Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary derejeli rus resmisi Tramp administrasiýasy bilen gepleşik geçirmek üçin Waşingtona geldi - CNN


Kirill Dmitriýew (ortada). Arhiw suraty
Kirill Dmitriýew (ortada). Arhiw suraty

Russiýanyň Göni Maýa Goýum Gaznasynyň başlygy (RFPI), Russiýanyň prezidentiniň daşary ýurtlar bilen maýa goýum-ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça ýörite wekili Kirill Dmitriýew Waşingtona geldi diýip, CNN neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, Dmitriýew ABŞ-nyň prezidentiniň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff bilen duşuşar.

Dmitriýew Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň başyndan bäri Waşingtona gelen ilkinji ýokary derejeli rus resmisi bolar.

CNN-iň maglumatlaryna görä, Dmitriýew Witkoff bilen gepleşiklerde ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.

Wiza bermek üçin Dmitriýewe garşy yglan edilen sanksiýalar wagtlaýyn aýryldy diýip, neşir habar berýär. Döwlet departamentiniň wekilleri gizlinlik şertleri sebäpli, wiza meseleleri boýunça düşündiriş bermekden saklandylar.

XS
SM
MD
LG