Şu günler paýtagtyň Atamyrat Nyýazow prospektiniň Azady köçesi bilen kesişýän ýerinden tä Köpetdag stadionyna çenli ýerleşen ýaşaýyş jaýlarynyň käbirleri sökülip başlandy. Esasanam, Atamyrat Nyýazow prospektiniň gündogar tarapyndaky jaýlar sökülýär.
Häzirlikçe bu ýerdäki bir gatly howluly jaýlary eýeleri ýa-da gurluşyk materiallaryny alyp-satarlar sökýärler. Häkimiýetler bu ýerdäki ýaşaýyş jaýlaryny tebigy gaz liniýasyndan kesipdirler. Häzirki pursatda bu ýerdäki üç gatly köp kwartiraly jaýyň ýaşaýjylarynyň öz goşlaryny ýygnap, göçýändigini görmek bolýar.
Aýdylyşyna görä, Atamyrat Nyýazow prospektiniň ugrundaky gürrüňi edilýän jaýlaryň ýumrulmagy bu prospektiň giňeldilmegi hem-de abadanlaşdyrylmagy bilen bagly.
Häzir bu prospektiň öňki Gagarin köçesi bolup gidýän bölegindäki köçäniň ugrundaky bir gatly howluly ýaşaýyş jaýlarynyň hem käbirleri geçen ýyl ýumrulypdy. Şu ýyl hem köçäniň şol böleginde ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda döwlete degişli dükanlaryň käbirleri hem ýumrulypdy.
Mundan başga-da Atamyrat Nyýazow prospektiniň Görogly propsekti bilen kesişýän çatrygyndan tä Bitaraplyk propsektine çenli bölegindäki ýaşaýyş we beýleki jaýlary ýumrulyp, daşy mermer bilen örtülen birnäçe ýaşaýyş we administratiw maksatly binalar guruldy.
Geçen ýyl şol binalaryň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Atamyrat Nyýazow prospektiniň Görogly propsekti bilen kesişýän ýerinden tä Azady köçesine çenli bölegindäki bir gatly howluly we köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsi ýumruldy.
Indi bolsa gezek bu prospektiň Azady köçesi bilen kesişýän ýerinden tä Köpetdag sadionyna çenli bölegindäki ýaşaýyş jaýlaryna ýetdi. Şol bir wagtda hem, bu ýeriniň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, häkimiýetler göçürilýänlere Parahat-7 mikroraýonyndan jaý bermegi wada beripdirler.
Emma şol jaýyň haçan beriljekdigi näbelli. “Haçan jaý beriljegi näbelli. Oňa çenli bolsa garyndaşlarymyň birinden [öýünde] wagtlaýynça ýaşamagy haýyş etdim” diýip, bu ýerden göçüp barýan we özüni Rahman diýip tanadan bir ýaşaýjy aýdýar.
Ýatlap geçsek, geçen ýylyň iýul aýynda häzirki gürrüňi edilýän raýondan uzakda bolmadyk Şaumýan we Borodinskiý köçeleriniň kesişýän ýerindäki üç gatly köpkwartiraly ýaşaýyş jaýy ýumrulanda hem onuň ýaşaýjylary dört aýdan soň täze jaý alypdylar. Häzirki ýumrulýan raýonyň ýaşaýjylary hem şu ýagdaýdan howatyrlanýarlar.
“Bizem şeýdip jaý bermän saklasalar kyn boljak. Garyndaşlarymdan-da aňry gitse iki aý ýaşamaga rugsat soradym” diýip, Rahman gürrüň berýär.
Resmi mediada Atamyrat Nyýazow prospektindäki häzirki ýumrulýan jaýlar barada hiç hili maglumat berilmeýär. Şol sebäpden hem häkimiýetleriň bu jaýlaryň ýumrulmagy baradaky resmi düşündirişleri elýeter däl. Emma käbir maglumatlara görä, Atamyrat Nyýazow prospektiniň giňeldilmegi we onuň abadanlaşdyrylmagy 2017-nji ýylda geçiriljek Aziada oýunlaryna taýýarlyk işleri bilen bagly.
Mälim bolşy ýaly Aziada-2017 oýunlaryna taýýarlyk işleriniň çäginde paýtagtyň beýleki raýonlarynda hem köçeleri giňeltmek, abadanlaşdyrmak ýaly işler alnyp barylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň daşky diwarlary mermere çalymdaş alkoban gurluşyk materialy bilen örtülýär.
Paýtagtdaky iň uly stadion öňki Türkmenbaşy adyndaky olimpiýa stadiony ýumrulyp, onuň ýerine ondan hem uly stadion gurulýar. Aşgabadyň Türkmenbaşy adyndaky halkara aeroportunyň binasy hem ýumrulyp onuň deregine has uly we gymmat aeroport gurulýar.
Mundan başga-da Aziada oýunlarna taýýarlygyň çäginde ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary we üçekleri çanak antennalaryndan “arassalanylýar”. Hatda jaýlardan split sistemalary hem aýryldy.