Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň azalmaýan azyk aladalary: Açlyk näme - iýdirmez


Döwlet eýeçiligindäki TW ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini tekrarlaýar.
Döwlet eýeçiligindäki TW ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini tekrarlaýar.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan başlap uly meselä öwrülen azyk meselesi, soňky birnäçe hepdede prezident we öňki prezident derejesinde edilen gürrüňlerden, kadr çalyşmalaryndan görnüşine görä, azyk howpsuzlygyny üpjün edendigini aýdýan Aşgabat üçin uly alada bolmagynda galýar. Serdar Berdimuhamedow bu aladany ýokary derejeli oba hojalyk resmilerini täzelemek bilen tassyklan bolsa, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk maslahatynyň prezidiumynyň mejlisinde sözlän sözünde “oba ýerleriniň durmuş taýdan özgerişini çaltlandyrmak zerurlygyny” anyklaşdyrman boýun aldy. Emma muňa garamazdan, türkmen emeldarlary-da, türkmen metbugaty-da ýer-suw, şol sanda ilatyň oba hojalyk önümleri bilen üpjünçiligi, öňki ýyllarda maşgalalara elýeterli bolan, emma soňky ýyllarda azalýan ýa-da bahasy gymmatlaýan ýerli önümleriň önümçiligi bilen bagly meseleler, import edilýän azyk önümlerine garaşlylygyň ýokarlanmagynyň mümkin bolan sebäpleri barada açyk gürrüň etmeýär.

Geçen ýylyň aýagynda geçirilen ilat ýazuwynyň resmi netijeleri ýurduň oba ilaty bilen şäher ilatynyň arasyndaky san tapawudynyň gaty azalandygyny, ýurtda oba hojalyk önümlerini öndürýän adamlaryň sanynyň şäherli sarp edileriň sany bilen tas deňeçerleşendigini görkezdi. Bu görkeziji Aşgabadyň 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri çözülmeýän bugdaý, azyk meseleleri bilen ýaşululary jemgyýetdäki asudalygyň açary hökmünde ulanmak isleginiň arasyndaky baglanyşygyň has görnetinleşen wagtynda çap edildi.

Çörek, un nobatlary baradaky habarlar ilatyň, şol sanda çagalaryň we garrylaryň kadaly iýip-içmeýändigi, ilatyň saglyk ýagdaýynyň ýyl-ýyldan peselýändigi, daşary ýurtlara işlemäge gitjek bolýan adamlaryň barha köpelýändigi baradaky maglumatlar bilen utgaşýar.

Prezident bolan ýyllarynda Saparmyrat Nyýazowyň başa barmadyk ‘Täze oba’ syýasatyny özüçe dowam etdiren we ilki yglan eden reformasy şowsuz bolan uly Berdimuhamedow dolandyryşynyň soňky ýyllarynda netijesiz işleýän kärendeçileriň ýerlerini alyp, ekerançylyk ýerlerini has köp möçberde we uzak möhlet bilne telekeçilere bermek pikirine geldi. Emma bu göçüm, resmi däl maglumatlardan çen tutulsa, onuň importyň ornuny tutýan önümleri, eksport edilýän harytlary köpeltmek baradaky talaplarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edip bilmedi. Ýerli synçylar we daýhanlar dentis prezidentiň özgertmeleriniň Nyýazowyň reformalaryndan hem erbet bolandygyny aýdýarlar. Şu aralykda ol, indi Halk maslahatynyň başlygy hökmünde, ...ýer, suw meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamagyň, möhüm meselelere seslenmegiň wajypdygyny nygtady.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan synçylaryň, hünärmenleriň we daýhanlaryň pikiriçe, teklip taýýarlamazdan ozal emele gelen ýagdaýy, agrar ýurtda dowam edýän azyk krizisini we onuň sebäplerini boýun almaly.

“Oba hojalygynyň, daýhanlaryň çökerilmegi, ýerli azyk önümlerini öndürijileriň azalmagy açlyga alyp gelýär, aýlyga ýaşaýan adamlar çagalaryna diňe aýlyk berlen wagtynda gawun-garpyz alyp bilýärler, alma ýa beýleki miweler diňe baýramçylykda alynýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen synçy aýtdy. Ýöne ol bu ýagdaýyň ýokary gatlagyň wekillerini kän gyzyklandyrmaýandygyny, prezidentiň we öňki prezidentiň bolsa ondan habarsyz bolmagynyň hem ähtimaldygyny öňe sürdi.

Bu pikirleri Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen adamlaryň köpüsi tassyk etdi. Ne şäherde, ne-de obalarda bolçulyk bar, adamlaryň köpüsi tomsuna gökden, akdan garnyny doýrup bilmeýär, her kim alanja azygyny tygşytlap iýmeli bolýar, soňky ýyllarda hökümet tygşytly bolmagy gaty gowy öwretdi diýip, adamlar aýdýar. Öňki prezidentiň importyň ornuny tutýan önümleri köpeltmek talaby bolsa, ozal daşary ýurtlardan getirilýän arzan önümleriň hem gymmatlamagyna, ýene garyp halkyň kösenmegine getirdi diýip, ýurt içinden gelýän habarlarda aýdylýar.

Balkanda ýerleri ellerinden alnan adamlar gynanmady

Balkan sebitinde, hususan-da Gyzylarbat, Bereket etraplarynda adamlar, habarçymyzyň aýtmagyna görä, kärende ýerleriniň ellerinden alnyp, telekeçilere berilmegine gynanmadylar. Bu ýagdaý sowet ýyllarynda öz ýeriniň, mülküniň bolmagyny arzuw eden we azat bazar gatnaşyklaryna geçilmegine gaty begenen adamlaryň ýerden ýa-da öz döwletlerinden eden umytlarynyň çykmandygyny aňladýar.

“Oba reformasyna garaşan daýhanlar umytlaryny üzüp, potrat ýerlerini, gowaça, bugdaý ekmek we pagta, däne hasyllaryny ýetişdirmek tabşyryklaryny döwletiň boýunlaryndan asan agyr daşy ýaly duýup başladylar” diýip, radionyň balkanly söhbetdeşi aýtdy.

“15 ýyldyr girdeji ýok, kärende ýeriň gyrasyna malyňy daňmak gadagan, gowaça meýdanynyň gyrasyna iki hatar gawun, terne ekmäge rugsat berilmeýär. Nyýazow döwründe kärendeçilere iki joýa gawun, terne ekip almaga hut Nýazowyň özi rugsat beripdi, uly Berdimuhamedow döwründe gowaçadan gaýry ýeke düýp garpyz, gawun ekilen bolsa, ýa-da sygyr, geçi daňylgy bolsa, kärendeçi jerime tölemeli boldy” diýip, kärendeçileriň biri gürrüň berdi.

“Girdeji almasa, daýhanlar işlemez, olar adam, taýak bilen diňe eşek işledilýär” diýip, ol sözüni dowam etdirdi. “Häzir internet asyry, adamlar pagtanyň dünýädäki birža bahasyny, beýleki ýurtlardaky oba hojalyk tehnologiýasyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowy bilýärler. Bizde dahanyň uly azap bilen ýetişdiren 5 tonna pagtasy 200 amerikan dollary möçberinde gazanç etmek mümkinçiligini hem bermeýär. Biržada 1 tonna pagta süýümi 7 müň dollar bahalanýar, 5 tonna pagtadan 2 tonna süýüm çykanda 14 müň dollar pul bolýar, halal gazanan halal zähmet pullaryny bersin hökümet, daýhanlar her gektardan 50 sentnere çenli pagta ýetişdirer, ýeri el bilen, pil bil agdaryp, sürüp çykar, daýhana pul bermän, mugt işledip, uly hasyla garaşmak ýaly uly ýalňyşlyk ýok, daýhan ýalta diýmek aňsat, olar adam, haýwan däl” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Şeýle-de ol döwletiň kärendeçileriň ýerlerini alyp, telekeçilere bermeginiň çykalga däl-de, öz pikiriçe, ýalňyşlygyň dowamy bolup görünýändigini belledi.

“Döwlet daýhan ýerlerini telekeçilere berip, uly ýalňyş karar kabul etdi, şu şertler bilen ýer alan telekeçiler hem ýalňyşdy, bu özgertmeler oba hojalygynda öňegidişlik bolmaz, öňküsinden beter bolar, telekeçiler töleg aşagynda, agyr bergili bolup galar, şu ýylyň özünde hem türmä gitjek telekeçi köp bolar” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistanyň oba hojalygyndaky kynçylyklar, hünärmenleriň köpüsiniň pikiriçe, döwletiň pagta, bugdaý planlary we mejbury zähmet praktikasy, daýhalary arzan işçi güýçji hökmünde ulanmakdan el çekmezligi bilen bagly.

Pagtaçylyk dogduranam şeýle gerekmi?

Azatlyk bilen dürli döwürlerde açyk we anonimlik şertinde gürleşen synçylaryň, hünärmenleriň köpüsiniň pikiriçe, Türkmenistanda pagtaçylyk häzirki görnüşinde döwlet üçin peýdaly däl, zyýanly. Ol suwuň köp ýitirilmegine, ýerleriň zaýalanmagyna, azyk önümleriniň azalmagyna sebäp bolýar.

"Döwlet pagtany diňe içerki dokma fabriklerine ýeter ýaly möçberde öndürmeli ýa-da özüne gerek çig maly özbek, täjik döwletlerinden satyn almaly, şonda ol häzirkisinden has peýdaly bolardy” diýip, ýerli hünärmen aýtdy. Onuň pikiriçe, pagta derek, ýurduň ilatynyň iýjek gök, bakja önümlerini, beýleki azyk önümlerini öndürmeli, olary import etmän, eksport ediji bolmaly. "Sebäbi dünýä bazarlarynda azyk önümlerine bolan isleg, talap köpelýär, pagta beýle däl, mejbury zähmet bilen öndürilýän pagta bolsa hasam erbet, ol diňe adam hukuklaryny äsgermeýän açgöz emeldarlar we iş adamlary üçin gowy” diýip, hünärmen aýtdy. "Ozaly içerki bazarlary azyk bilen üpjün etmeli, azyk ilki öz halkymyza gerek“ diýip, hünärmen aýtdy.

Türkmen hökümeti, görnüşinden, bir tarapdan ilata ýeňillikli bahadan goýberilýän käbir harytlary saklap galyp, adamlaryň nägileliginiň has ulalmagyndan gorkýandygyny tassyk edýär, ikinji tarapdan ýurtdaky azyk meselelerini ýaranjaň aksakgallaryň gürrüňleri bilen çözmäge bil baglaýar. Azatlygyň habarçylary ýurduň dürli künjeklerinde ýaşaýan ýaşaýjylaryň azyk önümlerini satyn almak mümkinçilikleri bilen gyzyklanyp, ol önümleriň aýlyga ýaşaýan adamlar üçin köplenç elýeterli bolmýandygyna, bu meseldäki nägileleikleriň barha ulalýandygyna şaýat boldular.

‘Dişleýän’ bahalar

Günbatar Türkmenistanyň kenarýaka Türkmenbaşy etrabynda Gökdepeden getirilen bidäne üzümiň 1 kilogramy şu günki günde 25-30 manat bahalanýar, garpyzyň kilogramy 7 manat, gawunyň kilogramy 17 manat, erik 35-40 manat aralygynda bahalanýar, armyt 30, garaly 20 manat, täze kädiniň 1 kilogramy 20 manat, pomidor – 15, hyýar 10 manat diýip, habarçy aýtdy.

Diňe gök önümler däl, maldarçylyk sebitinde ýerleşýän hem bolsa, Türkmenbaşy etrabynda 1 litr gaýmak 50 manat, 1 litr süýt 18-20 manat bahalanýar.

Kenarýaka şäheriň bazarlaryndakydan tapawutlylykda, aýdaly, Ahaldaky bazarlarda üzümiň kilogramy 8-10 manat, garpyzyň kilogramy – 4, gawun – 7 manat bahalanýar. Aşgabadyň bazarlaryndaky gök-bakja, süýt-gatyk önümleri Türkmenbaşy şäheriniň bazarlaryndaky önümlerden has arzan.

"Men bir döwletiň içinde, özümizde önýän gök-bakja, süýt-gatyk önümleriniň bahalarynyň şeýle uly tapawudynyň bolmagyna, olaryň ýönekeý adamlar üçin şeýle gymmat bolmagyna düşünip bilemok, eger olar daşary ýurtdan getirilýän bolsa, gümrük tölegleri, ýol çykdajylary, barlag harajatlary we beýlekiler bahasyny artdyrýar diýseler düşünerdim” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy. Onuň tassyklamagyna görä, Tejen gawuny, Gökdepe üzümi, Lebap garpyzy we miweleri köp adam, ýönekeý býujet işgärleri üçin elýeterli däl...

Azatlyk bilen gürleşen adamlaryň käbiri ýaşaýjylaryň ýarysyndan hem köpüsiniň öz isleýän gök önümlerini satyn almaga gurbunyň ýetmeýändigini aýtsa, käbiri ilatyň diňe 15-20 göteriminiň öz isleýän gök önümlerini satyn alyp bilýändigini çaklaýar.

“Birki günlükde Mämmet atly pensioner goňşym agtygyna bir gawun alyp beripdir, begenip gürrüň berdi” diýip, habarçy aýtdy.

Lebapdaky habarçymyz bu ýyl üzümiň öňki ýyllara garanda has gymmatlandygyny, öň 5 manatdan satylan bolsa, indi kilogramynyň 15-20 manada çykandygyny habar berdi. Bu gyşyň agyr gelmegi we üzüm agaçlaryny sowuk urmagy bilen düşündirilýär. Lebapda satylýan gawun-garpyzyň köpüsi Marydan, Tejenden gelýär, Lebapda gawun-garpyz gaty az ekilýär diýip, habarçy aýtdy. Ýöne bu sebitde gök, bakja önümleri Türkmenbaşydakydan has arzan, aýdaly, garpyz – 2,50, gawunyň iň arzany 4 manat bahalanýar, alyp-satarlar kilogramyny 5- manatdan satýarlar. Olary her kim satyn alyp, çagalary bilen iýip bilmeýär diýip, habarçy aýtdy.

Bu ýagdaýy beýleki habarçylarymyz bilen gürleşen adamlar hem tassyk etdiler. “Türkmen maşgalalarynyň köpüsi tomsuna gawun-garpyz, üzüm iýip bilmeýär. Pomidor, hyýar, süýt-gatyk ýaly önümleri hem gündelik almaga ýagdaý ýok. Adamlaryň aýlyklary bir aýa ýetmeýär” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistan garaşsyz žurnalistler, erkin habar taýýarlamak üçin ýapyk ýurt bolansoň, güneşe baý, bereketli türkmen topragynyň bol önümi bolan gawun-garpyzyň we beýleki gök-bakja, miwe önümleriniň, süýt-gatygyň, düýe çalynyň sarp edilişi, ilatyň olary satyn almak mümkinçiligi barada sosial barlag geçirmek ýa-da adamlar bilen wideo, audio söhbetdeşliklerini gurmak mümkinçiligi ýok.

Aýdylmagyna görä, azyk önümleriniň ýyl-ýyldan azalmagynyň we bahasynyň gymmatlamagynyň sebäbi dürli-dürli bolup, ol esasan ýurtdaky ykdysady azatlygyň derejesine bagly. Käbirleri bu sebäbi sada oba adamlarynyň ekin ýerleriniň gyrasyna öz iýjek azyklyk ekinlerini ekip bilmezligi bilen düşündirse, beýlekileri bu gadaganlygyň telekeçilere degişli däldigini aýdýar.

“Telekeçiler öz potrat ýerleriniň gyralarynda, hatda gowaça meýdanlarynda hem kädi, garpyz ekýärler. Häkimlik olara azar bermeýär. Sada daýhanyň gowaça ýa bugdaý ýerinde ekilen kädi, garpyz pazyllaryny bolsa, üstünde durup, ýetişip barýan wagtynda çapdyryp aýyrtdylar. Daýhanyň arzy-haly bilen gyzyklanýan ýok” diýip, radionyň söhbetdeşleriniň biri işsiz ýa-da tapan işini edip gün görýän adamlaryň gawun-garpyzy diňe awgust aýynyň soňunda, gaty arzanlanda iýip bilýändigini aýtdy.

Ýurtdaky garyplygyň fonunda, üzüm, alma ýaly önümler, käbir adamlaryň pikiriçe, sag adam üçin däl, diňe näsag adamlar üçin satyn alynmaly ýaly diýip, habarçy aýtdy. Radionyň habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýaşaýjynyň ynanjyna görä, bu hili önümleri köp adam diňe näsag soramaga gidende, 2-3 sany edip ýa-da gramlap satyn alýar. Şeýle-de, bu önümler diňe baýramçylykda, toýda, hususan-da Täze ýyl saçagyny bezemek üçin sanalyp alynýar, doýagarna iýmek üçin däl diýen düşünje bar.

Ýaşuly adamlaryň gürrüň bermeklerine görä, ozallar gawun-garpyz sürlüp hem, ýap boýlaryna-da, düme görnüşinde hem ekilipdir we bol hasylyň yrýa bolmazlygy, ýere siňip galmazlygy üçin kak, sök edýän, toşap gaýnadýan maşgala köp bolupdyr, mal bakyp, paçaklary, içi düşen ýa şagal zaýalan läşeki gawun-garpyzlary hem zaýa etmän ulanypdyrlar. Ýöne indi, bazarda bolsa-da, kak, toşap edýänleriň örän azalandygy aýdylýar. Şeýle-de, ýerli üzümden edilen kişmişiň, ýerli pomidordan edilen tomatyň, ajiganyň bazara çykarylýandygyny, ýöne bu hili ýerli önümçilikleriň gowy ösdürilip bilinmändigi aýdylýar. Bu ýagdaýlar birleşip, ilatyň naharlanmak, wgatly-wagtynda we gowy iýip-içmek medeniýetiniň ýyl-ýyldan peselemegine alyp gelýär diýip, synçylar aýdýar.

Saglyk - agyzdan

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan sowet ýyllarynda çaga ölüminiň derejesi sebitdäki iň agyr ýagdaýdaky ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edildi. Soňky ýyllarda ýurduň ilatynyň saglyk ýagdaýy, ölüm derejesi, şol sanda dogulýanlar we bäş ýaşyna ýetmän ölýän çagalar baradaky maglumatlar çap edilmeýär. Emma Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen lukman ýaraman hassahana düşýän ýaşlaryň analizi alnanda, olarda witamin ýetmezçiliginiň köp duşýandygyny aýtdy.

"Göwreli enäniň bedenindäki witamin ýetmezçilikleri ýatgydaky çaganyň ozal göwrede ýeterlik boý alyp bilmezligine, doga igli bolmagyna sebäp bolýar. Şeýle-de, ene-atalaryň köpüsi, maddy ýagdaýlary sebäpli, çagalaryna dürli witaminlere baý bolan önümleri iýdirip bilmeýär. Bu çagalaryň bedeniniň, beýnisiniň berkemeginde, ruhy saglygynda mesele döredýär” diýip, lukman aýtdy. Onuň pikiriçe, soňky döwrüň syýasaty yzdan gelýän nesilleriň saglyk ýagdaýynyň peselmegine sebäp bolýar.

Oba hojalyk ýolbaşçylaryny täzeläp, öňki ýagdaýy saklap galmak “çykalgasyny” ogluna geçiren öňki prezidentiň 18-nji iýulda sözlän sözüne dolanyp gelsek, ol oba hojalyk toplumyny ösdürmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň çözülmändigini umumylykda tassyklaýar.

“...oba ýerleriniň durmuş taýdan özgerişini çaltlandyrmak zerurlygynyň ýüze çykýandygyny” boýun alan Berdimuhamedow bu pudagyň işini netijeli dolandyrmagyň, dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli önüm öndüriji hojalyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmagyň, tohumçylyk, ýer, suw meseleleri boýunça teklipleriň taýýarlanmagynyň wajypdygyny” aýtsa-da, synçylar türkmen hökümetiniň ýurdy açlygyň gyrasyna getiren oba syýasatyny üýtgedip, adamlaryň pikirini diňläp biljekdigine ynanmaýarlar.

“Importy azaltmak, eksporty köpeltmek syýasaty esasan kagyz ýüzünde galdy, edilýän iş az, döwlet gowaçadan el çekip bilenok, netijede miweli baglar, gök, bakja ekinleri, maldarçylyk üçin zerur bolan ýer bölekleri berilmeýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli hünärmen, "Berdimuhamedow teklip taýýarlanmagy wajyp” diýýän bolsa, pikirini açyk bolmasa-da, bolmanda anonim görnüşde aýtjak adamlaryň tapyljakdygyny aýtdy.

Onuň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda suwarymly, oba hojalygynda ulanyp bolýan ýer az, arryklan, şorladylan ýerler bolsa pikir edilişinden hem kän, suw barmasy kynalan ýa kesilen ýerler hem az däl.

“Eger dogry maglumat berilýän bolsa, ýokarky ýolbaşçylar häzirki ýagdaýda gök, bakja, miwe önümlerini eksport etmegiň boş arzuwdan başga zat däldigini oňat bilmeli. Eger-de içerki bazary özümizde ýetişdirilen gök, bakja, beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmek isleseler, Türkmenistanda gowaça ekmekden el çekmeli, gowaça ekilýän ýerleriň iň azyndan 70%-ni gök, bakja ekinleri, miweli baglar, maldarçylyk üçin bölüp bermeli” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýerli hünärmen aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG