Sankt-Peterburgyň howpsuzlyk gullugy moda kollejinde okaýan 18 ýaşyndaky bir student gyzy, rus raýatlaryny ”Yslam döwletiniň” tarapyna çekmek üçin dini propaganda alyp barmakda aýyplap, jenaýat işini gozgady.
"Fontanka" atly ýerli habar internet sahypasynyň habar bermegine görä, aýyplanýan Mariýa Pogorelowa 2014-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Stambula uçup barypdyr we ol ýerden Aleppo (Halap) welaýatyna gidip, ”Yslam döwleti” (YD) ýaragly toparynyň hataryna goşulypdyr. Näme üçin kämillik ýaşyna ýetmedik, owal radikal toparlar bilen kän gyzyklanmadyk we, ylaýta-da radikal yslam bilen hiç bir arabaglanyşygy bolmadyk bir ors gyz öýünden gaçyp Ýakyn gündogardaky radikal sünni toparyň hataryna goşuldyka?
Şekspir we swastika
Mariýa Pogorelowa Sankt-Peterburgyň demirgazyk bölegindäki Hudožnikow şaýolunyň ugrunda ýerleşýän iki otagly jaýda ulalypdyr. Çagalykda tans kružoklaryna gatnapdyr we Wilýam Şekspir bilen gyzyklanypdyr. "Fontanka" internet sahypasynda öňe sürülýän garaýşa görä, belki-de ylaýtada Şekspire bolan gyzyklanma hut Mariýa Pogorelowada sosial adalat we jemgyýetçilik aladalarda işjeňlik duýgularyny oýarandyr. "Fontanka" internet sahypasynyň ýazmagyna görä, meselem, "Otello" pýesasyny "SSSR-de tomaşaçylarda Afrikadaky milli azatlyk göreşine duýgudaşlyk oýarar ýaly äheňde goýýan ekenler".
Internet sahypasynda aýdylmagyna görä, biraz ulalyp, kemala gelenden soň Mariýa Pogorelowa käbir ýagdaýlarda radikal syýasat bilen gyzyklanypdyr. 2012-nji ýylda ol gyz Sankt-Peterburgda radikal sagçy topara goşulypdyr we hatda boýnuna swastika tatuirowkasyny çekdiripdir. Gürrüňe görä, gyzyň ejesi şonda onuň yzyna tatu-salona gidip "düşnüksiz geometriki suraty" täzeden oňartmagyny talap edipdir. Soň Mariýa Pogorelowa dellekçilik hünäri boýunça bilim berýän kollejde okamaga başlapdyr, ýöne kän wagt geçmänkä okuwyny taşlapdyr. Internet sahypasynyň maglumatyna görä, Maria Pogorelowanyň polis bilen problemalary bolupdyr we bir gezek ony tussag hem edipdirler.
Neonatsizmden yslama
"Fontanka" çeşmesiniň habaryna görä, Mariýa Pogorelowa haçan-da neonatsizmden ýadandan soň radikal yslam bilen gyzyklanmaga başlapdyr. Kämillik ýaşyna ýetmedik ol gyz, birsalym Piterdäki "Makdonalds" restoranynda işläpdir we şol mahal ejesine musulman bolandygyny aýdypdyr. Soň ol nikap geýpdir. Mariýa Pogorelowa musulmanlar üçin söýgi-tanyşlyk internet sahypasynda dinini üýtgedenden soň alan Merýem adyny ulanypdyr we ol ýerde özüni Abu Bak diýip tanadan Siriýada ”YD”-niň hatarynda söweşen adam bilen tanşypdyr. Gepiň gysgasy oňa Stambula çenli ýol puluny iberipdirler. Ony ol ýerde garşy alypdyrlar we araçäkden Rakka eltip, ol ýerde Abu Baka bilen duşuşdyrypdyrlar.
”Life News” atly Kremle ýakyn ors internet habar sahypasynyň maglumatyna görä, howpsuzlyk gullugy bilen içgin aragatnaşygy bolan synçylar Mariýa Pogorelowanyň häzir ”YD-e” tarapdar ýygnamak üçin işleýändigini aýdýarlar.
"Fontanka" websaýty Mariýa Pogorelowanyň Siriýadan ýazýan käbir hatlary bilen tanyş bolupdyr. Hatlarda onda watany küýseme duýgusynyň dörändigine üns çekilýär. Ol hatlarynda özüne ýurdundan "Lastoçka" atly ýerli süýji sargapdyr we borş naharynyň nähili bişirilýändigi bilen gyzyklanypdyr.
Mariýa Pogorelowa, elbetde, yslam dinine geçen we Siriýada ”YD”-niň hataryna goşulan ilkinji ýa-da ýeke-täk ors raýaty däl. Ýanwarda ýazylan habara görä, tanymal ors aktýory Wadim Dorofeýew Siriýada ”YD”-niň hatarynda söweşip ýörkä öldürilipdir. Wadim Dorofeýew 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda yslam dinini kabul edipdir we aýaly bilen iki çagasyny taşlap, ”YD”-e goşulypdyr. Russiýada ”YD”-e agzalyk kanuny bozmak hasaplanýar. Russiýanyň ýokary kazyýeti dekabr aýynda ”YD”-ni terror guramalarynyň sanawyna salypdyr.