Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda awtoulag benzininiň gytçylygy emele geldi


Ýangyç guýujy beket. Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Ýangyç guýujy beket. Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanyň iň iri nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýerleşýän ýeri bolan günbatar Türkmenbaşy şäherinde geçen hepdede awtoulag benzininiň gytçylygy emele geldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy anna güni beren maglumatynda ýangyç ýetmezçiliginiň üç gün çemesi wagt bäri dowam edýändigini habar berdi.

Habarçymyz 8-nji iýulda günüň ikinji ýarymynda iberen goşmaça maglumatynda, şäherdäki benzin gytçylygynyň heniz hem dowam edýändigini maglumat berdi.

“Ýangyç guýujy beketlere el bilen ‘benzin ýok’ sözüni ýazyp, asyp goýupdyrlar. Beketlere barsaň, benzin guýujy operatorlar öz otaglarynda uklap ýatyrlar, ‘benzin ýok’ diýip, zordan jogap berýärler” diýip, bir balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şäherde Türkmenbaşy halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýän 75 belgili ýangyç guýujy beketde, hem-de nebiti gaýtadan işleýän iri zawodlar toplumynyň golaýynda ýerleşýän 38 belgili beketde diňe hukuk goraýjy edaralaryň awtoulaglaryna niýetlenip, gündelik az mukdarda benziniň satylýandygyny habar berýär.

“Bu edaralara-da irden sagat 7-ä çenli özlerine zerur bolan ýangyç serişdelerini almagy tabşyrypdyrlar” diýip, bir ýerli çeşme anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Şäherde emele gelen ýangyç gytçylygy transport serişdeleriniň hereketini düýpli çäklendirdi diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar. Şol bir wagtda, bu ýagdaý döwlet we hususy eýeçilikdäki taksi kärhanalarynyň işine hem oňaýsyz täsir etdi.

“Şu gün günortana golaý 61 belgili ýangyç bekediniň işgärlerinden benziniň haçan gaýtadan satylyp başlanjakdygyny anyklajak boldum” diýip, bir ýerli ýaşaýjy anna güni Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi we hiç hili jogap alyp bilmändigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Benzin gytçylygy şäherdäki Tiz kömek ulaglarynyň işini hem çäklendirdi, köpçülik transport serişdeleriniň bolsa, diňe dizel bilen işleýän görnüşleri hereket edýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

Ýangyç guýujy stansiýalarda benziniň hiç bir görnüşi tapdyrmaýar. Bu sebitiň iri nebit kärhanasynda awtoulag benzininiň A-80, A-92 we A-95 görnüşleri öndürilýär.

Günbatar sebitde soňky sapar geçen ýylyň tomus we güýz aýlarynda benzin gytçylygy ýitileşipdi.

Ýerli sürüjiler öňler şeýle gytçylygyň emele gelen halatlarynda özleriniň ýangyç zerurlyklaryny benziniň gara bazarynyň üsti bilen kanagatlandyryp bilendiklerini aýdýarlar, ýöne häzirki wagtda ýangyç “teýden hem” tapdyrmaýar.

“Ozallar ýeňil awtoulaglar üçin benziniň gara bazary hereket ederdi. Ýöne bu sapar olarda hem benzin ýok” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Türkmenbaşy şäherinde ýurduň iň iri nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýerleşýär. Bu toplumda diňe geçen ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 3,5 million tonna golaý çig nebit gaýtadan işlenipdir.

Bu kärhananyň käbir hünärmenleri toplumyň A-92 we A-95 benzinleri öndürilýän iki blogynda, enjamlaryň ýetmezçiligi sebäpli, soňky iki hepdäniň dowamynda benzin önümçiliginiň wagtlaýyn togtadylandygyny aýdýarlar. Dowam edýän ýangyç gytçylygy bu ýagdaý bilen baglanyşdyrylýar.

Azatlyk Radiosy şäherdäki ýangyç gytçylygynyň mümkin bolan sebäpleri boýunça ýerli resmilerden teswir alyp bilmeýär.

Toplumda mundan ozal 2020-nji ýylyň dekabrynda iki desganyň durkuny täzelemek meýilleşdirilipdi. Şonda bu işleri 18 aýyň içinde tamamlamak göz öňünde tutulypdy.

Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde nebiti gaýtadan işleýän iri kärhanalar hereket edýär. Şeýle-de, ýurduň Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän iri zawod bar.

Muňa garamazdan, soňky ýyllarda ýurduň çäginde awtoulag ýangyjynyň gytçylygy gaýtalanyp başlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary iýunyň ahyrlarynda Lebap we Mary welaýatlarynda hem benziniň gytçylygynyň emele gelendigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG