Eýran - Saudi diplomatik dawasynda iki tarapynyň karikaturaçylary garşy tarapyň goşa standartlary baş goşandygyny özüçe suratlandyrýarlar.
Riýadyň tanymal şaýy ruhanysy jezalandyrmagynyň yzýany dörän gapma-garşylyk regional garşydaşlaryň arasyndaky dartgynlylygy güýçlendirdi.
Nimr al-Nimriň 2-nji ýanwarda terrorçylyk bilen bagly aýyplamalaryň esasynda jezalandyrylmagy Eýranda gahar-gazaply protestlere, şol sanda Saud Arabystanynyň ilçihanasyna hüjüm edilmegine getirdi. Munuň yzýany Saud Arabystanyň we onuň ençeme ýaranynyň Tähran bilen gatnaşyklary ýaramazlaşdy.
Bu karikaturalarda “Eýran ‘Yslam döwleti’ toparyna garşy çykaýan hem bolsa terrorçylygy güýçlendirýär” diýlip saudileriň arasynda giň ýaýran garaýlary, şeýle-de “Saud Arabystany ‘Yslam döwleti’ toparyna garşy göreşýändigini aýdyp, bigünäleri jezlandyrýar” diýen eýranlylaryň arasyndaky ýörgünli pikirleri beýan edilýär.
Eýranly karikaturaçy Mana Neýestaniniň ine şeýle iki suraty hödürlenýär:
Bu surat Eýranyň Baş ruhanysy Aýatolla Ali Hameneiniň saýtynda peýda boldy:
Tasnim täzelikler agentliginiň bu iki suratynda Nimryň Eýrandaky şehit statusyna yşarat edilýär...
... Fars Nirmryň jezalandyrylmagynyň aňyrsynda Ysraýylyň durup, öz özüne zyýan ýetirýändigi barada käbir eýranly resmileriň öňe süren pikirlerine salgy berýär:
Eýranyň reformaçy hepdeligi Sedanyň suratlary Saud patyşasy Salmanyň aýnada öz şekiline derek, “Yslam döwleti” toparynyň lideri Abu Bakr al-Bagdadini görýändigini görkezýär...
... Şol bir wagtda-da Tährana garşy bu karikatura Bagdadini Hameneýi bilen bilelikde bir selläni geýip durandygyny şekillendirýär.
Saud Arabystanynyň Okaz gündeligi Riyadyň regionda haosy tutaşdyrýan Eýrany saklap duran goluny görkezýär:
Ýene bir suratda eýranly “terrorizm” ýazgyly höwürtgede guşlara ideg edýär:
Bu ýerde “Yslam döwleti” topary Eýrana ilkinji tiz kömegini berýär.
Bu karikaturanyň ýokarsynda Eýranyň mediada suratlandyryşy, aşagynda bolsa “dönüklik”, “basyp alyjylyk” we “agressiýa” ýazgylar bilen Eýranyň “hakyky keşbi” häsiýetlendirilýär.
Bu ýerde iň aşakda “Gyssagly, koalisiýa raýatlary öldürýär” diýilýär.
Iň soňksynda AÝ/AR-synyň Farda Radiosy arkaly diňleýjä Tähran Nimriň ykbalyna göz ýaş dökýärkä özüniň ýüzlerçe içerki tankytçysyny tussag edendigi ýatladylar: