Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaş Günbatar aýallary Siriýa näme üçin gidýär?


Germaniýa, -- Jennifer Vincenza M. sud diňlenişigine garaşýar, Duesseldorf, 21-nji ýanwar, 2015 ý.
Germaniýa, -- Jennifer Vincenza M. sud diňlenişigine garaşýar, Duesseldorf, 21-nji ýanwar, 2015 ý.

«Yslam döwleti» toparyna goşulan we häzir çagalary bilen Rakkada ýaşaýan şwed aýaly günbatarly musulman aýallaryň näme üçin ekstremist topara goşulýandygy barada käbir pikirleri aýtdy.

Ol twitter arkaly Siriýada «Allanyň kanuny astynda» özüni «goragly duýýandygyny» we «Yslam döwletiniň» dolandyryşy astyndaky durmuşyň «musulman aýallary üçin gowudygyny» aýtdy.

"Olar biziň näme üçin gidýändigimizi soraýarlar. Biz aýallar azar görýäris we käbirimiz günbataryň köçelerinde urulýarys. Bu ýerde, Allanyň kanuny astynda, biz goragly» diýip, Muhajira Umm Hamza atly aýal 17-nji martdaky twitinde ýazdy.

"Men özümi örtýärin. Men gizlemeýärin. Men azat we basyş astynda däl" diýip, Umm Hamza 8-nji martda ýazdy.

Umm Hamza twitter hasabynda özüni «Şwesiýany terk eden we halyfatda (YD-nyň kontrolluk edýän territoriýasynyň jeňçiler tarapyndan berlen ady) ýaşaýan çagaly musulman aýal» hökmünde suratlandyrýar.

Ol YD-nyň Siriýadaky esasy mesgeni bolan Rakkadaky gündelik durmuşynyň, şol sanda köçe pişikleriniň, köçe bazarynda satylýan gök önümleriň we köçe dükanynda satylýan iýgi-içgileriň suratyny twit edýär.

Umm Hamza öz twitter hasabyny ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň jeňçilere garşy urýan howa zarbalary barada maglumat bermek we komment ýazmak üçin hem ulanýar.

Şwed aýaly Günbatar metbugatynda YD dolandyryjy astyndaky durmuşy tankyt edýän makalalar barada hem ýazýar we olary «toslama hekaýalar» diýip atlandyryp, Rakkadaky «durmuşyň gowudygyny» tekrarlaýar.

Umm Hamza ýanwar aýynda üç sany ýaş gyzyň klas otagynda stol başynda oturanyny görkezýän suraty twit etdi. Ol gyzlaryň başynda örtgi bar. Umm Hamza ol suratyň Rakkadaky mekdepde okaýan gyzlary görkezýändigini aýdýar.

"media ýalan sözleýär. Çagalar yd-da gowy ýaşaýar» diýip, Umm Hamza «Yslam döwleti» toparyny nazara alyp aýtdy.

"Özümi ilkinji gezek azat duýdum"

Umm Hamza ýanwar aýyndaky başga bir twitinde «özüni aýal hökmünde ömründe ilkinji gezek azat duýandygyny» ýazdy.

Umm Hamzanyň twitleri Siriýadaky «Yslam döwleti» toparyna goşulýanlaryň motiwleri babatda käbir içerki garaýyşlary aňlamaga mümkinçilik berýär. Bu garaýyşlar, mysal üçin, geçen aý Stambula gidýän uçara münüp, şondan bäri tapylmaýan üç britaniýaly gyz ýaly, beýleki günbatarly ýaş musulman aýallaryň bu tarapa yrylmasynyň sebäplerini yzlamakda käbir möhüm tutaryklary berip biler.

Umm Hamza ýaly, gürrüňi edilýän üçlük -- Şamima Begum, 15, Kadiza Sultana, 16, we Amira Abase, 15 – dagy hem Rakkada ýaşaýandyr öýdülýär.

Terrorçylyk boýunça gözleg-agtaryş geçirýänleriň käbiri YD toparynyň Günbatar gyzlaryny gelinlik toruna düşürmek üçin internetde pedofilleriň – beçebazlaryň ulanýan pirimlerini ulanýandygyny, ýagny gizlin gatnaşyk gurup, ynama girýändigini aýdýar.

Biritaniýanyň “Inspire” guramasyndan, musulman aýallar bilen ekstremizmiň öňüni almak boýunça iş alyp barýan Kalsum Başiriň BBC-ä aýtmagyna görä, YD-nyň adam toplaýjylary ýaş we goragsyz aýallary ele salmak üçin örän üýtgeşik kampaniýa alyp barýarlar.

Emma Umm Hamza Rakkadaky YD-a meýletin goşulandygyny aýdýan hem bolsa, Şwesiýanyň zorlukly ekstremizme garşy milli kordinatory jeňçi toparyň adam toplamagynyň garaňky tarapynyň hem üstüni açdy.

Mejbury meýletinlik

Mona Sahlin Şwesiýanyň SVT telewizion stansiýasyna dekabrda käbir şwed gyzlarynyň Siriýadaky YD toparyna goşulmaga mejbur edilýändigini aýtdy.

YD-a goşulan şwed aýallarynyň käbiri, Umm Hamza ýaly, Siriýa «nämedir bir zada öwrülmek arzuwy» bilen giden hem bolsalar, hakykatda olar düýpden başga reallyk bilen ýüzbe-ýüz boldular» diýip, Sahlin aýtdy.

Şwesiýanyň Sapo howpsuzlyk gullugynyň başlygy Anders Thornberg Şwesiýa Siriýa we Yraga söweşmäge gidýän şwesiýalylaryň sanynyň çalasyn köpelmegine şaýat bolýar diýýär.

YD toparynyň hatarynda söweşmek üçin Siriýa we Owganystan, Ýemen ýaly beýleki ýurtlara 300 çemesi şwesiýaly gitdi diýip, Thornberg hasap çykarýar.

YD toparyna goşulmaga gidýän şwesiýalylaryň käbiri ýaş ýetginjekler. Noýabr aýynda şwed ýokary mekdepleriniň üç studenti, 17 ýaşyndaky iki oglan we 16 ýaşyndaky bir gyz Şwesiýadaky aeroportda saklandy, olar görnetin Siriýadaky YD toparyna goşulmak üçin Stambula barýardy.

60 çemesi ýaş britan aýaly, köpüsi 20 ýaşynda we ondan hem aşakda, YD topraryna goşulmak üçin Siriýa gidendir diýip bilinýär.

"Bu ulalýan problema we hakyky aladanyň biri" diýip, Britaniýanyň terrora garşy göreş boýunça uly milli kordinatory Helen Ball 1-nji martda «The Independent» gazetine aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG