Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň Budapeşt şäherine sapar bilen gelmeginden birnäçe sagat soň, Wengriýa özüniň Halkara Jenaýat Kazyýetinden (HJK) çykýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu, Gaza zolagyndaky uruş jenaýatlary öýdülýändigi bilen baglylylykda Netanýahynyň garşysyna Kazyýet tarapyndan tussaglyk karary çykarylaly bäri, onuň Ýewropa edýän ilkinji saparydyr.
Wengriýanyň Goranmak ministri Kristof Salai-Bobrownitski Netanýahuny Budapeştiň howa menzilinde garşy aldy we bu barada Facebook sahypasynda habar berdi.
Birnäçe sagat soň, premýer-ministr Wiktor Orbanyň diwanynyň başlygy Gergeý Gulaýş MTI döwlet habarlar gullugy arkaly eden çykyşynda, Wengriýanyň Gaaga şäherinde ýerleşýän Halkara Jenaýat Kazyýetinden resmi taýdan çekilmäge taýýarlanýandygyny aýtdy.
Hökümet bu karary Konstitusiýa we halkara hukugynyň çäklerinde penşenbe güni resmi taýdan başladar diýip, Gulaýş resmi beýanatynda aýtdy.
Wengriýanyň bu karary durmuşa geçirmek prosesi bir ýyl töweregi wagt alar, sebäbi bu çäre parlament tarapyndan hem tassyk edilmeli.