Eýran - Saudi diplomatik dawasynda iki tarapynyň karikaturaçylary garşy tarapyň goşa standartlary baş goşandygyny özüçe suratlandyrýarlar.
Türkiýe rus uçaryny urup ýykanyndan soň, Moskwa bilen Ankaranyň arasynda dörän dartgynlyklaryň çäginde, Orsýet Türkiýäni YD toparynyň bikanun nebit söwdasy bilen ilteşiklikde aýyplady.
Terrorçylaryň düşelgesinde harby türgenleşikden geçýän intäk on ýaşyna ýetmedik bir çaganyň 34 sekuntlyk wideosyna seredýänleriň depesinden gaýnan suw guýlan ýaly bolýar.
Birleşen Ştatlar “Yslam döwleti” atly topara adamlary hakyna tutmaga gatnaşmakda aýyplap, demirgazyk kawkazly iki söweşijä garşy täze maliýe sanksiýalaryny girizdi.
Kremliň resmileri 30-nji sentýabrda Orsýetiň harby uçarlarynyň Siriýada "Yslam döwleti" atly jeňçi topara takyk anyklanan ýerlerde zarba urýandygyny aýtdylar.
Yslam döwleti atly jeňçi toparyň ideologiýasynyň bir esasy elementi "kapyrlara" garşy söweşde "şehit" bolup ölmek düşünjesi.
“Yslam döwletiniň” (YD) Twitter sosial ulgamyndaky orsça sahypasynda aýdylyşyna görä, “YD-ä” degişli “Al-Haýat” atly metbugat organy “Gözbaş” atly žurnal çykaryp başlapdyr.
Hatem atly ýetginjek şol ýerde bir ýarym ýyldan bäri kakasy we daýysy bilen bilelikde söweşip gelýär. Hatemiň bary-ýogy on ýaşyndadygy hemmeleri diýseň geň galdyrýar.
"Yslam döwleti" toparynyň demirgazyk Kawkazly söweşijileri internetiň üsti bilen pul kömegini almak üçin orslaryň "QIWI" atly ýörgünli elektronik pul aýlanşygy ulgamyny ulanýar.
"Yslam döwleti" atly ekstremistik toparyň golaýda täze saýlanan meýletinler üçin çap edilen gollanmasynda YD-niň hataryna söweşiji bolup goşulanlaryndan soň eýermeli kadalary aýan edilipdir.
Gulru Omanowanyň adamsy Loik Siriýada “Yslam döwletiniň” düzüminde söweşip, ýakynda öldürilensoň, 25 ýaşly bu zenan goşlaryny ýygnap, öz çagalary bilen Täjigistana gitmek kararyna gelipdir.
«Yslam döwleti» topary, aýdylmagyna görä, Yragyň Mosul şäherinde her bir erkek adamyň sakgal goýbermegini buýurdy, ýagny ýüzde biten gyllaryň syrylmagynyň şerigat kanuny astynda haramdygyny aýtdy.
Sankt-Peterburgyň howpsuzlyk gullugy moda kollejinde okaýan 18 ýaşyndaky bir student gyzy, rus raýatlaryny ”Yslam döwletiniň” tarapyna çekmek üçin dini propaganda alyp barmakda aýyplap, jenaýat işini gozgady.
«Yslam döwleti» toparyna goşulan we häzir çagalary bilen Rakkada ýaşaýan şwed aýaly günbatarly musulman aýallaryň näme üçin ekstremist topara goşulýandygy barada käbir pikirleri aýtdy.
Düýbi Bişkekde ýerleşýän ylmy-barlag merkeziniň direktory sünni ekstremist toparynyň bu sebiti bulaşdyrmak üçin 70 million amerikan dollary çemesinde serişde goýberýändigini aýdýar.
Merkezi aziýaly söweşijiler YD toparynyň jeňçileriniň hatarynda söweşmek bilen, Merkezi Aziýa uly howpsuzlyk wehimini salýar, emma hökümetler bu meselelere ýeterlik üns bermeýär.
“Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň Yrakdaky söweşijileri Internetde wideo çap edip, Täjigistanda jyhada başlamak üçin ýaragly toparyň baştutanlaryndan rugsat soradylar.
«Yslam döwleti» jeňçi toparynyň iň bir kuwwatly žyhadçy topara öwrülip, hatda «Al-Kaýda» bilen bäsdeş derejesine göterilmegi 2014-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy.
Siriýada çagalaryň garşysyna edilýän zorluklar köpelýär diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwerçilik we adatdan daşary ýagdaýlardaky kömek işleri boýunça ornubasary Waleriý Amos duýdurdy.
Gazagystanyň aňtaw agentligi Yrakda we Siriýada gazak milletinden bolan 300 çemesi adamyň “Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň düzüminde söweşýändigini, olaryň ýarpysynyň hem aýal-gyzlardygyny çak edýär.
Ýene-de ýükle