Türkmen häkimiýetleri şu ýyl Täze ýyly bellemek üçin jemgyýetçilik şertlerini çäklendirýärkä. Adaty raýatlar iň halanýan baýramçylygyny öz maşgalalarynda bellemek mümkinçilikleriniň hem azalandygyny aýdýarlar. Käbirlere saçagyny ýönekeýje zatar bilen bezemek hem elýeterli däl.
Türkmenistanyň ýaşaýjylary güýji ýetdiginden Täze ýyla taýynlyk görýärler. Azatlygyň habarçylaryna görä, baýramçylygyň öňýany azyk harytlarynyň bazarlardaky nyrhlary öňküligine ýokary bolmagyna galýar.
Halk köpçüliginiň maddy ýagdaýynyň yzygiderli ýaramazlaşýan wagtynda häzirki nyrhlar köpçüligiň iň esasy harytlary bazarlardan ýa-da hususy dükanlardan satyn almagyna mümkinçilik bermeýär. Döwlet dükanlarynda bolsa, kesgitli nyrhdan satylýan azyk önümleriniň gytçylygy saklanýar, satylýan wagtynda-da alyjylaryň hemmesine ýetmeýär.
Şu günler täze ýyla ujypsyzja saçagy bezemek üçin bergä girýän adamlaryň az däldigini habarçylar gürrüň berýär.
"Täze ýyl saçagy üçin adamlar bergä girýärler. Adamlaryň köpüsi dükanlara baryp täze ýyl saçagyna gerek bolan harytlaryny ýazgy edip alýarlar. Şonuň üçin olara harytlary 4-5 manat has gymmat satýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.
Şu günler azyk harytlarynyň nyrhlaryna syn eden habarçymyza görä, towuk budy 1 kilogramy 19 manat, goýun eti 45 manat (1 kg), göle eti 50 manat (1 kg); alma 1 kilogramy hiline görä 10-30 manada satylýar, banan 1 kilogramy 40 manat, apelsin - mandarin 1 kilogramy 12-40 manat aralygynda, daşary ýurtda öndürlen şokolad süýjüleriň 1 kilogramy 80-200 manat aralygynda, hoz 120 manat (1kg), kişmiş hiline görä 50-100 manat (1kg).
Şu günki bahalar adamlaryň aýlyklary bilen hojalyk aýlamagyny kynlaşdyrýar. Ortaça aýlyk 2000 manat töwereginde, emma ondan dürli maksatlar üçin yzygiderli tutum alynýar. Üstesine, ilat köpçüligi işsizlikden kösenýär.
Şu günler bazarlarda has arzan harytlaryň gözleginde ýören adamlarda umytsyzlyk duýulýar. Alyjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçymyz köpçüligiň ýagdaýynyň gowulanmagyna garaşmaýandygyny aýdýar: "Aýlyklar adamlara ýetmeýär. Bazarlarda aýlanýan adamlar bilen gürrüňdeş bolanymda olar täze ýyl öňküsinden üýtgeşik bolasy ýok, eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda ösüş ýok diýýärler".
Habarçymyz ýurtdaky agyr işsizlik zerarly daşary ýurtlara gazanç üçin gidýänleriň ýa-da gitmek isleýänleriň köpdügini aýdyp, emma daşary ýurtlarda zähmet çekýänleriň hem pul ugradyp, öz maşgalalaryny zordan ekleýändigini, soňky döwürde pul ugradyp bilmeýänleriň hem köpelýändigini belleýär.
"Bu ýerde iş ýok, gündelik gara iş bilen hojalygy zordan aýlap bolýar. Günüňe 40 manat gaty az pul, oňa razy bolmasam, maňa başga iş ýok . Täze ýyl saçagyny hem öýe täze ýylda myhman gelse, utanmaz ýaly bezeýäris" diýip Marynyň ýaşaýjysy aýdýar.
Ýerli ýaşaýjylar şu ýyl Täze ýyl baýramynyň gyzygynyň çagalar üçin hem galmandygyny, hatda şäherlerde hem Täze ýyl üçin adaty bezegler şu ýyl sökülip, aýrylansoň baýramçylygyň duýulmaýandygyny belleýärler.
Çagalaryna täze ýyl baýramçylygy üçin arça satyn alyp ony öýde bezemäge mümkinçiligi bolmadyk maşgalalar hem az däl. Bahasy 300 manatdan başlanýan arçalar we bezegler pes girdejili maşgalar üçin gymmada düşýär.
Täze ýyl ilat köpçüliginiň iň halaýan baýramçylygy hasaplanýar we beýleki baýramçylyklara garanda, köp bellenýär. Şeýlelikde ýaşaýjylar bergä girmäge-de razy bolýar. Soňra bergisini tölemek üçin indiki aýlarda özlerini has-da gysmaga mejbur bolýar.
"Adamlar öz doglan günlerini bellemeýärler, ýöne ýylda bir sapar şu baýramçylygy bellemek üçin bergä girýärler we ýyl boýunça dükanlara eden bergilerini töleýärler" diýip, habarçymyz belledi.
Habarçymyz birnäçe ýyl bäri bazara baryp görmedik adamlaryň hem bardygyny aýdýar. Hususan-da, oba ýaşaýjylarynda öz ýaşaýan ýerlerindäki dükanlarda ýazga durup, şol ýerde subsidirlenen nyrhdan käwagt satylýan ujypsyzja azyk önümleri bilen gün görmekden başga maddy mümkinçiligi bolmaýar.
Türkmen häkimiýetleri subsidirlenen ýagny döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan satylýan azygyň görnüşlerini ýyl-ýyldan azaldýar, satuwa çykarylýan mukdaryny kemeldýär, her aýda göz öňünde tutulan normany birnäçe aýlap gijikdirýär, şeýle-de gapdalyndan geçmeýän harytlary we möhleti geçen, zaýalanan azygy goşup satýar. Emma maddy ýagdaýy agyr maşgalalar çörek, un ýaly esasy azygy satyn alyp, gün görmek üçin muňa-da bialaç razy bolmaly bolýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum