlar köçesi bilenTürkmenbaşy prospektiniň kesişýän ýerindäki ýaşaýyş jaý we Türkmenbaşy bilen Aýtakow prospektiniň kesişýän ýerindäki köpgatly ýaşaýyş jaýlar hem degerli mysal bolup biler.

Hususy kärhanalar

Alkoban diýip atlandyrylýan şol gurluşyk materialyny jaýlaryň diwarlaryna ýelmemek işini ýerli hususy gurluşyk kärhanalary alyp barýarlar. Emma häzir şol kärhanalaryň işgärleri gurluşyk, bejergi işleriniň barýan ýerlerinde görnenoklar.

Olaryň iş ýerlerinde bu wagt diňe gurluşyk haýatlaryny, jaýlaryň diwarlaryna ýanaşyk gurlan basgançaklary görmek bolýar.

Birnäçe aýdan bäri agzalýan gurluşyk desgalary bu jaýlarda ýaşaýan adamlaryň gündelik durmuşynda päsgelçilik döredýär. Jaýlaryň girelgeleri daraldy. Diwarlara direlip gurlan basgançaklar we uzyn gurluşyk matalary ýaşaýjylaryň penjirelerini ýapýar.

“Mermerleşdirmek”

Şol bir wagtda hem jaýlaryň diwarlaryny “alkobanlaşdyrmak” ýa-da “mermerleşdirmek” işiniň togtadylmagynyň sebäpleri barada anyk bir maglumat ýok. Ýerli ýaşaýjylaryň käbirleri bu işi alyp barýan gurluşyk kärhanalarynyň bankrot bolandygyny aýtsalar, käbirleri bu kärhanalaryň eden işi üçine häkimiýetleriň pul tölemeýändigini aýdýarlar.

Ýeri gelnde belläp geçsek, paýtagtdaky alnyp barylýan abadanlaşdyrmak işleri, esasan, ýaşaýyş jaýlarynyň daş keşbini abadanlaşdyrmak bilen çäklenýär. Bu jaýlaryň umumy girelgeleriniň içine, suwgeçiriji turbalaryna we ýyladyş ulgamlaryna seredilmeýär.

Resmi maglumatlara görä, Aşgabat şäheriniň etraplarynda 2015-2016-njy ýyllar üçin iş planyna görä, Aşgabat şäheri boýunça Jemagat hojalygy ministrliginiň hasabynda duran ýaşaýyş jaýlarynyň 3639-synyň, şu ýylyň dowamynda bolsa 2073-siniň durkuny täzelemek we abatlamak göz öňünde tutulýar.

Bu alnyp barylýan işler 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ”Aziýa oýunlaryna” görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG