Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa ýurtlary ilkinji ýokary derejeli sammitine başlady. 3-4-nji aprelde Samarkantda geçirilýän sammite Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar.
Türkmenistanyň prezidenti Özbegistanda geçirilýän ilkinji Merkezi Aziýa-ÝB sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen 3-nji aprelde bardy.
Türkmen döwlet mediasynyň habaryna görä, penşenbe güni Aşgabadyň halkara aeroportynda "türkmen resmileri tarapyndan hoşamaýlyk bilen ugradylan" Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherine baryp, gonupdyr. "Biznes Türkmenistan" neşiri türkmen prezidentini Özbegistanyň premýer-ministri Abdylla Aripowyň garşylan pursadyny görkezýän suraty çap etdi.
Ýewropa Bileleşigi sammitde täze söwda we infrastruktura maýa goýumlaryna seretmegi, şol bir wagtyň özünde Brýussel sebit bilen gatnaşyklaryny ep-esli ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň gören dokumentiň taslamasynda aýdylýar.
"Ösýän global we sebit geosyýasy landşaftynda has çuňňur hyzmatdaşlyga ygrarlydygymyzy tassyklamak bilen, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlyga öwürmek kararyna geldik" diýlip, 3-4-nji aprelde geçiriljek sammitiň bilelikdäki beýannamasynyň ÝB tarapyndan taýýarlanan taslamasynda aýdylýar.
Brýussel bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmakdan başga-da, üýtgäp biläýjek bu resminamanyň taslamasynda, suw dolandyryşy, möhüm minerallar we digital aragatnaşyk ugurlaryna ünsi güýçlendirmek arkaly ÝB-niň sebit bilen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakçydygy beýan edilýär.
Resminamanyň taslamasynda görkezilişi ýaly, 27 ýurtdan ybarat blok söwda we maýa goýumlaryna has köp üns bermäge we "Global Girelge" plany boýunça Merkezi Aziýa üçin teklipleriň köpüsini birleşdirmäge çagyrýar. ÝB-niň 2021-nji ýylda öňe süren infrastruktura hyzmatdaşlygy boýunça bu plany Hytaýyň dünýädäki "Bir guşak, bir ýol" proýektine alternatiwa hökmünde görülýär.
ÝB-niň "Global Girelge" planynyň Merkezi Aziýadaky başlangyç tapgyrynyň bir bölegi "Trans-Hazar transport koridory" (TCTC) bolup, şeýle-de ol "Orta koridor" diýlip atlandyrylýar, bu Russiýanyň daşynda aýlanyp, Merkezi Aziýa we Kawkaz arkaly Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirýän 6500 kilometrlik söwda ýolydyr. ÝB-niň resminamasynyň taslamasyna görä, bileleşik bu ugry hasam giňeltmäge çagyrýar.
Sammit ÝB üçin öwrülişikli pursat bolup durýar. Russiýanyň Ukraina harby hüjümi Merkezi Aziýada geosyýasy deňagramlylygy üýtgetdi we Hytaýyň ykdysady täsirini giňelmegi sebiti Pekin bilen has ýakynlaşdyrdy, bu döwürde ÝB sebitdäki ornuny ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Analitikler ÝB-niň Merkezi Aziýa gyzyklanmasy barada sebitde henizem soraglaryň bardygyny aýdýarlar.
"Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi bilen has köp gatnaşmak isleýär, ýöne sebitiň ýolbaşçylarynda uly bir umyt ýok" - diýip, Berlindäki Karnegi Russiýa Ýewraziýa Merkeziniň bilermeni Temur Umarow aýtdy.
"Ýewropa Bileleşigi şu wagta çenli Merkezi Aziýanyň Russiýa we Hytaýa has az bil baglamagyna mümkinçilik berýän üçünji oýunçy bolup biler ýaly orta ýeterlik pul goýmady" diýip, Umarow belleýär.
ÝB näme üçin Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlyga seredýär?
2023-nji ýyldan başlap, günbatar liderleri ýokary derejeli döwlet saparlary bilen Merkezi Aziýa barýarlar, sebäbi olar 2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýanyň Ukrainada giň derejeli harby hereketlerinden soň açylan ykdysady we syýasy penjireden peýdalanjak bolýarlar.
Merkezi Aziýanyň hökümetleri Moskwa bilen berk aragatnaşyk saklasalar-da, olar beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmek ugrundaky tagallalaryny artdyrýarlar. Dünýädäki iň uly uglewodorod ätiýaçlyklaryna we möhüm çig mallaryna eýe bolan sebit täze hyzmatdaşlary çekmek we öňden bar bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin tagallalaryny güýçlendirdi.
Netijede soňky ýyllarda Brýussel hem-de Fransiýa we Germaniýa ýaly aýry-aýry ýewropa döwletleri tarapyndan diplomatik saparlar ýygjamlaşdy. Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri we beýleki Ýakyn Gündogar ýurtlary hem öz gatnaşyklaryny giňeltdi.
Emma sebite girmek üçin iň uly tagallalar Hytaý tarapyndan edildi. Pekin Merkezi Aziýada öňdebaryjy söwda hyzmatdaşy we daşary ýurtly maýa goýujy hökmünde özüni tanatdy we Hytaý 2024-nji ýylda lideri Si Szinpin we onuň sebitdäki kärdeşleri arasynda möhüm sammiti geçirdi.
Merkezi Aziýanyň iň uly söwda hyzmatdaşy bolan Hytaý bilen arasyndaky ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary soňky ýyllarda yzygiderli ýokarlanýar we 2024-nji ýylda rekord derejesine çykyp, 94,8 milliard dollara barabar boldy, emma 27 agza döwleti öz içine alýan ÝB Merkezi Aziýanyň iň uly daşary ýurt maýadarydyr.
Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýanyň bäş döwleti 2023-nji ýylda gatnaşyklaryny giňeltmek barada ýol kartasyna gol çekdiler. Soňra 2024-nji ýylda bolan maýadarlar forumynda ÝB "Orta Koridor" söwda ýoluna 10 milliard ýewro (10,8 milliard dollar) ýatyrmagy wada beripdi.
'Global girelge' Hytaý bilen bäsleşip bilermi?
ÝB-niň Merkezi Aziýa bolan gyzyklanmasy, täze energiýa serişdeleri bilen üpjünçilik we möhüm minerallara elýeterlilik, şeýle hem sebitiň Moskwa bolan taryhy garaşlylygyndan uzaklaşmagyna kömek etmek zerurlygy bilen baglanyşykly.
Bu zerurlyklaryň merkezinde "Orta koridoryň" ösmegi we "Global girelge" profiliniň çuňlaşmagy durýar.
"ÝB-niň Merkezi Aziýa çemeleşmesiniň esasy elementlerinden biri - bu sebit bilen aragatnaşygy ösdürmekdir" - diýip, Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar geňeşiniň maksatnama müdiri Mari Dumoulin Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy. "Merkezi Aziýa ýurtlary 'Global Girelge' inisiatiwasyndan peýda görmelidir, ýöne anyk taslamalar durmuşa haýal geçirilýär we köp bir görünmeýär".
Ukrainadaky uruş başlaly bäri, "Orta koridor" täze maýa goýumlaryny özüne çekdi we ýollaryň, demir ýollaryň we ýük daşaýyş ýollaryň üstünden geçýän ýükleriň mukdary köpeldi, mundan öň ol ýokary çykdajylar we serhet meselesi sebäpli birnäçe ýyllap saklanypdy.
Emma söwda ýoly henizem infrastrukturanyň ýoklugy geçirijilik kuwwatynyň çäkliligi we portlardaky kynçylyklar ýaly meselelere duçar bolýar. Bu bolsa, täze ugury Hytaýdan we Ýewropadan haryt daşamak üçin Russiýanyň üstünden geçýän öňki Demirgazyk marşrutyna alternatiwa bolmakdan saklaýar.
Samarkantda geçirilýän ÝB-Merkezi Aziýa sammiti bu başlangyçlara täze itergi bermek isleýär.
"Global girelge" proýektiniň geljegi barada täze hasabatyň awtory Jeýkob Mardell ÝB-niň infrastruktura maksatnamasynyň Brýussel üçin Merkezi Aziýada hoşniýetliligi artdyrmak we "Bir guşak, bir ýol" proýektiniň Hytaý üçin maýa goýujy hökmünde täsirini giňelmäge we hytaýly işewürler üçin täze mümkinçilikler döredişi ýaly Brýussele hem mümkinçilik berip biljegini aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.