Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe bilen Orsýetiň Siriýadaky göreşleri


Orsýetiň Goranmak ministrligi, serhet aşa Türkiýä getirilýän nebit ýüküniň subutnamasy diýip, «söwda ýoly» delilini çap etdi.
Orsýetiň Goranmak ministrligi, serhet aşa Türkiýä getirilýän nebit ýüküniň subutnamasy diýip, «söwda ýoly» delilini çap etdi.

Türkiýe geçen hepde rus uçaryny urup ýykanyndan soň Moskwa bilen Ankaranyň arasynda dörän dartgynlyklaryň çäginde, Orsýet Türkiýäni «Yslam döwleti» toparynyň bikanun edýän nebit söwdasy bilen ilteşiklikde aýyplady.

Orsýetiň Goranmak ministrligi 2-nji dekabrda YD-nyň Siriýada we Yrakda öndürilen, serhet aşa Türkiýä getirilýän nebit ýüküniň subutnamasy diýip, «söwda ýoly» delilini çap etdi. Türkiýe bu aýyplamany ret etdi we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan nebit söwdasy aýyplamasyny «töhmet» diýip atlandyrdy.

Şol bir wagtda, Türkiýäniň öz serhediniň boýunda amala aşyrylýan nebit söwdasynyň araçylarynyň, adam gaçakçylygynyň garşysyna çäre görýändigi aýdylýar. Atlantik geňeşiň analitigi Aoron Stein Azatlyk radiosynyň «Gara baýdak astynda» atly bloglar tapgyryny ýazýan žurnalisti Joanna Paraszczugyň soraglaryna jogap berdi.

AÝ/AR: Türkiýe YD-nyň nebit söwdasyny togtatmak üçin nähili çäre görýär?

Aaron Stein
Aaron Stein

Aaron Stein: Türkiýe, bir ýyl töweregi wagt bäri, YD-nyň nebit söwdasyny basyp ýatyrmak üçin çäre görýär. Ýöne bu çäreler kämil däl. Emma olar, bikanun nebit söwdasynyň öňüni almak üçin, garawulçylygy, ýük maşynlarynyň barlagyny güýçlendirdiler. Şol bir wagtda, serhetdäki nebit gaçakçylygy onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän zat. Onsoň gaçakçylar kontroldan sowlup geçmegiň tärlerini gowy bilýärler.

AÝ/AR: Nebit gaçakçylygynyň araçylary ýa dellallary kimler we olar nirede hereket edýärler?

Stein: YD-nyň ynamdar dellallar guramasy bar, bu gurama Türkiýäniň territoriýasyny ulanýar. Gaziantep YD söweşijileriniň kontrollyk edýän territoriýasyna aralaşmak üçin ulanylýan esasy gury ýer ugry bolup durýar.
Bu gaçakçylar iki ugur boýunça işleýärler: birinjisi Siriýa adam we ýük aşyrýarlar, ikinjisi Siriýadan adam çykaryp, Türkiýä getirýärler.

AÝ/AR: Orsýetiň Türkiýe YD-nyň nebit söwdasyna ilteşikli diýen aýyplamasyna näme diýersiňiz? Bu aýyplamanyň nähilidir bir esasy barmy?

Stein: Elbetde, Türkiýe iletşikli: YD öz territoriýasyny üpjün etmek üçin serhedi ulanýar. Bir ýyl çemesi wagtda bu herketi togtatmak üçin az iş edildi. Emma muňa garamazdan, gaçakçylygy togtatmak üçin çäre görlüp başlandy. Bu çäreler kämil diýip bolmaz. Emma olar 2013-2014-nji ýyllardakydan gowy. Ýöne bu işe Orsýet hem ilteşikli. Orsýetiň esasy müşderisi – Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad şeýle gaçakçylyk guramalarynyň birnäçesini işledýär. Bu şu günler hemme tarapyň ulanýan ynamdar uruş ykdysadyýeti bolup durýar.

AÝ/AR: Siz Orsýetiň Goranmak ministrliginiň «Yslam döwleti» tarapyndan ulanylýan söwda ýollary diýýäni barada näme aýdyp biljek? Bular bilinýän ýollarmy?

Stein: Orsýetiň Goranmak ministrliginiň aýdýan söwda ýollary – bu YD-nyň Siriýada kontrolluk edýän territoriýasyndan öndürilýän we Türkiýä demirgazyk Siriýanyň üsti bilen, Kürt demokratik birleşigi partiýasynyň territoriýasynyň üsti bilen iberilýär. Görnüşinden, hamala, KDPB nebiti YD-dan satyn alýar we käbir gara bazar ýollary arkaly ony Türkiýä geçirýär.

Emma muňa garamazdan, ýene diňe görnüşinden, bu prosesiň türk hökümeti bilen hiç bir dahyllygy ýok. Muňa derek, bu Türkiýe üçin has uly problema döredýär: serhet eleme-deşik edilýär we gaçakçylar, dellalar Siriýadaky uruşdan peýda görmeklerini dowam etdirýärler.


AÝ/AR:: 24-nji noýabrda Su-24 uçary türkiýe tarapyndan urlup ýykylaly bäri Orsýetiň Siriýadaky hereketleri üýtgedimi?

Stein: Orsýetiň dowam edýän howa zarbalary 24-nji noýabrdan bäri hakyky bir hekaýa: Olar türk bähbitlerini, Ankaranyň ýakyn aýlarda YD-dan arassalaryn diýip jar eden ýerlerini göni nyşana alýarlar. Şu nukdaý nazardan aýdylanda, Orsýet «Yslam döwleti» toparynyň golaýda Aleppo tarapa ilerlemeginde kömek berýär.

AÝ/AR: Häzir Orsýetiň Siriýadaky strategiýasy nämeden ybarat?

Stein: Orsýetiň strategiýasy goşa bolup görünýär: Aleppodaky oppozisiýany gowşatmak, şunuň bilenem YD-nyň mümkinçiliklerini artdyrmak, şol bir wagtda-da kürtleri Efriniň gündogarynda ilerlemäge hyjuwlandyrmak, onsoň bu koalisiýa bölünmek töwekgelligi bolýar.

Bu Assadyň geljekki gepleşiklerdäki pozisiýasyny berkidýär we Türkiýäni gowşadýar. Bularyň hemmesi döwletden aşaky derejede bolýar. Bu nebit biznesi Türkiýäniň halkara derejesinde biabraý etmekden ugur alýar. Hakyky göreş indi ýaýbaňlanýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG