«Yslam döwleti» jeňçi toparynyň iň bir kuwwatly žyhadçy topara öwrülip, hatda «Al-Kaýda» bilen bäsdeş derejesine göterilmegi 2014-nji ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy.
Ekstremist sünni topary indi Siriýada we Yrakda giden territoriýany eýeläp, müňlerçe söweşijisi bilen döşüne kakýar, ol söweşijileriň arasynda Günbatar Ýewropadan gelenler hem az däl.
Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda Yslam döwleti toparyna garşy döredilen koalisiýa 60 gowrak ýurdy, şol sanda arap döwletlerini hem bu topara garşy durmaga çekdi. Emma birnäçe aý bäri howadan urulýan zarbalara garamazdan, Yslam döwleti topary entegem has kän territoriýany basyp almak haýbatyny atýar, daşary ýurtlardan söweşiji toplaýar we günbatarly, siriýaly, yrakly zamunlary jezalandyryp öldürýär.
Azatlyk radiosy bu toparyň indiki mümkin bolan ädimleri barada dürli synçylaryň pikirini sorady.
1. YD-nyň Yrakda has köp ýer almaga synanmagy, Anbar welaýatyny eýelemegi ahmal
Birleşen Ştatlarda ýaşaýan synçy, «Musings on Iraq», ýagny Yrak baradaky oýlanmalar bloguny işledýän Joel Wing Yslam döwleti toparynyň “öz bazasyny saklamak üçin yzygiderli ýeňişlere we territoriýa eýelemäge, soň ol territoriýalary saklamaga garaşlydygyny», onsoň Siriýada we Yrakda ýene täze territoriýalary nyşana almagy dowam etdirjegini aýdýar.
Bu nyşanalar Yragyň iň uly welaýaty Anbaryň esasy şäherlerini hem öz içine alýar. Ýerli liderler bu şäherleriň, Yrak hökümeti howpsuzlyk güýçlerine has kän goldaw bermese, basym ýan berjegini duýdurýarlar.
Terrora garşy urşy ýakyndan yzarlaýan «The Long War Journal» websaýtynyň egindeş ýazyjysy Caleb Weissiň pikirine görä, Anbaryň welaýat paýtagty Ramadi we Amiriýa Falluja şäherleri Yslam döwleti toparynyň esasy nyşanalary bolmagyny dowam etdirer.
"YD eýýäm Ramadiniň 60 prosent çemesine kontrollyk edýär we, eger Yragyň howpsuzlyk güýçleri we biziň sünni ýaranlarymyz netijeli goldaw almasa, Anbar paýtagty tutuşlygyna ýan berer öýdýärin» diýip, Weiss Azatlyk radiosyna aýtdy. Şeýle-de ol YD-ynyň günbatar Anbarda, Yragyň Iordaniýa bilen serhedinde hem has işjeňleşýändigini sözüne goşdy.
Emma şu aralykda Yragyň günorta welaýaty Diýalada Yslam döwleti topary mazaly basyş astyna düşene çalym edýär, habarlarda aýdylmagyna görä, Eýranyň Kuds güýçleriniň komandiri Kassem Süleýmaniniň kömek etmegi bilen, şaýy milisiýasy we kürt peşmerge güýçleri Ydynyň basyp alan birnäçe şäherini, şol sanda Saadiýany we Žalawlany yzyna aldy.
2. Yrakda we Siriýada ABŞ-nyň baştutanlygyndaky howa zarbalary has köpeler
Koalisiýanyň harby ýolbaşçylary ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky howa zarbalarynyň «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerini Yragyň we Siriýanyň basylyp alnan ýerlerinde, hususan-da Siriýanyň demirgazyk şäheri Kobanide hüjüm etmek strategiýasyny goranyş strategiýasy bilen çalşyrmaga mejbur edendigini aýdýarlar.
Bu zarbalar dowam etdiriljege, hatda has ýygjamlaşdyryljaga çalym edýär. Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri dekabrda çykyş edip, YD-a garşy kampaniýanyň «näçe zerur bolsa, şonça uzak» dowam etdiriljegini aýtdy. Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland bolsa, Fransiýanyň YD-a garşy howa zarbalaryny güýçlendirmek isleýändigini habar berdi.
Synçylar Günbataryň, eger-de koalisiýa YD-a has görnetin täsir ýetirmekçi bolsa, 2015-nji ýylda has köp harby çäre görmeginiň zerur boljagyny aýdýarlar.
Yrak synçysy Wingiň pikirine görä, Günbataryň goýberýän serişdeleri hakyky üýtgeşiklik döretmegiň golaýyna hem barmaýar. "Edil häzir koalisiýanyň Siriýada we Yrakda döredýän üýtgeşmesinden ýakymsyzlygy kän» diýip, Wing YD-nyň, howa zarbalaryna garamazdan, henizem Yragyň şäherlerine garşy uly hüjümleri geçirip bilýändigini belleýär.
Emma muňa garamazdan, ABŞ YD-a garşy uruşmak üçin söweş goşunlaryny iberjege meňzemeýär. Amerikan adminstrasiýasynyň uly bir resmisi 3-nji dekabrda "Prezident [Obama] ol ýere gury ýer goşunlarynyň iberilmegi bilen bagly ssenariýanyň pikirini etmeýändigini açyk aýtdy» diýdi.
3. YD-a garşy söweşýän sünni tirelerine has kän ABŞ goldawy
Howa zarbalarynyň dowam etmegi bilen bir hatarda, biz Birleşen Ştatlaryň Yrakda YD-a garşy front liniýalarynda söweşýän sünni tireleriniň wekillerine berilýän goldawy has güýçlendirmegine garaşyp bileris. Pentagonyň Kongres üçin golaýda taýýarlan dokumentinde YD-a garşy uruşýan sünni tire wekillerine berilýän goldawy güýçlendirmegiň möhümdigi nygtalýar. Şeýle-de ol dokumentde Birleşen Ştatlaryň olary ýaraglandyrmak üçin $24.1 million harçlamagy, şol sanda AK-47-ler, granatomýotlar, minomýotlar bilen ýaraglandyrjagy aýdylýar.
Emma muňa garamazdan, Birleşen Ştatlaryň tire ýaranlaryna berýän goldawy has uly möçberde bolmaly diýip, «The Long War Journaldan” Weiss aýdýar. Onuň pikiriçe, sünni tire güýçlerini has gowy ýaraglandyrmak YD-nyň hüjümini gelýän aýlarda has aýgytly yza serpikdirmegiň esasyny goýar.
4. YD-nyň nöker toplamagy we oňa garşy tagallalar dowam eder
Soňky habarlar YD-nyň daşary ýurtly söweşijiler babatdaky howpsuzlyk çärelerini gowşadandygyny ýa-da bes edendigini aňladýar. Şeýle-de bu topar özüniň Siriýadaky tälim lagerleriniň gerimini giňeldýär, söweşiji toplamagyny dowam etdirýär we ol söweşijileriň arasynda günbatar Ýewropadan, günorta-gündogar Aziýadan gelen aýallar hem bar.
Eger bu topar özüniň Yrakdaky we Siriýadaky üstünliklerini mazamlap, nöker toplap bilse, bu tendensiýa ýene dowam etjege meňzeýär. YD-nyň nöker toplamagyna garşy durmak üçin bolsa, biz hökümetleriň öz ýurtlaryndan Siriýa we Yraga gidýän raýatlaryny togtatmak synanyşygyny, YD-nyň propaganda tagallalaryna garşy durup, ýerli radikallaşma garşy görülýän çäreleri güýçlendirmegine garaşyp bileris.
Bu ugurda eýýämden çäre görülýär, Orsýetde YD-yny wagyz edýän sosial media, Gazagystanda YD-yny wagyz edýän wideo gadagan edildi. Şeýle-de biz aýry-aýry ýurtlarda, hususan-da Merkezi Aziýa ýurtlarynda YD howpuny din azatlygyna edilýän kontrollygy aklamak üçin ulanmagyň dowam etmegine garaşyp bileris.
5. YD-nyň tälim desgalarynyň ýaýrawynyň giňemegi dowam eder
YD täze gelýän nökerlere we ozaldan bar bolan söweşijilere berilýän tälimi güýçlendirmek tagallalarynyň çäginde Siriýadaky we Yrakdaky tälim lagerleriniň ýaýrawyny giňeltmegi dowam etdirer.
ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa bu tagallalary gowşatmaga gönükdirilen çäreleri görjege çalym edýär.
«The Long War Journaldan” Weiss kärdeşi Bill Roggio bilen YD-nyň Siriýadaky we Yrakdaky tälim lagerleriniň 25-siniň kartasyny çyzdy. Ol koalisiýanyň bu lagerlere urýan howa zarbalarynyň YD-nyň nökerleriniň sanyny we olaryň mümkin bolan netijeliligini pese gaçyrjagyny aýdýar.
6. Ýerli jyhadçy toparlar YD-a has kän kasam eder
Eger YD Siriýada we Yrakda üstünlik gazanmagyny dowam etdirse, şeýle-de ol özüniň gödeňsi wagyzçylyk tagallalaryny dowam etdirmegi başarsa, bu onuň ýerli toparlara ýetirýän täsiriniň artmagyna we YD-a hem-de onuň lideri Abu Bakr al-Bagdadä wepadarlyk kasamyny içýän adamlaryň köpelmegine getirjege meňzeýär.
Sinaý, Alžir, Saud Arabystany ýaly ýerledäki toparlar eýýäm Bagdadä wepalylyk kasamyny içdiler, Liwiýadaky ekspertler bolsa gündogar şäher Dermanyň YD-nyň mesgenine öwrülýändigini duýdurýarlar.
Bu toparyň täsiriniň güýçlenmegi we has köp durnuksyzlyga meçew bermegi dowam etse, Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitinde hem has kän bölüniji toparyň YD-a kasam kabul etmegi mümkin.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.