Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nebit önümleriniň eksporty ýokarlanýan mahaly, ýurt içinde benzin gytçylygy saklanýar


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Ýangyç bekedinde benzin nobatyna garaşýan awtoulaglar. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Ýangyç bekedinde benzin nobatyna garaşýan awtoulaglar. Türkmenistan.

Lebap welaýatynda awtoulag ýangyjynyň gytçylygy ýitileşip dowam edýär. Bu aralykda, Türkmenistan daşary ýurtlara nebit önümlerini eksport edýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri we şaýatlar bu sebitde Owganystana we Özbegistana ýangyç daşaýan ýük ulaglarynyň ýeňillikli gümrük barlaglaryndan peýdalanýandygyny aýdýarlar.

Ýerli sürüjiler häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Çärjew, Köýtendag, Darganata, Hojambaz we Saýat etraplarynda, şeýle-de Türkmenabat, Kerki, Seýdi we Farap şäherlerinde benzin ýetmezçiliginiň ýitileşýändigini aýdýarlar.

“Ýangyç beketleriniň öňünde dyngysyz nobatlar emele gelýär” diýip, birnäçe türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdylar.

“A92 we A95 kysymly benzin ýok, sürüjiler benziniň pes hilli görnüşlerini satyn almak üçin nobata durýarlar, ol ýangyç diňe köne ulaglara ýaramly” diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Sebit merkezindäki ýangyç beketlerinde “Žiguli” ýa-da “Moskwiç” ýaly sowetler döwründen galan köne awtoulaglary hem görmek bolýar.

“Türkmennebitönümleri” kärhanasynyň ýangyç beketlerinde awtoulag benzininiň birnäçe görnüşleri, şol sanda A80, A92 we A95 benzinleri içerki sarp edijilere hödürlenýär.

Günodgar sebitde ýangyç gytçylygy dowam edýän mahaly, Türkmenabat şäheriniň içeri işler edaralaryndaky bir çeşme häkimliklere hem-de hukuk goraýjy edaralara bölünip berilýän ýangyjyň häkimlik we prokuratura işgärleri tarapyndan satuwa çykarylýandygyny aýdýar.

“Bu işleri degişli edaralaryň sürüjileri ýerine ýetirýärler. Bu zatlardan başlyklaryň hem habary bar” diýip, içeri işler edaralaryndaky çeşme aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli edaralardan resmi teswir alyp bilmeýär.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurtda benzin gytçylygy ýitileşip dowam edýär, soňky sapar Azatlyk Radiosynyň habarçylar iýulyň birinji hepdesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, iýunyň ahyrlarynda bolsa, Lebap we Mary welaýatlarynda emele gelen benzin gytçylygy barada habar berdiler.

Bu aralykda, ýangyç serişdelerine baý Türkmenistan daşary ýurt döwletlerine nebit önümleriniň, şol sanda awtoulag benzininiň eksportyny dowam etdirýär.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) 22-nji iýulda Döwlet-haryt çig mal biržasynda nebithimiýa önümleriniň düşewüntli söwdasynyň hasaba alynýandygyny habar berýär.

Biržanyň resmi web sahypasy tas her gün nebithimiýa önümleriniň söwdasy boýunça geleşikleri hasaba alýar. Nebit önümleri Owganystan ugry boýunça hem eksport edilýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri we şaýatlar Owganystana nebit önümlerini alyp barýan ýük ulaglaryna “Ymamnazar” awtoýol gözegçilik-geçiriş nokadyndaky gümrük barlagynda ýeňillikleriň hödürlenýändigini aýdýarlar. Özbegistana ýangyç daşaýan ýük ulaglary hem birmeňzeş ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

“Ýangyç maşynlary serhetden nobatsyz we ýeňilleşdirilen formada geçirilýär” diýip, bir kerkili şaýat Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Birža maglumatlaryna görä, owganystanly telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen uçar kerosinini hem satyn alypdyrlar. Has ozal, 2-nji iýulda we 4-nji iýulda hasaba alnan birža söwdalaşmalarynda owganystanly işewürler Türkmenistandan EKO-93 kysymly awtoulag benzinini hem satyn alypdyrlar.

ECO-93 benzini Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodlar toplumynda öndürilýär.

Ýatlasak, 2019-njy ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Gökdepe etrabynda umumy kuwwatlylygy ýylda 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazdan 600 müň tonna ECO-93 görnüşli awtomobil benzinini, 12 müň tonna arassalanan dizel ýangyjyny hem-de 100 müň tonna çemesi suwuklandyrylan gazy öndürmäge ukyply zawod açyldy.

Ýangyç gytçylygy dowam edýän Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumlary ýerleşýär. Bu senagat desgalarynda beýleki käbir nebit önümleri bilen bir hatarda awtoulag benzininiň A80, A92 we A95 görnüşleri öndürilýär.

Bu aralykda, Türkmenistan soňky ýyllarda Ýewropa ugry boýunça nebit önümleriniň eksportyny artdyrdy.

Azerbaýjanyň “Trend” neşiriniň Ýewropa Bileleşiginiň “Eurostat” statistika edarasyndaky bir çeşmä salgylanyp habar bermegine görä, Türkmenistan 2023-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine umumy bahasy 1 milliard 50 million ýewrolyk nebit önümlerini eksport etdi.

Maglumata görä, Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda ÝB ýurtlaryna 107,2 million ýewro möçberinde nebit önümlerini eksport edipdir.

Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti import-eksport maglumatlaryny çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG