Birleşen Ştatlar “Yslam döwleti” atly topara adamlary hakyna tutmaga gatnaşmakda aýyplap, demirgazyk kawkazly iki söweşijä garşy täze maliýe sanksiýalaryny girizdi. Bu çäre Amerika we beýleki ýurtlar söweşijileriň hakyna tutulmagy ýaly işlere garşy göreşýän we bu işde kynçylyklara uçran mahaly mälim edildi.
Birleşen Ştatlaryň Maliýe departamentiniň 5-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda bellenilmegine görä, gürrüňi edilýän sanawa Siriýadaky beýleki bir yslamçy topara söweşijileri hakyna tutmaga gatnaşandygyna ynanylýan demirgazyk kawkazly ýene bir adamynyň ady goşuldy.
Bu sanksiýalar Birleşen Ştatlar, Russiýa we ýewropa ýurtlary Siriýada we Yrakda giň territoriýany eýelän “Yslam döwleti” alty ýaragly topara goşulýan adamlaryň akymyna garşy göreşde üstünlikli strategiýany oýlap tapmak synanyşygynyň çägindäki çäre hökmünde girizilýär.
Radikallaşdyrmakdan saklamak
Geçen hepde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýygnaklarynyň çäginde Birleşen Ştatlar we Russiýa ýokary derejeli konferensiýalary geçirdiler. Bu konferensiýalarda söweşijileri hakyna tutýan adamlary ýaşlary radikallaşdyrmakdan saklamak barada pikir alşyldy. Şeýle-de geçen hepde Birleşen Milletler Guramasy “Al-Kaýda” hereketi bilen ilteşikli adamlaryň ady boýunça gara sanawyny giňeltdi.
Käbir çaklamalara görä, “Yslam döwleti” atly topara goşulmak üçin 30 müňden gowrak daşary ýurtly Ýakyn Gündogara barypdyr. Russiýanyň häkimiýetleri 2 400 çemesi rus raýatynyň “Yslam döwleti” toparyna goşulandygyny we olaryň aglabasyny çeçenleriň we dartgynly Demirgazyk Kawkaz sebitinden baran adamlaryň düzýändigini aýdýarlar. Olaryň arasynda merkezi aziýalylaryň hem bardygy bellenilýär.
“Ýörite kesgitlenen raýat”
Birleşen Ştatlaryň Maliýe departamentiniň sanawyndaky adamlaryň biri Islam Seit-Umarowiç Atabiýew bolup, ol “ýörite kesgitlenen raýat” diýip bellenilipdir. Atabiýew “Abu Jihad” lakamy bilen hem tanalýar. Ýalňyşlyk bilen çeçen diýlip kesgitlenen Atabiýew hakykatda etniki garaçaý azlygyndandyr. Ol “Yslam döwleti” atly toparyň rus dilindäki mediasy “Furat Media” jogapkärdir.
Gürrüňi edilýän sanawda şu ýylyň başynda sosial ulgamlarda ýaýran we Siriýada düşürilen ýaly bolup görünýän wideoda Atabiýew bilen birlikde peýda bolan çeçen asylly Ahmed Çataýewiň hem ady bar. Çataýewiň hem “Yslam döwleti” atly topara söweşijileri hakyna tutmaga gatnaşandygyna ynanylýar.
Birleşen Ştatlaryň sanawyndaky üçünji adam - “Abdul Aziz” lakamyny hem ulanýan Zaurbek Guçaýew bolup, onuň “Kawkaz emirligi” diýlip atlandyrylýan topara gatnaşygynyň bardygyna ynanylýar. Bu topar Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionynda uzak wagt dowam eden çeçen gozgalaňçylarynyň işini dowam etdiriji güýç hökmünde mundan sekiz ýyl ozal döredildi. Guçaýew “Kawkaz emirligi” atly toparyň Siriýadaky resmi bölüminde esasy rol oýnan ýaly bolup görünýär. Bu topar “Yslam döwleti” atly ýaragly topara bäsdeş hasaplanylýar.
Aladalaryň artmagy
“Kawkaz emirligi” atly toparyň aglabasy çeçenlerden ybarat söweşijileri “Jabhat al-Nusra” atly beýleki bir topar bilen hem uruş birikmelerinde söweşdiler. “Jabhat al-Nusra” topary “Al-Kaýda” hereketiniň Siriýadaky bölümidir we ol hem “Yslam döwleti” atly topara bäsdeş hasaplanýar.
2011-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň Maliýe departamenti “Kawkaz emirligi” atly topara garşy sanksiýa girizipdi.
Häzirki wagtda çeçenleriň, özbekleriň we beýleki milletleriň Siriýa akymynyň Moskwada we beýleki ýerlerde Russiýada täze gozgalaňlaryň döremegine sebäp bolup biljekdigi barada aladalaryň artmagyna sebäp bolýar.
Käbir analitikleriň aýtmaklaryna görä, Russiýanyň Siriýada öz harbylaryny ýerleşdirmegi we ol ýerde howa hüjümlerini amala aşyrmagy diňe bir Siriýanyň režimini goldamagy maksat edinmän, eýse Moskwa ol ýerdäki çeçen söweşijilerini hem nyşana alýana meňzeýär.
2001-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda bolan terrorçylykly hüjümden bäri Birleşen Ştatlar “Al-Kaýda” hereketine we beýleki terrorçylykly toparlara we olary maliýeleşdirýän çeşmelere garşy maliýe sanksiýalaryny tutanýerlilik bilen ulanýarlar. Muňa garamazdan, ekspertleriň ençemesi bu sanksiýalaryň täsirliligini sorag astyna alýarlar.