Paýtagtda çanak antennalary aýyrmak işi dowam edýär. Ilkibaşda Aşgabadyň käbir raýonlarynda çanak antennalary ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlaryndan aýrylyp, olaryň üçeklerine geçirilen bolsa, indi üçeklerdäki antennalar hem ýok edilip başlandy.
Aşgabadyň Parahat-1 we Parahat-2 mikroraýonlaryndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsiniň diwarlaryndanam, üçeklerindenem çanak antennalary aýryldy. Häzir şol jaýlaryň üçekleri garalyp ýatyr. Paýtagtyň beýleki raýonlarynda hem çanak antennalary aýyrylýar.
Bu antennalary öýuprawleniýäniň işgärleri aýyrýarlar. Olar her gün bir jaýyň üçegine münüp, şol ýerdäki antennalary söküp aýyrýarlar. Olar ilki ýaşaýjylara olaryň antennalarynyň üçekden aýryljakdygyny duýdurýarlar.
Antennalar ýygnanmaýar
Ýaşaýjylaryň köpüsi aýrylan çanak antennalaryny ýygnamaýarlar. Çanak antennalaryny zir-zibile zyňýanlar hem bar. Eýesiz galan çanak antennalarynyň nirä äkidilýändigini anyklamak başartmady. Ýöne aýrylyp zyňlan eýesiz galan çanak antennalarynyň soňra ýygnalyp, ujypsyz bahadan satylýandygy hem aýdylýar.
Şol bir wagtda hem çanak antennalary aýrylan raýonaryň köpüsinde ýaşaýjylar telewideniýesiz galdylar. Häkimiýetleriň wada beren kabel telewideniýesi entek elýeter däl. Aşgabat telefon ulgamy edarasynyň kabel telewideniýesi diýip atlandyrylýan IPTW telewideniýesiniň kabelleri çekilen-de bolsa, olar boýunça entäk hiç zat görüp bolmaýar.
Bu kabelleri çekýän Aşagabat telefon ulgamy edarasynyň işgärleri bu kabeller arkaly takmynan bir aýdan soň telewizion programmalara tomaşa edip bolar diýýärler. Olar bu kabel telewideniýäniň anyk haçan işläp başlajakdygyny özleriniň hem bilmeýändigini aýdýarlar.
Tehniki mümkinçilik ýok
Aşgabat telefon ulgamy edarasynyň bu kabel telewideniýesine adaty telefon liniýasy arkaly hem tomaşa edip bolýar. Emma bu edaranyň müşderilere hyzmat edýän ofisleriniň işgärleri häzirlikçe agzalýan edaranyň täze müşderileri öz bu hyzmatyna birikdirmäge tehniki mümkinçiliginiň ýokduygyny aýdýarlar.
Täze müşderiler bu hyzmata birikdirilenden soň adaty telefon liniýalardan hödürlenýän IPTW-niň hili öňküsindenem peseldi. Onuň telewizion signalynyň kesilip durmagy adaty bir ýagdaýa öwrülip barýar. Kähalatda ýarym sagatlap hem signal kesilip bilýär.
Çanak antennalary aýrylan käbir jaýlarda “Türkmentelekomyň” “kabel telewideniýesi” hem bar. Emma bu hili mümkinçilgi bolmadyk ýaşaýjylar diňe adaty antennalar arkaly Türkmenistanyň telewideniýesine tomaşa etmeli bolýarlar.
“Ýakyn wagt...”
Öňem türkmen telewideniýesine tomaşa etmek islemän, çanak antennalaryny edinen ýaşaýjylar öz antennalarynyň aýrylmagyndan nägile. AşTU-nyň IPTW hyzmatyndan peýdalanýanlar hem bu telewideniýäniň pleýlistinden nägile.
IPTW arkaly, esasan, Orsýetiň we Türkiýäniň telekanallary görkezilýär. AşTU-nyň işgärleri ýakyn wagda IPTW telewideniýesiniň pleýlistine NTW+ tölegli paketiniň goşuljakdygyny aýdýarlar. Olar bu wadalaryny eýýäm geçen ýyldan bäri gaýtalap gelýärer. Emma şol “ýakyn wagt” entek golaýlaşmaýana meňzeýär.
Häzir çanak antennalary, esasan, paýtagtyň köpgatly ýaşaýyş jaýlaryndan aýrylýar. Howluly hususy ýaşaýyş jaýlardaky çanak antennalara degilmeýär. Häkimiýetler çanak antennalaryň aýrylmagyny şäheri gözelleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşdyrýarlar.