Düýbi Bişkekde ýerleşýän ylmy-barlag merkeziniň direktory, Merkezi Aziýanyň YD toparyndan gelip biljek howp-hatar baradaky gorkusynyň ýokarlanýan bir wagtynda, sünni ekstremist toparynyň bu sebiti bulaşdyrmak üçin 70 million amerikan dollary çemesinde serişde goýberýändigini aýdýar.
Din, kanun we syýasat atly analitiki merkeze ýolbaşçylyk edýän Kadyr Malikow 20-nji ýanwarda Bişkekde guralan metbugat ýygnagynda žurnalistlere «Yslam döwleti» toparynyň esasy maksadynyň Fergana jülgesindäki ýagdaýlary, ýagny günorta Özbegistandaky, Gyrgyzystandaky we Täjigistandaky ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmakdan ybaratdygyny aýtdy.
Malikowyň tassyklamagyna görä, YD-nyň içinde «Mawarannahr» atly söweş fraksiýasy bar. Bu arap sözi bolup, häzirki Özbegistanyň, Täjigistanyň, günorta Gyrgyzystanyň we günorta-günbatar Gazagystanyň territoriýalarynyň köne adyny aňladýar. Bu topara gazagystanly, täjigistanly, özbegistanly we gyrgyzystanly söweşijiler girýär we, Malikowyň tassyklamagyna görä, olara Merkezi Aziýada tapgyrlaýyn terror hüjümlerini gurnamakda ulanmak üçin 70 million amerikan dollary goýberiler.
Malikow öz aýdýan zatlaryny tassyklaýan çeşmeler barada hiç bir zat aýtmady we «maglumatyň entek tassyklanmandygyny, emma özleriniň şeýle habarlary alýandyklaryny» sözüniň üstüne goşdy.
Malikowyň «Mawarannahr topary» baradaky duýduryşynda «Yslam döwleti» toparynyň oktýabr aýyndaky bir wideosy göz öňünde tutulýana meňzeýär. Bu wideoda merkezi aziýaly söweşijileriň esasan özbeklerden durýan Katibat al-Imam Buhari fraksiýasy YD-a we onuň lideri Abu Bakr al-Bagdadä ygrarlylyk kasamyny kabul edýärdi.
Bu wideoýazgyda iki sany özbek söweşijisi görkezildi, olaryň atlary Abu Hafs al-Uzbeki we Abu Sa’ad al-Uzbeki diýlip tanadyldy. Olar özleriniň «Mawarannahr topragyndan» gelendiklerini aýtdylar. Imam Buhari fraksiýasynyň galan agzalary noýabrda owgan «Talybanyna» ygrarlylyk bildirdiler. Görnüşinden, bu topar wepadarlyk meselesinde iki bölege bölünip, bir bölegi «Yslam döwleti» toparyna gol ýapan bolsa, galan uly bölegi soň «Talybanyň» lideri Molla Omara kasam kabul etdi.
«Yslam döwleti» toparynyň söweşijileriň belli bir bölegini yzlaryna, gelen ýurtlarynda terror hüjümlerini amala aşyrmak üçin iberip-ibermändigi barada subutnama ýok. Şeýle-de bu toparyň ozal hem munuň ýaly planlary maliýeleşdirendigine delil bolup biljek zat görnenok.
«Yslam döwleti» toparynyň hatarynda söweşýän täjik jeňçisiniň golaýda peýda bolan wideosy bolsa bu meseläniň başga bir tarapyna ünsi çekýär.
Ýanwaryň başynda çap edilen wideoda Abu Umariýon atlandyrylýan täjik söweşijisi görkezilýär. Ol täjikler toparynyň YD-nyň lideri Abu Bakr al-Bagdadiden yzlaryna -Täjigistana gidip, ol ýerdäki ekstremist topar «Jamaat Ansarullah» bilen söweşmäge rugsat sorandyklaryny aýdýar.
Emma Bagdadi beýle rugsady bermändir. Abu Umariýon muny şeýle düşündirýär: “Bagdadi biziň haýyşymyzy ýetiren emirlere [jeňçi liderleri] olar edil häzir garaşmaly diýipdir.»
Bagdadiniň toparlaryň Siriýany we Yragy terk edip, öz ýurtlarynda terror hereketlerini amala aşyrmaga gitmek haýyşyna rugsat bermezligi geň zat däl. «Yslam döwleti» topary Siriýada we Yrakda giň gerimli, şol bir wagtda dürli çaknyşyklara çekilen we Birleşen Ştatlaryň koalisiýasynyň hüjümlerine sezewar bolýar.
Onda «Yslam döwleti» toparynyň ýaýradan wideoýazgylarynyň bir toparynda Günbatardaky musulmanlaryň öz ýaşaýan topraklarynda terror hüjümlerini amala aşyrmaklaryna edilýän çagyryş näme diýilmegi mümkin. Bu çagyryş adatça Siriýa gelip bilmeýän musulmanlara gönükdirilýär.
Mysal üçin, noýabrda ýaýradylan wideo «Yslam döwletiniň» fransuz toparynyň musulmanlary Fransiýada terror hüjümlerini amala aşyrmaga çagyryşyny görkezýär. Ýöne «Siz näme garaşýarsyňyz?» diýlip atlandyrylan wideonyň esasy ündeýän pikiri fransuz musulmanlarynyň Siriýa göçüp, YD-a goşulmagydy.
Orsýetiň «Nezawisimaýa gazetasynyň» Gazagystanyň döwlet mediasyna salgylanyp ýazmagyna görä, gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 20-nji ýanwarda ýurduň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Nurtaý Abykaýew bilen duşuşyk geçirdi. Aýdylmagyna görä, «Yslam döwleti» toparynyň Merkezi Aziýa aralaşmagynyň öňüni almak üçin, Nazarbaýew Gazagystanyň serhetlerini berkitmek boýunça goşmaça çäreleriň görülmegini buýrupdyr.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.