Aşgabadyň Bitaraplyk we 10 ýyl abadançylyk prospektleriniň Türkmenbaşy prospekti bilen kesişýän ýerinden günbatara uzap gidýän böleginiň düýpli oňarylanyna eýýäm birnäçe ýyl geçdi. Prospektleriň özi bilen bir wagtda olaryň gyrasyndaky ýanýollardyr awtobus duralgalary hem abadanlaşdyryldy.
Şeýle-de bu köçeleriň ugrundaky awtobus duralgalarynyň ýanynda häzirki döwürde ýat bolup giden taksofonlar hem goýuldy. Bu taksofonlar awtobus duralgalarynyň bezegine meňzeş dizaýnda ýasalypdyr. Bitaraplyk prospektinde taksofonlaryň reňki ak bolsa, 10 ýyl abadançylyk prospektindäki taksofonlarda ýaşyl reňk agdyklyk edýär.
Daşyndan owadan bolup görünýän bu taksofonlaryň häzirki ýagdaýyndan çen tutup aýdylsa, onda olar diňe dekoratiw maksatlar, ýagny bezeg üçin goýlana meňzeýär. Çünki bu taksofonlaryň hiç biri işlemeýär. Ýogsa, ýerli ýaşaýjylaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, ilkibaşda olar işleýän eken.
Taksofondan peýdalanmak
“Ýöne hiç kim bu taksofonlardan nädip peýdalanmalydygyny hem bilenokdy. Näçe şaýy atmalydygyny hem-de şol şaýa näçe wagt gepleşip bolýandygyny hem bilýän ýokdy” diýip, Bitaraplyk prospektiniň ýaşaýjysy Gurban aga gürrüň berýär.
Aşgabat şäher telefon ulgamy döwlet edarasyna degişli bu taksofonlarda olardan nähili peýdalanmalydygy hakda ýörite instruksiýa bar. Emma onda, Gurban aganyň aýdyşy ýaly, gürleşmek üçin bu taksofona näçe pul oklamalydygy barada hiç hili maglumat ýok.
Mundan başga-da bu taksofonlarda daşary ýurtlardaky ýaly telefon kitapçalary hem ýok. Hatda “Tiz kömek”, ýangyn söndürijiler ýaly gulluklaryň telefon nomerleri hem görkezilmändir.
Ýeri gelende belläp geçsek, Aşgabat şäher telefon ulgamy edarasynyň müşderilere hyzmat ediş nokatlarynda hem jaň etmek üçin bu taksofonlara näçe pul atmalydygyny aýdyp bilmediler. Olar bu taksofonlaryň işläp-işlemeýändiginden hem habarlarynyň ýokdugyny aýtdylar.
Ýokarda agzalan iki köçäniň ugrunda goýlan taksofonlaryň işlemeýänliginiň üstesine-de, olaryň içi-de, daşy-da gözgyny ýagdaýda. Olaryň hemmesini-de tozan basypdyr.
Taksofonlaryň aýnalary hem seýrek ýuwulýana meňzeýär. Taksofonlaryň içki bezegleriniň gopup başlanlary hem az däl. Köp wagtlap ulanylmadyk taksofonlaryň käbirini jemgyýetçilik düzgüni bozujylar eýýäm hajathana öwrüp ýetişipdirler. Olardan ýakymsyz ys gelýär. Taksofonlaryň polundaky peşew yzlary bolsa olaryň ters hajatlar üçin ulanylýandygyndan habar berýär.
Öňde bellenilişi ýaly, bu taksofonlar paýtagtyň Bitaraplyk we 10 ýyl abadançylyk prospektlerini abadanlaşdyrmak işleriniň barşynda goýlup çykyldy. Taksofonlar şol köçeleriň her bir awtobus duralgasynyň golaýynda diýen ýaly oturdyldy.
Bu könemöwrit proýekt boýunça agzalýan iki prospektiň gyralarynda köpçülikleýin oturdylyp çykylan onlarça taksofonlar üçin häkimiýetleriň döwlet bvujetinden näçe çykdajy edendikleri barada hiç hili maglumat tapmak başartmady.