Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mineral dökün ýetmezçiligi bilen bagly aladalaryň arasynda, Türkmenabadyň dökün zawody 'çagşaýar'


Lebapda ekerançylyk bilen meşgullanýan hojalyklar mineral dökün ýetmezçiliginden şikaýat edýärler. Illýustrasiýa suraty.
Lebapda ekerançylyk bilen meşgullanýan hojalyklar mineral dökün ýetmezçiliginden şikaýat edýärler. Illýustrasiýa suraty.

Lebaply daýhanlar mineral dökünleriň ýetmezçilik edýändigini aýdýan mahaly, döwlet metbugaty ýurtda öndürilýän dökünleriň ýerli sarp edijileri kanagatlandyrýandygyny ileri sürýär. Bu aralykda, sebitdäki iri himiýa zawodynda köne enjamlaryň yzygiderli hatardan çykmagy önümçiligiň depginini gowşadýar.

“Mineral dökün ýetmezçiligi sebäpli, her ýylda oba hojalyk ekinlerimize ýeterlik derejede ideg edip bilmeýäris” diýip, lebaply daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy we üstümizdäki ýylda hem şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanýandygyny belläp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Şu günler Türkmenistanda bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär, şeýle-de ösüş suwlary tutulýar.

“Kärendeçiler we ekerançylyk bilen meşgullanýan hususy hojalyklar mineral dökünleri döwletiň kesgitlän nyrhyndan, resmi bahadan satyn alyp bilmeýär. Gara bazarda döküniň bahasy resmi bahalardan tas üç esse çemesi gymmat” diýip, daýhançylyk bilen meşgullanýan beýleki bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bu sebitde ýerleşýän iri himiýa toplumy ýurduň iň esasy mineral dökün öndüriji zawodlarynyň hatarynda gelýär. Türkmenabadyň S.A Nyýazow adyndaky himiýa zawody döwlet habarlarynda ýygy-ýygydan mahabatlandyrylýar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky bu zawodda, resmi habarlarda aýdylmagyna görä, ýanwar-fewral aýlary aralygynda takmynan 40 million manatlyk önüm öndürilipdir. Bu himiýa kärhanasynda 30-da gowrak görnüşli önüm öndürilýär. Resmi habarlara görä, geçen 2024-nji ýylyň dowamynda bu kärhanada 170 müň tonnadan gowrak fosforly dökün öndürilip sarp edijilere ýetirilipdir.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri üstümizdäki ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda bu kärhanada 40 müň tonna çemesi kükürt kislotasynyň, 4,5 müň tonna çemesi mineral döküniň öndürilendigi barada resmi metbugatda berilýän sanlaryň hakykata gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

Bu aralykda, ýerli daýhanlar özleriniň mineral dökün üpjünçiligini kanagatlandyrmak üçin döküniň gara bazaryndan, şol sanda “goňşy Özbegistandan kontrabanda ýoly bilen getirilen mineral dökünlerden satyn almaga mejbur bolýandyklaryny” aýdýarlar.

Ýatlasak, geçen ýylyň bahar aýlarynda gündogar sebitde Özbegistandan bikanun ýollar bilen getirilen mineral dökünleriň söwdasynyň rowaçlanmagy baradaky habarlar uly üns çekdi.

'Dökün önümçiligi peseldi'

“Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň önümçilik görkezijileri häzirki wagtda has-da pese gaçdy. Esasy sebäplerden biri çig mal ýetmezçiligi, elektrik energiýasynyň hem-de suw üpjünçiliginiň gowşaklygydyr” diýip, himiýa zawodyndaky çeşme aýdýar.

“Önümçiligiň hakyky derejesi resmi sanlardan azyndan iki esse az. Önümiň ep-esli bölegi hil taýdan kadadan pes bolansoň, olar içeriki bazara iberilmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol bu zawodda tehnikalaryň könelendigini, zerur enjamlaryň köplenç işlemeýändigini aýdýar.

“Käwagt önüm öndürilmegi tehniki näsazlyklar zerarly, birnäçe günläp, hatda birnäçe hepdeläp togtadylýar” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

1960-njy ýylda işe girizilen bu zawod ýurduň iň esasy senagat kärhanalarynyň biri bolup, soňky ýyllarda onuň çäginde garyşyk dökünleri öndürýän täze önümhanany gurmak meýilleşdirilipdi.

Zawodda ýylda 170 müň tonna töweregi azot, fosfor we kaliý elementlerinden ybarat garyşyk dökünleri öndürýän desgany gurmak barada “Türkmenhimiýa” konserni tarapyndan 2022-nji ýylyň tomsunda tender yglan edildi. Bu desganyň gurluşygynyň 18 million dollar çemesi boljakdygy hem-de onuň Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň karz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdiriljekdigi habar berildi. Ýöne göz öňünde tutulan bu taslamanyň soňky ykbaly barada habar berilmedi.

“Türkmenabadyň himiýa zawodynda işleýän adamlar bu kärhananyň esasan 1960-njy ýyllarda oturdylan enjamlar bilen aýakda durandygyny bilýärler. Enjamlar köneldi, täze çig mal gelenok, şonuň üçin önümçilik yzygiderli saklanýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň himiýa toplumyndaky çeşmesi aýdýar.

“Bu ýerde işleýän adamlaryň ençemesi, eger hakyka ýagdaý barada gepleseler, işlerinden boşadylmakdan gorkýarlar. Aslynda welin, olar ýagdaýlaryň nä derejede erbetdigini bilýärler”diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagynda “Garabogazkarbamid”, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid”, “Garlyk” kaliý dag magdan toplumy, Türkmenabat himiýa zawody ýaly senagat desgalary bar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary, dowam edýän oba hojalyk özgertmeleriniň arasynda, 2021-nji ýylyň aprel aýynda ýurtda mineral dökünleriň bahalarynyň alty-sekiz esse töweregi ýokarlanandygyny habar berdiler.

Şonda bir tonna amiak selitrasynyň bahasy 400 manatdan 3250 manada, fosfor 255 manatdan 2000 manada, karbamid 450 manatdan 3000 manada, amofos 1000 manatdan 8000 manada çenli gymmatlady.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine görä, ammiak selitrasy, karbamid, ammoniý superfosfaty, hlorly kaliý ýaly mineral dökünler Türkmenistanda öndürilýär.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri geçen ýylyň bahar aýlarynda Özbegistandan Lebap welaýatyna Amyderýanyň üsti bilen rezin gaýyklarda, kontrabanda ýoly bilen getirilen mineral dökünleriň tonnasynyň ýerli daýhanlara takmynan 2700-3000 manatdan satylandygyny habar berdiler. Bu baha walýutanyň gara bazar bahasy boýunça 135-150 dollara deň bolýar.

Şonda “Nowoýiazot” özbek kärhanasy tarapyndan öndürilýän bu önümleriň tonnasynyň resmi bahasynyň 240 dollar bolandygy mälim bolupdy.

Azatlyk Radiosy “Türkmenhimiýa” konserniniň garamagyndaky Türkmenabat himiýa zawodynda önümçiligiň bökdelmegi barada ýerli resmilerden teswir alyp bilmeýär. Şeýle-de, Lebap welaýatynda kärendeçi daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan mineral dökün kynçylyklary barada hem welaýat häkimliginden resmi teswir alyp bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG