Merkezi aziýaly söweşijiler Siriýadaky we Yrakdaky YD toparynyň jeňçileriniň hatarynda söweşmek bilen, Merkezi Aziýa uly howpsuzlyk wehimini salýar, emma hökümetler entek öz raýatlarynyň näme üçin «Yslam döwleti» toparynyň söweşijilerine goşuljak bolýandygy baradaky meselelere ýeterlik üns bermeýär diýip, Halkara Krizis toparynyň täze hasabatynda aýdylýar.
«Siriýa çagyrýar: Merkezi Aziýadaky radikallaşma» diýen at bilen 20-nji ýanwarda çap edilen 16 sahypalyk hasabat sebitde barha ýokarlanýan radikallaşmanyň sosial-syýasy mazmunyna syn salýar.
Halkara Krizis toparynyň Merkezi Aziýa proektiniň direktory Deirdre Tynan «Yslam döwleti» topary üçin, golaýdaky Pakistandan we Owganystandan nöker çekeninden Merkezi Aziýadan nöker toplamak has aňsat diýýär.
"Bu ýagdaýyň sebitdäki kökleri başa barmadyk sosial we syýasy üýtgeşmelerden uç alýar. Baý ýa-da garyp, bilimli ýa-da bilimsiz, gögele ýa-da ýetişen, aýal ýa-da erkek, «Yslam döwleti» toparynyň goldawçylary meselesinde anyk bir portret ýa sypatlandyrma ýok" diýip, Tynan aýdýar.
Hasabatda aýdylmagyna görä, Merkezi Aziýadan 2 müňden 4 müň çemesi aralygyndaky erkek we aýal radikallaşyp, «Yslam döwleti» toparynyň hatarynda söweşmäge ýa-da oňa goldaw bermäge gidipdir.
Etniki özbekler, şol sanda Özbegistanyň raýatlary, «Yslam döwletiniň” hatarynda söweşýän merkezi aziýalylaryň arasyndaky iň uly topar bolup durýar.
Olaryň 2500 çemesi bolmagynyň mümkindigi, şol sanda olaryň arasynda Gyrgyzystanyň Oş sebitinden gelenleriň hem bardygy aýdylýar. «Yslam döwleti» topary etniki gyrgyzlary, gazaklary, türkmenleri we täjikleri hem özüne çekýär.
Hasabatda Merkezi Aziýadan “Yslam döwleti» toparynyň hataryna goşulýanlaryň belli bir anyk sypatlandyrmasy ýok diýilýän hem bolsa, ýagny bu topar gögeläni hem bedeni berkäni, baýyragy we garybragy, erkegi we aýal deň derejede özüne çekýän hem bolsa, bu ýerde bir umumylyk hem bar.
Merkezi Aziýadan «Yslam döwleti» toparyna goşulýanlary ýa-da bu topary goldaýanlary birleşdirýän şol umumylyk - «sosial we syýasy ýagdaýlardan argynlyk» bolup durýar.
«Yslam döwleti» topary şu ugurdaky nägilelikleri öz peýdasyna ulanýan ýaly bolup görünýär diýmek bilen, hasabat hususan-da Özbegistandaky ýagdaýa aýratyn ünsi çekýär.
Bu ýurtda ozal «Talyban» ýa-da Özbegistanyň Yslam hereketi ýaly köne jyhadçy toparlara goşulmadyk adamlar, oňa täze döredilýän syýasy düzgün hökmünde seretmek bilen, «Yslam döwleti» jeňçi toparyna köp gyzyklanma bildirdiler.
«Yslam döwleti» bolsa, günorta Gyrgyzystandan bir ymamyň hasabatda getirilýän sözlerine görä, uniwersal maksat, kolonializm däl-de, eýsem prinsipler ugrunda göreşýän ýaly bolup görünýär.
Hasabatda aýdylmagyna görä, Merkezi Aziýa hökümetleri «Yslam döwleti" toparynyň raýatlaryň barha giň toplumyny özüne çekýändigini gerekli derejede boýun almagy başarmadylar.
"Ol ýerde on ýedi ýaşly delleklerem, ýetişen biznesmenlerem, Orsýetde ikinji aýala oýlenen ärleri tarapyndan taşlanan gelinlerem, halyfatda öz çagalarynyň gelejeginiň has gowy boljagyna ynanýan maşgalalaram, mekdebi taşlanlardyr uniwersitet studentleri hem bar.
Bu adamlaryň hemmesi «Yslam döwleti» post-sowet durmuşyna mynasyp alternatiwa bolar diýip ynanýar. Olaryň käbirleri söweşmek isleýär, beýlekileri bolsa kömekçi we ýardamçy bolmak isleýär diýip, Halkara Krizis toparynyň täze hasabatynda aýdylýar.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.