Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Yssydan goramaýan duralgalar


Ýolagçylaryň duralganyň kölegesinde awtobusa garaşýarlar. Aşgabat. 13-nji iýul, 2015 ý.
Ýolagçylaryň duralganyň kölegesinde awtobusa garaşýarlar. Aşgabat. 13-nji iýul, 2015 ý.

Paýtagtda yssy howa dowam edýär. Gyzgynlyk 40 gradusdan hem aşýan bu günlerde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin pyýadalar islendik kölegeli ýerlerden peýdalanmaly bolýarlar. Bu ýagdaý açyk howada ep-esli wagt awtobusa garaşyp durmaly bolýan ýolagçylara hem degişli.

Paýtagtyň käbir awtobus duralgalarynyň duralga diýerlik görki ýok ýok. Mysal üçin, ýurduň Baş drama teatrynyň edil alkymyndaky awtobus duralgasynda adaty duralga bassyrmasy ýok. Bu ýerde ala hiç zat goýulmandyr. Şonuň üçin adamlar duralganyň golaýyndaky baglaryň aşagynda günüň ýiti şöhlesinden goranmaly bolýarlar.

A.Nyýazow prospektiniň Görogly prospekti bilen kesişýän ýeriniň golaýyndaky awtobus duralgasynda hem duralga ýok. Bu ýerde hem adamlar baglaryň kölegesinde bukulyp durmaly bolýarlar.

Paýtagtyň gurany gurşalan diýip bolaýjak awtobus duralgalarynyň hem köpüsiniň aşagynda awtobusa garaşyp duran adamlara seýrek gözüň düşýär. Adatça, ýolagçylar bu duralgalaryň aşagynda däl-de, eýse olaryň daş ýüzünde, kölege berýän tarapyna geçip, awtobusa garaşýarlar.

Aýtakow köçesiniň ugrundaky duralganyň berýän kölegesinde awtobusa garaşyp duran bir zenan munuň sebäbini şeýle düşündirýär: “Bu duralgalaryň bassyrmasy kiçi bolansoň, gün şöhlesinden onuň aşagynda bukulyp bolmaýar. Käbir duralgalarda bolsa dört tarapy hem açyk, olaryň aşagynda asla-da kölege bolmaýar”.

Split-sistemalar bu täze duralgalaryň hemmesinde işlemeýär.
Split-sistemalar bu täze duralgalaryň hemmesinde işlemeýär.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, Aşgäbadyň käbir merkezi we “protokol” köçelerinde goýlan “täze” awtobus duralgalarynda – telewizor, diri güller bilen birlikde – gyşyna ýyladýan tomsuna bolsa sowadýan split-sistemalar goýlupdyr. Emma bellemeli ýeri, split-sistemalar bu täze duralgalaryň hemmesinde işlemeýär.

Mysal üçin, 10 ýyl abadançylyk prospekti boýunça ýerleşdirilen täze duralgalaryň hiç birinde split-sistema işledilmeýär. Türkmenbaşy prospektindäki üç sany täze duralga-da hem split-sistema işlemeýär. Bitaraplyk, Çandybil we Köpetdag prospektlerindäki duralgalarda hem split-sitemalar işlemeýär.

Awtobusa garaşýan ýolagçylar.
Awtobusa garaşýan ýolagçylar.

Işledilýän split-sistemalaryň işleýşiniň hem belli bir derjede ýabygorludygyny aýtsa boljak. Paýtagtyň Arçabil prospektindäki duralgalarda split-sistemanyň işleýändigini görkezýän indikatoryň çyrajygy ýanýan hem bolsa, duralganyň içi o diýen salkyn däl. Bu split-sistemalaryň ýanyna baryp, oňa eliňi uzadanyňda, ondan sowuk howanyň deregine, howruň çykýandygyny duýýarsyň.

Paýtagtyň kommunal hojalygynyň bu duralgalara gözegçilik edýän käbir işgärleriniň aýtmaklaryna görä, “täze” duralgalaryň käbirlerinde split-sistemalary döwlen bolsa, käbirlerinde olar işledilmeýär. Olaryň näme üçin işledilmeýändiginiň sebäplerini bolsa kommunal hojalygynyň işgärleri düşündirip bilenoklar.

“Başlyklar işletmäň diýdiler. Bizem işledemzok. Telewizorlaryňam, awtomatik gapylaryňam köpüsi işledilenok” diýip, kommunal hojalygynyň işgäri aýdýar.

"Arçabil" prospektindäki duralgada döwülen oturgyç
"Arçabil" prospektindäki duralgada döwülen oturgyç

Mundan üç ýyl töweregi ozal açylan “täze” duralgalary paýtagtyň kommunal hojalygynyň işgärleriniň her gün ýörite ýuwup, olara aýratyn seredýändiklerine garamazdan olardaky oturgyçlar hem döwlüp başlapdyr.

Häzirki wagt bu hili duralgalar Türkmenbaşy, Arçabil, Çandybil, Köpetdag, Bitaraplyk, 10 ýyl abadançylyk we A.Nyýzow prospekterinde goýuldy. Dürli köçelerdäki duralgalar beýleki köçelerdäkiden öz formasy, bezegi, reňki boýunça tapawutlanýar.

XS
SM
MD
LG