Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“YD” Täjigistana jyhat gorkusy bilen haýbat atýar


"YD"-niň wideosyndan pursat
"YD"-niň wideosyndan pursat

“Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň Yrakdaky söweşijileri Internetde wideo çap edip, Täjigistanda jyhada başlamak üçin ýaragly toparyň baştutanlaryndan rugsat soradylar.

“Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň Yrakdaky söweşijileri Internetde wideo çap edip, Täjigistanda jyhada başlamak üçin ýaragly toparyň baştutanlaryndan rugsat soradylar.

Wideoda çykyş edýän sakgally täjik söweşijisi özüniň “Yslam döwletiniň” düzüminde söweşýändigini aýdýar. Ol “Yslam döwletindäki” täjik söweşijileriniň öz öýlerine dolanyp, Täjigistandaky “dinden çykanlara” garşy göreşmek teklibi bilen toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdada ýüzlenendigini habar berdi.

Özüniň uruş lakamyny Abu Umariyondygyny aýdan 30 ýaşlaryndadyr diýlip çak edilýän söweşiji, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habaryna görä, birnäçe beýleki wideolarda hem peýda bolupdy. Abu Umariyon özüniň Täjigistanyň Raşt jülgesiniň Nurobod etrabyndaky Samsolik atly kiçijik şäherçesindendigini aýdýar.

“Biz Täjigistana dolanyp, dinden çykanlara garşy şol ýerde söweşmek isleýäris”.

Abu Umariyon özüniň we beýleki täjik ýoldaşlarynyň Täjigistana dolanyp, “Jamaat Ansarullah” ekstremistik toparyň düzüminde söweşmek üçin Bagdadiden we “Yslam döwletiniň” beýleki liderlerinden rugsat sorandygyny aýtdy.

Bagdadiniň bu işe rugsat bermändigi aýdylýar.

“Maglumat bilen Bagdadiniň ýanyna baran emirler olaryň edil häzir garaşmalydygyny aýtdylar” diýip, täjik söweşijisi düşündirýär.

“Jamaat Ansarullah”, Tajigistan we Siriýa

“Jamaat Ansarullah” Täjigistanda gadagan edilen ekstremistik toparydyr. Onuň haçan döredilendigi belli däl, emma ol ilkinji gezek 2010-njy ýylyň sentýabr aýynda özüni tanatdy we Hojantda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Şondan bäri topar ençeme wideony ýaýratdy we täjikleri “dinden çykanlara garşy” jyhada goşulmaga çagyrdy. Toparyň lideriniň Dumullo Amriddin ady bilen tanalýan Amriddin Tabarow bolmagynyň mümkindigi çak edilýär. Onuň hem Nurobod etrabyndandygy çak edilýär.

2014-nji ýylyň noýabr aýynda Täjigistanyň howpsuzlyk häkimiýetleri Sughd regionynda bu topara degişli bolmakda güman edilýän 12 adamy tussag etdiler, olaryň Siriýada söweşmek üçin ýerli ýaşaýjylary hakyna tutmaga synanyşandygy aýdyldy.

“Jamaat Ansarullah” Siriýa bilen bagly bolan täjigistanly ýeke-täk söweşjeň topar däl. Dekabr aýynda Täjigistanyň sudy 11 adamy “Özbegistanyň yslam hereketi” atly söweşiji topara agza bolmakda günäli tapdy. Prokurorlaryň aýtmagyna görä, olardan iki adam Siriýada söweşipdir.

Şeýle-de Bagdadiniň Yrakda we Siriýada söweşýän täjikleriň jyhady alyp barmak üçin häzir öz öýlerine dolanmaly däldigini aýdandygy habar berilýär. Wideodaky ikinji täjik söweşijisi Täjigistandaky täjikleri öz ýurdunda jyhady alyp barmaga çagyrmady, emma olary Türkiýäniň üsti bilen Siriýa ýa Yraga barmaga we janyndan geçen hüjümçi bolmaga çagyrdy. Söweşijiler, eger Türkiýe täjik söweşijileriniň Siriýa barmagyna päsgel bermäge synanyşsalar, onda Türkiýäniň topragynda “partlamalaryň” boljakdygyny duýdurdylar.

Täjik söweşijileri “YD-nyň” Yrakdaky ýol gözegçilerimi?

Wideoda yzky planda ýol göze ilýär we täjik söweşijileri öz wezipesiniň ýoluň ugrunda syýahat edip, olaryň "çilimiň we alkogolyň şähere eltilmezligine” gözegçilik etmekden ybaratdygyny aýdýarlar. Söweşiji özüne ynanylan ýene bir wezipäniň ýoldan geçýän zenanlaryň “Yslam döwleti” tarapyndan aýallar üçin yslam geými diýlip kesgitlenen hyjaply bolmagyna gözegçilik etmekden hem ybaratdygyny aýtdy.

AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň habaryna görä, wideonyň dowamynda Abu Umariyon geçip barýan ulagy saklaýar we çalgyrt arap dilinde ýolagçylar bilen gepleşýär. Ýolagçylar özleriniň çilim alyp barmaýandygyny aýdýarlar.

Täjikler Siriýada we Yrakda

Täjigistanyň resmileri Siriýada we Yrakda söweşýän täjikleriň sany barada bir-birinden tapawutlanýan maglumatlary berýärler.

Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti Siriýada 300 çemesi täjik raýatynyň söweşýändigini noýabrda habar berdi.

Muňa garamazdan, Täjigistanyň Içeri işler ministrligi Siriýada 200 çemesi täjigistanlynyň söweşýändigini we 50-ä golaýynyň şol ýerde öldürilendigini aýtdy.

“Exeter” uniwersitetinden Edward Lemon Siriýadaky täjik söweşijileri barada maglumat toplaýar. Ol AÝ/AR bilen söhbetdeşliginde Siriýada 52 sany täjik söweşijisiniň barlygy hakynda internet arkaly tassyknama tapandygyny aýtdy.

Merkezi Aziýanyň “YD-niň” howpy bilen bagly gorkulary

Soňky aýlarda Merkezi Aziýada “Yslam döwletiniň” salýan howpy bilen bagly gorkular has güýçlendi. Gorkular Siriýada ýa-da Yrakda söweşip öýlerine dolanyp baranlaryň ýetirip biljek “täsirleri” bilen hem bagly boldy, bu belli bir derejede – şol sanda “YD-niň” propagandaly wideolary netijesinde – “Yslam döwletiniň” düzüminde ýüzlerçe merkezi aziýalynyň söweşýändigi baradaky maglumatlardan ugur alýar.

Howpsuzlyk bilen bagly bu aladalanmalardan daşgary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri, “YD-ni” we onuň söweşjeň yslam hereketini ýerli halklaryň we döwletleriň milli aýratynlyklaryna, şeýle-de tutuş regionyň durnuklylygyna hakyky howp hökmünde suratlandyrýarlar.

Täjigistanda prezident Emomali Rahmon “YD-ni” “täze asyryň keseli we global howp” diýip atlandyrdy we täjikleriň söweşiji toparyň “Täjigistandaky negatiw roluna” kemter baha bermeli däldigini duýdurdy.

Şol bir wagtda-da Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew “YD-niň” radikal yslamynyň gyrgyzlaryň milli özboluşlylygyna “aýratyn howp” salýandygyny duýdurdy.

Barha güýçlenýän bu howplara jogap hökmünde, şeýle-de regiondaky öz täsirini güýçlendirmek tagallalarynyň çäginde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin regiondaky howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine çagyrdy we munuň öňki sowet giňişliginde “öňüni alyjy çäre” bolup biljekdigini belledi.

Gazagystany, Gyrgyzystany we Täjigistany öz içine alýan Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň sammitinde 23-nji dekabrda eden çykyşynda Putin regionda “sazlaşykly hereketleriň” zerurdygyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da Merkezi Aziýada käbir adamlar “YD-niň” howpy meselesiniň käbir bu ýurtlarda graždan azatlyklaryny çäklendirmek uçin bahana hökmünde ulanylýandygyny aýdýarlar.

“YD” tarapyndan Siriýadaky lagerde türgenleşdirilýän gazagystanly çagalary görkezýän wideonyň ýaýradylmagynyň yz ýany Gazagystanda hökümet 500 çemesi websaýty petikledi we olaryň “Yslam döwletini” we beýleki jyhadçy maglumatlary mahabatlandyrýandygyny aýtdy.

Goňşy Gyrgyzystanda hem “Yslam döwletiniň” propagandasyna garşy diýilýän çäreleri amala aşyryldy. 2014-nji ýylyň dekabr aýynda gazagystanly çagalaryň türgenleşik lagerindäki wideony görkezen saýt petiklendi.

Bu websaýtyň redaktorlary gyrgyz hökümetini bikanun hereket etmekde we žurnalistlere basyş etmekde aýyplady.

XS
SM
MD
LG