Gazagystanyň aňtaw agentligi Yrakda we Siriýada gazak milletinden bolan 300 çemesi adamyň “Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň düzüminde söweşýändigini, olaryň ýarpysynyň hem aýal-gyzlardygyny çak edýär.
Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy Nurtaý Abykaýew 300-den gowrak gazak söweşijisiniň “Yslam döwletiniň”düzüminde öz söweşjeň bileleşigini döredendigini aýtdy.
Abykaýew bu maglumatlary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň howpsuzlyk häkimiýetleriniň we ýörite gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň ýakynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen maslahatynda mälim etdi.
300 diýen san nireden gelip çykdy?
Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň 300 söweşijiniň, şol sanda 150 zenanyň Siriýadadygy baradaky çaklamalaryň 2013-nji ýylyň noýabr aýynda internetde peýda bolan wideodan gelip çykan bolmagy ähtimal (ol wideo soň öçürildi). Wideoda Siriýadadygy çak edilýän 150 çemesi gazak söweşijileri görkezildi.
Bu wideoda Saýfaddin al-Kazahi diýilýän adam jyhada gatnaşmagyň her bir musulman üçin borçdugyny aýtdy. Wideoda soňra beýleki gazak söweşijileri Siriýa öz aýallary we çagalary bilen bile barandygyny gürrüň berdiler.
“Sakgally, balagy çermelgi...”
“Yslam döwletiniň” gazagystanly söweşijileriniň ýurduň içinde howp döretmegine degişli aladalanmalaryň adaty raýatlaryň arasynda güýçlenýändigini ýerli habar çeşmelerinden görmek bolýar, olar “wahhabit” musulmanlaryň döredýän howpy barada gürrüň edýärler.
Makalalaryň birinde Almaty şäheriniň ýerli ýaşaýjysy Sergeý Strelnikowa salgylanyp, onuň gazak şäherinde “wahhabit (Yslamyň berk ortodoksal sünni akymynyň) söweşijileri ýaly sypatdaky adamlary görendigi habar berildi.
“Men dostuma garaşyp otyrdym we wahhabitleriň bu topary üýşüp başlady. Sakgally, balaklary çermelen, dürli ýaşly. Olaryň nämä garaşýandygy belli däldi. 40 çemesi daýaw adam, olar awtoulag sürýärdiler... Men özümi öňaýsyz duýdum” diýip, Strelnikow Gazagystanyň “Tantv” neşirine gürrüň berýär.
“Tantv” Strelnikowyň aladalanmalaryny aýdyňlaşdyryp, “Yslam döwletiniň” ekstremistleriniň, adatça, “29 ýaş töweregindedigini” habar berdi: “Resmi maglumatlara görä, radikallaryň aglaba köpüsi 29 ýaşa çenli ýaş adamlar. Olar ilatyň söweşe has taýýar we tasir astyna köp düşýän bölegidir” diýip, maglumatda düşündirilýär.
“Yslam döwletinden” ýurduň içinde döreýän howpa degişli bu nukdaýnazary delillendirmek üçin “Tantv” neşiriniň maglumatynda politolog alym Dosym Satpaýewden sitata getirilýär. Ol “Yslam döwletiniň” ekstremistleriniň sosial taýdan ilden çykan şahslardan başga hiç kim däldigini aýdýar: ”Biz yslam halyfaty ugrunda göreşen söweşijileriň öýlerine dolanyp başlamagynyň üçünji tolkunyny başdan geçirýäris. Olar Gazagystanda diwersion hereketleri amala aşyryp bilerler we eger olar gyrak-bujaklardan gelen bilimsiz, işsiz ýa-da kriminal geçmişli adamlar bolan bolsa, indi söweşijileriň düzümi çyndan üýtgedi”.
“YD” bilen bagly çynlakaý alada
“Sakgally wahhabistler” baradaky hopukdyryjy maglumatlaryň aňrysynda Gazagystanda – we umuman tutuş regionda – “Yslam döwletine” degişli çynlakaý aladalanmalar, şol sanda ýerli musulmanlaryň agzalan toparyň täsiri bilen radikallaşmagyndan howatyrlanmalar bar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň howpsuzlyk häkimiýetleriniň we ýörite gulluklarynyň ýobaşçylarynyň geňeşiniň maslahatynda aýdylyşyna görä, “Yslam döwleti” toparynyň güýçlenmeginiň iň uly aladalanma döredýän bir tarapy ekstremistik sünni toparyň öz düzümine söweşijileri çekmäge ukyby bilen bagly. Bu ýerde Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň sanlary göz öňünde tutulýar.
Abykaýewiň nukdaýnazaryndan Gazagystan “Yslam döwletiniň” ündewçileriniň gazak milletli ýaşlaryň arasynda radikal garaýyşlary ornaşdyrmagyna we olary “Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň düzümine Yraga we Siriýa ibermegi bilen bagly aladalanma bildirýär. Ýene bir howatyrlanma - gazak ýaşlarynyň internetde çap bolýan maglumatlardan “özbaşdak radikallaşmagy” bilen bagly.
Orsýetiň Federal howpsuzlyk agentliginiň (FSB) müdiri Aleksander Bortnikow geçen birnäçe aýyň dowamynda “Yslam döwletiniň” Orsýet Federasiýasyndan bolan söweşijileriniň öňki 1 100 diýlen sandan 1 500 adama çenli köpelendigini aýtdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň howpsuzlyk häkimiýetleriniň we ýörite gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň bellemegine görä, radikallaşma howpy diňe bir GDA regiony bilen çäklenmän, tutuş dünýä ýaýbaňlanýar.
“YD” garşy kontrterrorizm çäreleri
Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň maglumatyna görä, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň howpsuzlyk häkimiýetleriniň we ýörite gulluklarynyň ýobaşçylarynyň geňeşi “Yslam döwletinden” gelýän içerki howplara garşy göreş ugrunda ençeme çärä garaýar.
Orsýet öz raýatlarynyň Siriýa söweşe gitmeginiň öňüni almaga synanyşyp, eýýäm kanun kabul etdi. 2013-nji ýylyň noýabr aýynda Orsýet öz sudlaryna “Yslam döwletiniň” we beýleki söweşiji toparlaryň düzüminde Siriýada söweşen orsýet raýatlaryny jezalandyrmaga hukuk bermek arkaly 2006-njy ýylyň ”Terrorizme garşy kanunyna” düzedişleri girizdi. Kanuna laýyklykda, “daşary ýurtlaryň giňişliginde, şol döwletler tarapyndan kanuny hasap edilmeýän, Orsýet Federasiýasynyň bähbitlerine ters gelýän maksatlara eýerýän ýaragly topara goşulmak” jenaýat hereket diýlip kesgitlenýär we bu etmiş üçin alty ýyla çenli türme tussaglygy göz öňünde tutulýar.
Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň maglumatyna görä, Gazagystan we GDA döwletleri hem şuňa meňzeş kanunlara garaýar.
Siriýada we Yrakda “Yslam döwletiniň” düzüminde söweşýänleri gözläp tapmak boýunça beýleki çäreler hem göz öňünde tutulýar. Bu işler Orsýetiň, Gazagystanyň we beýleki GDA döwletleriniň arasynda razwedka maglumatlarynyň alyş-çalşyny hem öz içine alýar.
Bortnikowyň aýtmagyna görä, aňtaw gulluklary Siriýada söweşip, soňra öýlerine dolanan we Orsýetiň, Gazagystanyň hem-de GDA regionynyň içerki howpsuzlygyna wehim salýan ähli şahslara ýakyndan gözegçilik ederler.
Bortnikow Orsýetiň howpsuzlyk häkimiýetleriniň “Yslam döwletiniň” öňki söweşijilerini we tutuş toparlary” tapdan düşürmek üçin eýýäm çäre görýändigini aýtdy.