Şu hepdäniň başyndan ýurtda mekdep okuwçylaryna niýetlenen sagaldyş merkezlerinde dynç alyş möwsümi başlandy. Paýtagtyň golaýyndaky Gökderede hem şeýle sagaldyş merkezleriniň ençemesi bar.
Türkmenistanda 31-nji maýda bellenilýän temmäkä garşy Bütindünýä göreş gününiň öňüsyrasynda bu endigiň zyýany barada birnäçe ýygnaklardyr maslahatlar geçirilýär.
Aşgabadyň merkezine golaý ýerde prezidentiň hormatyna “Arkadag" diýlip atlandyrylýan seýilgähiň gurluşygy tamamlanyp barýar, Ol Hytaý Halk Respublikasynyň konsullygynyň öňki binasynyň ýerinde gurulýar.
Aşgabatda “dabaraly ýagdaýda” prezident G.Berdimuhamedowyň ilkinji monumenti açyldy. Prezidentiň at üstünde oturan we altyn çaýylan heýkeliniň beýikligi alty, tutuş monumentiň beýikligi 21 metre barabardyr.
Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji monumentini “dabaraly ýagdaýda” açmak üçin soňky taýýarlyk işleri görülýär. Düýn bu işleriň tamamlaýjy tapgyrlary geçirildi.
Geçen ýylky arakesmeden soň ýurduň orta mekdeplerinde indiki hepdäniň başynda, 25-nji maýda, ýene-de soňky jaň dabaralary geçiriler. Häzir paýtagtyň orta mekdeplerinde bu dabara taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Ýaz paslynda paýtagtyň Baş bilim müdirliginiň ýollama berýän işçi toparynyň işi has köpelýär. Bu ýerde öz çagalaryny çagalar bagyna bermek isleýänleriň nobatlary döreýär.
Paýtagt Aşgabadyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda nobatlar emele gelip başlady. Bu walýuta alyş-çalyş nokatlarynyň hersinde diýen ýaly azyndan 15-20 adam nobata dur.
Düýn 14-nji maýda irden Aşgabadyň birnäçe raýonlarynda suw kesildi. Paýtagtyň 2, 5, 6, 11-nji mikroraýonlarynda, Hitrowka we ”Posýolka” diýlip atlandyrylýan raýonlarynda bütin gün diýen ýaly agyz suwy bolmady.
Soňky ýyllaryň dowamynda paýtagt Aşgabatda haýsy-da bolsa bir binanyň suduryny görkezmek ýa-da ol binanyň daş-töweregini “arassalamak” üçin baglar kesilip başlandy.
Aşgabatda çanak antennalaryny aýyrmak işi dowam edýär. Häzir öýuprawleniýeleriniň işgärleri öýme-öý aýlanyp ýaşaýjylaryň çanak antennalarynyň sanyny anyklap, hasaba alýarlar.
Ýeňiş baýramy golaýlaşdygyça, paýtagtda georgiý lentalaryna duş gelse bolýar. Özi-de öten ýyllar bu lentany aglaba etniki ruslar dakynan bolsalar, häzir türkmenleriň döşlerinde hem bu lentalary görmek bolýar.
Türkmenistanda, resmi derejede yglan edilmese-de, okuwçylaryň mekdebe öz mobil telefonlaryny getirmegi gadagan edilýär. Bu barada okuwçylara we olaryň ene-atalaryna dilden duýdurylýar.
Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde alan ýokary we orta hünär bilimi dogrudaky dokumentleri ykrar etmek boýunça düzgünnamanyň täze nusgasy ilatyn dykgatyna ýetirildi.
Aşgabatdaky dowam edýän abadanlaşdyrmak işleriniň çäginde köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň käbirleriniň böwründäki geçelgelerde, ýagny arkalarda gurlan dükanlar ýok edilip başlandy.
Ýurtda Türkmen bedewiniň baýramy tamamlanýar. Her ýylyň aprel aýynyň ahyrky ýekşenbe güni bellenilmeli bu baýramçylyk eýýäm aprel aýynyň ilkinji günlerinden bellenilip başlanýar.
Türkmenistanda “Türkmenhowaýollary” içerki awiareýsleriň bahalaryny ýokary galdyrdy. Paýtagtyň awiakassasynda berlen maglumatlara görä, içerki awiareýsleriň bahalary 14-nji aprelden gymmatladyldy.
Türkmenistanda temmäki we spirtli içgilere täze çäklendirmeler girizildi. Ýurda getirilýän temmäki önüminiň hem-de alkogolly içgileriň goşmaça töleg tölemekden boşadylýan möçberi azaldyldy.
Ýörite söýgetlere çyrmaşdyrylan üzüm düýpleriniň seteräm uzalyp gidýän hatarlaryny Gökdepe, Gökje, Bagyr, Owadandepe ýaly obalaryň üzümçilik hojalyklarynda synlasa bolýar.
Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryny abdanlaşdyrmak işleri üznüksiz dowam edýär. Şol bir wagtda, daş keşbi öňden hem o diýen erbet bolmadyk ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlary-da täzeden reňklenýär.
Ýene-de ýükle