NATO-nyň daşary işler ministrleri 3-nji aprelde, Brýusselde iki günlük duşuşygyna başlaýarlar. Gün tertibinde Ýaranlygyň goranmak ukybyny güýçlendirmek bilen baglanyşykly meseleler bar. Duşuşyk ABŞ-nyň Ýewropadaky hyzmatdaşlaryna harby çykdajylary artdyrmak boýunça basyşy güýçlendirýän döwrüne gabat gelýär.
NATO-nyň baş sekretary Mark Rýutte duşuşygyň “biziň bilelikdäki howpsuzlygymyz üçin aýratyn möhüm döwürde geçirilýändigini” aýdyp, häzirki ýagdaýlary hiç bir ýurduň ýeke özi ýeňip bilmejek derejede çylşyrymly diýip häsiýetlendirdi.
Rýutte ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň transatlantik gatnaşyklary pese gaçyrýandygy baradaky tankytlara garamazdan, ABŞ-nyň NATO bilen baglanyşykly borçnamalarynyň güýçli galýandygyny nygtady.
“Men käbir agyr sözleriň bolandygyny bilýärin. Şeýle hem, bu tarapdaky käbir ýaranlaryň arasynda ABŞ-nyň NATO bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyna alada bilen garaýanlaryň bardygyny hem bilýärin,” diýip, Rýutte aýtdy.
“Amerikalylar gaýta-gaýta nygady: ‘Biz NATO bilen hyzmatdaşlygymyza ygrarly. Biz 5-nji Maddanyň ýerine ýetirilmegine ygrarly’” diýip, Rýutte sözüne goşdy.
NATO agza ýurtlary Russiýanyň Ukrainadaky doly gerimli urşuna garşy umumy pozisiýa görkezmäge çalyşýarlar. Ýöne Ýewropanyň käbir ýurtlary Waşingtonyň hereketleriniň olaryň tagallalaryny hasaba almazyk hökmünde kabul edilmeginden aladalanýarlar.
ABŞ Ukrainada ok atyşygy togtatmak ugrunda çalt ylalaşyk gazanmak islegini beýan etdi. Muňa Ukrainanyň käbir territoriýal eglişikleri etmegi baradaky pikirler, şeýle-de ABŞ-nyň Moskwa bilen göni gepleşikleri dikeltmek boýunça synanyşyklary hem goşulýar.
NATO duşuşygyna ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň, Ukrainanyň daşary işler ministri Andrýi Sibihanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat ýolbaşçysy Kaýa Kallasyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Rubio duşuşykda Transatlantik hyzmatdaşlaryna garşy edilen tankytlar we Russiýa bilen gatnaşyklary dikeltmek tagallalary sebäpli ýaranlardan ýüze çykjak sowallar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygy çaklanylýar.
Rubionyň şeýle hem, prezident Trampyň NATO-nyň ýarany bolan Kanadany ABŞ-nyň 51-nji ştaty hökmünde görmegi we Grenlandiýany – Daniýanyň awtonom sebitni – anneksiýa etmegi baradaky çykyşlaryna düşündiriş bermegine garaşylýar.
Rubio 3-nji aprelde Brýussele gelmeli. Onuň bilen birlikde ABŞ-nyň NATO-daky täze bellenen ilçisi Matt Whitaker hem bar. Olaryň Ýewropa hyzmatdaşlarynyň harby çykdajylaryny ýokarlandyrmalydygyny we jogapkärçiligi deň paýlaşmalydygyny sorajakdygyna garaşylýar.
NATO-nyň liderleriniň şu ýylyň iýunynda her bir agza ýurduň goranyş çykdajylaryny ýurt boýunça içerki umumy önümiň iň pesi 2% derejesinden ýokarlandyrmak baradaky meselesine garamagyna garaşylýar.
Trampyň administrasiýasy 5% derejesini öňe sürýär, Rýutte bolsa ähli agzalaryň tiz wagtda azyndan 3,7%-e ýetmegi we bu ugurda yzygiderli hasabat bermegi soraýar.
Ýöne ykdysady ösüşiň pesligi we býujet kemçilikleriniň artmagy sebäpli, käbir Ýewropa ýurtlary bu talaplara göni razy bolmakda seresaply çemeleşýärler.
Ukrainanyň daşary işler ministri Andrýi Sibihanyň duşuşykda harby ýagdaý bilen bagly soňky ýagdaýlar barada hasabat bermegine garaşylýar. Ukrainanyň NATO-a agzalyk meselesi häzirki wagtda gün tertibinde bolmasa-da, köp Ýewropa ýurtlary ABŞ-nyň Ukrainany ýarag bilen üpjünçiliginiň dowam etjekdigine we NATO-nyň ukrain esgerleri üçin okuw missiýasynyň saklanyp galjakdygyna kepillik isleýärler.
Galyberse-de, ABŞ Kiýewe harby kömekleri utgaşdyrýan Ukraina Goranmak Kontakt Toparyndaky (Ramşteýn toparyndaky) öz ýolbaşçylygyny bes etdi. Toparyň soňky duşuşygyna Britaniýa ýolbaşçylyk etdi. Nobatdaky duşuşyk 11-nji aprele meýilleşdirildi, oňa Britaniýanyň we Fransiýanyň bilelikde başlyklyk etmegine garaşylýar.
Forum