Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýene suw kesildi


Aşgabat
Aşgabat

Paýtagtlylaryň suw bilen üpjünçiligindäki kösençleri dowam edýär. Düýn, 27-nji iýulda, şäheriň 11-nji mikroraýonynda hem-de ”Hitrowka”, ”Posýolka”, ”Sowhoz” diýlip atlandyrylýan raýonlarynda bütin gün suw bolmady. Ertir irden sagat 10-da kesilen suw 11-nji mikroraýonda agşam sagat 18.00-da berlip başlandy.

Häkimiýetlerden suwuň kesilmeginiň sebäbini anyklamak hem başartmady. Ilatyň suw bilen üpjünçiligine jogap berýän “Wodokanal” diýlip atlandyrylýan edaranyň telefonynyň trubkasyny ýa-ha galdyrýan ýokdy, ýogsa-da bu telefonyň edil şol wagt boş däldigini bildirýän zummer signalynyň sesi gelýärdi.

Alternatiwa hödürlenmedi

Şol bir wagtda hem ýerli häkimiýet wekilleri suwsuz galan bu raýonyň ýaşaýjylaryna haýsydyr bir alternatiwa hödürlemedi. Bu raýonlaryň köçelerinde suw daşaýan ýörite awtoulaglar görünmeýärdi. Bu ýagdaýyň mikroýonlarda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan ilata nähili erbet täsir edenligini görmek kyn däldi.

Aşgabadyň 11-nji mikroraýonyndan, özüni Altyn diýip tanadan ildeşimiz bu barada şeýle gürrüň berýär: “Kwartirada bir damja suwam ýokdy. Kommersiýa dükanyndan suw satyn almaly boldy. Olam hiç zada ýetenokdy”.

11-nji mikroraýonyň beýleki bir ýaşaýjysy Aman, bütin gün suwsuz galyp, öz gören görgüleri dogruda şeýle diýýär: “Her gaby 5 manat 50 teňňe bolan bu suwy birnäçe gezek zakaz etmek her kime başartmaýar. Ýöne başga çykalga ýokdy”.

Paýtagtyň ”Hitrowka” we ”Posýolka” raýonlarynda-da ýagdaý hem 11-nji mikroraýondakydan o diýen tapawutly däldi.

Hajathanalar-da suwsuz galdy

11-nji mikroraýonyň ýaşaýjysy Altyn, suwsuzlyk sebäpli ýaşaýjylaryň ýuwnup-ardynyp bilmändigini, gap-gaçlaryň ýuwulman galandygyny, suw bolmansoň, köpgatly ýaşaýyş jaýlardaky öýleriň hajathanalaryndan otaglaryň içine uzynly gün yakymsyz ysyň urup durandygyny aýdýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, paýtagtda şu tomus düýnki ýaly giň gerimli suw kesilmesi eýýäm birnäçe gezek boldy. Geçen aý şäheriň ýokarda agzalan raýonlarynda we Parahat mikroraýonynda hem bütin gün suw bolmadyk wagtlary bar.

Aşgabadyň parahat 1, 2 ,3 mikroraýonlarynda ýerleşýän köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýokarky gatynyň ýaşaýjylary bolsa eýýäm iki aýdan gowrak wagt bäri suw ýetmezçiliginden kösenip gelýärler. Suw ýetmezçiligi köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýokarky gatlarynda ýaşaýan adamlaryň hemişelik görgüsine öwrüldi diýsek-de, bu ýalňyş bolmaz.

Suwsuzlyk gaýtalanyp durýar

Agzalan mikroraýonlaryň ýaşaýjylarynyň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, esasanam 4-nji gatdan ýokardaky kwartiralaryň ýaşaýjylary şeýle kynçylyklary ýygy-ýygydan başdan geçirýärler. Köp halatlarda suw akmaýar, aksa-da, gaty pes akýar diýip, olar gürrüň berýärler.

Suw gytçylygyna Aşgabadyň suw fontanlarynyň köpüsüniň gurap ýatyşyndan hem göz ýetirse bolýar. Şeýle-de ýokarda agzalan etraplarda eli suw gaply, suw daşap ýören ýaşaýjylar hem her köçede diýen ýaly göze ilýär.

Tomus paslynda häli-şindi suwuň kesilmegi ýa-da onuň ýetmezçiligi indi adaty bir ýagdaýa öwrülip barýar. Wagtal-wagtal hökümet ýygnaklarynda bu meseläniň gozgalýandygyna garamazdan, bu ýagdaý ýylyň-ýylyna gaýtalanýar.

XS
SM
MD
LG