Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus gepleşikçisi: ABŞ bilen Russiýanyň Ukraina gepleşikler “intensiw”, ýöne peýdaly


 Sumy hüjüminiň netijesi. 25-nji mart.
Sumy hüjüminiň netijesi. 25-nji mart.

ABŞ bilen Russiýanyň arasynda Ukrainada bölekleýin ýaraşyk gazanylmagy, atyşygy kesmek barada geçirilýän gepleşikler "intensiw", ýöne peýdaly diýip, Russiýanyň gepleşik toparynyň agzasy aýtdy.

"Biz hemme zat hakynda gürleşdik, bu bir intensiw gepleşik boldy, aňsat bolmady, ýöne biz üçin-de, amerikalylar üçin-de örän peýdaly" diýip, Grigoriý Karasin 25-nji martda döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugyna aýtdy.

"Köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy" diýip, ol sözüni dowam etdirdi. "Elbetde, hemme zat çözülerden uzakda, hemme zat ylalaşylmady, ýöne şeýle söhbetdeşligiň bolmagy, meniň pikirimçe, örän wagtynda edilen iş boldy" diýip, ol aýtdy.

Ozal daşary işler ministriniň orunbasary bolup işlän diplomat Karasin ABŞ-Russiýa gepleşikleriniň dowam etdiriljekdigini, oňa BMG-niň we beýleki ýurtlaryň hem gatnaşjakdygyny aýtdy, ýöne hiç bir jikme-jiklik bermedi.

Ol bu sözleri Saud Arabystanynda ABŞ wekilleri bilen 12 sagatdan gowrak dowam eden gepleşiklerden soň aýtdy. Amerikalylar 23-nji martda ukrain resmileri bilen duşuşdy. AFP we Bloomberg News, ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp, olaryň 25-nji martda ýene gepleşik geçirjekdiklerini habar berdi.

Russiýanyň ABŞ-Russiýa gepleşikleri geçirilen wagtynda Ukrainanyň Sumy şäherine eden reaketa hüjümi netijesinde 90-dan gowrak adam, şol sanda 23 çaga ýaralandy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu hüjümi "ýitgileriň, agyry-ynjynyň we weýrançylygyň, Ukrainanyň hiç haçan islemedik zadynyň" iň soňky mysaly hökmünde ýazgardy.

Zelenski Russiýanyň "bu urşuň möhletini uzaldýan, ukrain halkyna we bütin dünýä azap berýän ýeke-täk ýurtdugyny" aýtdy.

"Russiýany parahatçylyga mejbur etmek üçin berk çäreler we aýgytly hereketler zerur" diýip, ol gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy. "Biz diplomatiýany has netijeli edýän her bir güýçli inisiatiwany goldamaga taýýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha X platformasynda 24-nji martda Sumy şäherine edilen hüjüm Moskwanyň parahatçylyk baradaky gepleşikleriniň "boş" gürrüňden başga zat däldigini görkezdi diýip ýazdy.

"Moskwa parahatçylyk barada gürrüň etmek bilen, Ukrainanyň esasy şäherleriniň gür ilatly ýerlerine rehimsiz zarba urýar" diýip, ol aýtdy.

Rus tarapy hem özlerine hüjüm edilendigini habar berdi. Ukrainanyň Luhansk sebitinde bir basyp alyş resmisi ukrain güýçleriniň bu ýere atan toplarynyň alty adamy, şol sanda Russiýanyň “Izwestiýa” gazetiniň žurnalistiniň öldürendigini aýtdy.

Kremle tarapdar gazet ol žurnalisti Aleksandr Fedorçak diýip tanatdy we onuň "Harkow sebitinde" öldürilendigini aýtdy. Russiýanyň “Zwezda” kanaly, Goranmak ministrligi tarapyndan hemaýatkärlik edilýän neşir öz kameraçysynyň we sürüjisiniň Fedorçak bilen bile maglumat taýýarlaýan wagtynda öldürilendigini aýtdy.

Saud Arabystanynda geçirilen gepleşikler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukrainadaky urşy haýal etmän soňlamak ugrunda edýän tagallalarynyň bir bölegi boldy. 24-nji martda geçirilen ABŞ-Russiýa duşuşygy Saud Arabystanynda ABŞ bilen Ukrainanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň bir gün yzyndan geçirildi. Kiýew ABŞ-Ukraina gepleşiklerini "öndürijilikli" diýip atlandyrdy.

Ukrain prezidentiniň geňeşçisi Serhiý Leşçenko ukrain wekiliýetiniň Riýadda galandygyny we olaryň amerikalylar bilen ýene bir gezek duşuşmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Zelenski hem gijeki wideo çykyşynda Ukrainanyň we ABŞ-nyň wekilleriniň ýene bir gezek duşuşjakdygyny aýtdy, ýöne munuň haçan boljakdygyny anyklaşdyrmady.

TASS habar gullugynyň rus wekiliýetindäki ady aýdylmadyk çeşmä salgylanyp ýazmagyna görä, Kreml bilen Ak tam ABŞ-Russiýa gepleşikleriniň netijeleri barada 25-nji martda bilelikde taýýarlan beýanatlaryny çap etmeli.

"Roýters" habar gullugy rus çeşmesine salgylanyp, bilelikdäki beýannamanyň taslamasynyň, tassyklanylmagy üçin, Moskwa we Waşingtona iberilendigini, iki tarapyň bu beýanaty 25-nji martda çap etmekçi bolýandygyny aýtdy.

Tramp Ak tama gelen žurnalistlere gepleşikleriň territorial liniýalar we ABŞ-nyň Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna eýeçilik etmek mümkinçiligi baradaky meseleleri hem öz içine alýandygyny aýtdy.

Tramp geçen hepde bu uruş başlanan uçurlarynda Russiýa tarapyndan ele geçirilen elektrik stansiýasyny ABŞ-nyň gözegçiligi astyna geçirmek baradaky pikiri öňe sürdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gepleşikleriň tehniki meselelere, şol sanda Gara deňiz sebitinde söwda ýükleriniň howpsuzlygyna gönükdirilendigini aýtdy.

Aýdylmagyna görä, ABŞ toparyna Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň baş müdiri Endrýu Peek we Döwlet departamentiniň ýokary derejeli işgäri Maýkl Anton ýolbaşçylyk edýär.

Russiýa, Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasyndaky Daşary gatnaşyklar komitetine ýolbaşçylyk edýän Karasin we Federal howpsuzlyk gullugynyň müdiriniň geňeşçisi Sergeý Beseda wekilçilik etdi.

Saud Arabystanyndaky gepleşikler ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Ukraina urşunda atyşygy bes etmek ugrunda edilen tagallalaryň möhüm sepgidi boldy, emma Kiýewiň we Moskwanyň garaýyşlary has seresap görünýär.

"Iň aňrybaş netije arakesme. Ýöne bu entek belli däl, sebäbi gepleşikler bir-iki aý dowam edip biler" diýip, syýasy analitik Serhiý Taran Azatlyk Radiosynyň Ukraina gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

"Meniň pikirimçe, göz öňüne getirip boljak iň köp zat, belki-de, atyşygyň bes edilmegi bilen baglanyşykly käbir tehniki jikme-jiklikleriň işlenip düzülmegi bolup biler. Soňra olar yzyna, teklipler görnüşinde Kiýewe, Moskwa we Waşingtona eltiler" diýip, Taran aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG