Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Men saklandym, maňa ýazmaň!': Azatlygyň žurnalisti nädip Krymda assyrynlykda işledi


Artýom Lysak Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň "Krym hakykatlary" taslamasynda 2016-2020-nji ýyllarda žurnalist boldy.
Artýom Lysak Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň "Krym hakykatlary" taslamasynda 2016-2020-nji ýyllarda žurnalist boldy.

“Emmy” baýragynyň ýeňijisi bolan žurnalist Artýom Lysak Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krymda assyrynlykda habarçy bolup işläp, öz erkinligini howp astyna saldy. Ol FSB-niň sorag edişliklerinden, yzarlanmak gorkusyndan, hem-de yzygiderli tussag edilmek howpundan baş alyp çykdy, şol bir wagtda, anneksiýa astyndaky durmuşy, adam hukuklarynyň basgylanmagyny dokumentleşdirdi. Ol 2016-2020-nji ýyllar aralygynda Nazar Sytnyk tahallusy bilen Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Krym hakykatlary” (Krym.Realii) taslamasynda habarçy boldy.

Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny basyp almagyndan soňra, ukrain žurnalistleri gorkuzmalar we zorluk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Eýýäm 2015-nji ýylyň martynda, olar diňe Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň, beren ýagdaýynda örän seýrek berýän, akkreditasiýasy bilen işläp bilýärdiler. Töwekgelçiliklere garamazdan, Lysak köplenç öz azatlygyny howp astyna salyp, basyp alynma astyndaky durmuş barada habar bermegi dowam etdirdi.

“Men arassa howany, blog ýöretmegi we tebigaty söýýärin”

“Meniň ýönekeý taýýarlygym bardy” diýip, Lysak aýdýar. “Bu meniň sosial media hasaplarymy arassalamaklygy – Ýewromaýdan protestlerinde düşüren suratlarymy, ukrain baýdagy bolan ýa-da ukrain esgeri bolan islendik suraty aýyrmaklygy aňladýardy. Men ähli çatlary pozup aýyrdym. Şol ilkinji basgançakdy. Men hatda telefondaky belgilerimi hem pozup aýyrdym, ýa-da, meselem, redaktorlarymyň aragatnaşyk maglumatlaryny düýbünden başga atlar bilen saklap goýdum. Kimdir biri meniň telefonymy barlan ýagdaýynda, elbetde, telefon düýbünden arassa bolmalydy” diýip, ol aýdýar.

Lysak özüniň operatorlyk işleri şübhe oýandyrmaz ýaly, ýa-da gereksiz üns çekmez ýaly, özi barada toslama rowaýat hem oýlap tapypdyr.

“Men hatda YouTube sahypasyny hem döretdim we ol ýere birnäçe wideolary hem ýükledim. Olaryň käbirlerini men Internetden indirip, öz sahypama ýükläpdim, men, hamala, taryhy ýerler bilen gyzyklanýardym. Bu meniň üçin kamuflýažyň bir bölegidi. Men hatda tomaşaçy çekmek üçin bu kanaly götergilemäge-de synanyşdym. Men öz hekaýama görä, hamala blogger, bir mahabat gullugynda işleýän marketing kopiraýtçysy bolmalydym, ýöne Krymy, onuň howasyny, tebigatyny we ol barada blog ýöretmegi söýýärdim. Men ol ýere syýahat edýärin we wagtal-wagtal ol ýerden uzak aralykdan işleýärin diýdim. Bu meniň hekaýamdy we muny üýtgetmeli däldim”

Lysagyň maşgalasy, onuň ýakyn dostlary we hatda onuň işdeşleriniň köpüsi onuň anyk näme iş bilen meşgullanýandygyny bilmeýärdi.

“Meselem, meniň ejem men Polşa gidip işleýändirin öýdýärdi. Men hatda oňa näme üçin jaň edip bilmeýändigimiň sebäpleri barada hem düşündiriş taýýarlapdym, men özümiň Polşada bolandygymy aýdýardym, bu ýerden jaň etmek kyn diýýärdim. Hatda meniň dostlarym hem, uzak wagtlap bilmediler, diňe meniň ýakyn dostlarym, belki-de başga-da birnäçesi bilýärdi. Bu psihologiki taýdan agyrdy... Birinjilik bilen, sen hakykatda näme iş bilen meşgullanýandygyňy hiç kim bilen paýlaşyp bilmeýärsiň. Haçan-da kimdir biri menden, näme işleýärsiň diýip sorasa, men özümiň “döredjilik arakesmesinde” bolandygymy aýdýardym” diýip, Lysak Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyndan Dmytro Ýewçine gürrüň berdi.

Krymda söz azatlygyna bagyşlanyp, ýöriş geçirilýär. Simferepol. 10-njy mart, 2014 ý.
Krymda söz azatlygyna bagyşlanyp, ýöriş geçirilýär. Simferepol. 10-njy mart, 2014 ý.

Lysak basylyp alnan Krymdan eksklýuziw maglumatlary taýýarlady, ol syýahatçylyk möwsümi, prawoslaw kilisesine edilýän basyşlar, krym tatarlarynyň yzarlanmagy, Tawrida magistralynyň hem-de Kerç köprüsiniň bikanun gurluşygy hem-de LGBT jemgyýetlerine görkezilýän basyşlar ýaly temalar boýunça maglumat taýýarlady. Ol Krymda işlemek boýunça özi üçin howpsuzlyk düzgünlerini hem işläp düzdi.

“Men bir şäherde üç günden köp galmaýardym... Men arka asylýan sumka göterýärdim we mydama aýlanyp gezýärdim” diýip, Lysak aýdýar. “Men käwagt, paranoýalar ýaly, meni kimdir biri yzarlaýandyr diýen duýgulary başdan geçirýärdim. Diňe şeýle pikirler üçin, men göçmeli diýip, awtobusa münüp, başga bir şähere gidýän wagtlarym bolýardy. Awtobusda bir adama duş gelýärsiň, soňra bolsa başga bir şäherde suwuň gapdalynda ýene şol bir adama duş gelýärsiň, we bu zatlar meniň hyýalymda bolup geçýärmi, bu tötänlikmi, ýa-da kimdir biri, hakykatdan-da, meni yzarlaýarmy diýip, oýa batýarsyň”

Artýom Lysak. Ýanwar, 2025
Artýom Lysak. Ýanwar, 2025

Bir gezek, Lysak Kerç şäheriniň golaýynda wideo ýazgy edip ýörkä, ondan öz telefon belgisini ýerli bir aktiwist bilen paýlaşmaklyk soralýar, ol möhüm bir maglumat paýlaşjak ekeni. Ol aktiwist biraz soňra jaň edip, awtobus menzilinde duşuşmagy teklip edýär – ýöne ol ýere barmaýar.

Men olary eýýäm görüpdim: iki sany FSB işgäri

“Men ol ýerde garaşyp durun we men eýýäm olary gördüm – iki sany FSB işgäri. Men dessine bildim. Olar ‘agşamyňyz haýyrly bolsun, FSB. Sen kim, bu ýerde näme iş bilen meşgullanýarsyň’ diýip, soradylar. Men olara ukrain pasportymy görkezdim. Olaryň birisi ‘haýyş edýäris, ulaga münüň’ diýdi. Men ‘siz bilen ýörärin, ýöne ulaga münjek däl’ diýdim. Olar ýuwaşlyk bilen meniň öňümden ýöräp barýardylar, men biraz yzda galmaga çalyşýardym. Men jübümdäki telefonymy açyp, ekrana seretdim we çaltlyk bilen redaktoryma hat ugratdym; men saklandym, maňa ýazmaň’. Şol meniň çaty pozmazdan ozal iberip bilen zatlarym boldy”

Lysak FSB-niň edarasynda özüniň ruslar tarapyndan sorag edilýändigini anyk bilýär – olaryň aksentleri, Krymyň geografiýasy barada düýbünden bilmeýän zatlary muňa şaýatlyk edýär.

“Meni bir adam soraga çekýär, soňra başga biri gelip, şol bir soraglary berýär. Soňra, üçünjisi gelip şol bir zatlary aýdýar. Oňa çenli, olar bireýýäm meniň telefonymy alypdylar. Onýança, bir FSB agenti içeri girip, ‘Artýom, seniň erkek doganyň barmy’ diýip sorady. Men telefondaky ähli belgilerimi pozandygyma garamazdan, telefondaky kontaktlarda meniň erkek doganymyň adynyň anyk bolmandygyny bilýändigime garamazdan, ýalan sözlemegiň manysy ýok diýen netijä geldim. Olar anyklamak islesediler, anyklardylar. Şonuň üçin, men, ‘hawa erkek doganym bar’ diýdim. Soňra ol, ‘uýaň barmy’ diýip sorady. Men ‘ýok, uýam ýok’ diýip jogap berdim. Şonda ol bir geň zat aýtdy. Ol ‘özüni seniň uýaň hökmünde tanyşdyrýan birisi ýaňyja saňa hat ýazdy’ diýdi. Görüp otursam, meniň habarlaşyp bilen redaktorlarymdan biri maňa, hamala, uýam ýaly bolup hat ýazypdyr, ‘ýagdaýlaryň nähili’ diýip sorapdyr.

Lysak şonda dogrusyny aýtmaly diýen karara gelýär.

“Men ilkinji ýalan aýdylandan soňra, sorag edişligiň üçünji sagadynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyndaky kartymy çykaryp görkezdim. Oglanlar, men Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugy üçin ştatdan daşary habarçy hökmünde surata-da düşürýärin, men syýahat edýärin, ony edýärin, muny edýärin diýdim welin, olar ‘düşnükli’ diýdiler”

Lysagyň Krymda kireýine ýaşaýan kwartirasy barlanýar, onuň kompýuterini we beýleki enjamlaryny alýarlar, hiç hili bikanun zat tapylmaýar. Ýöne, takdyr birden garaşylmadyk wakalara duçar edip başlaýar. Ol 23-nji fewralda, Russiýada milli baýramçylyk bolan watan goragçylarynyň gününde tussag edilýär.

“Men olaryň koridorda meniň nädip olaryň gyzlar bilen sauna gitmek baradaky planlaryny bozandygym barada şikaýat edýän gürrüňlerini eşitdim” diýip, Lysak ýatlaýar. “Olar başlyklaryny çagyrdylar. Başlyk gelýär, näme etjegini bilenok. Olaryň hiç haýsy näme etjegini bilenok. Olar kosak pisint keseki adamlardy we munuň bir topar hasabat, bir topar goşmaça iş boljagyna düşündiler”

Görnüşinden, FSB ofiserleri öz dynç alyşlaryna zyýan ýetirmezlik maksady bilen, Lysakdan özüni wideo ýazgy etmegi, onda özüniň Kryma pul gazanmak üçin gelendigini aýtmagy teklip edýärler. Ol wideo ýazgy edýär, şondan soňra, ony goýberýärler. Lysak daňdan sagat 5-de awtobusa münýär we Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krymyň administratiw çäginden Ukraina geçmegi başarýar.

Krym bilen aradaky administratiw çäk. Kalançak barlag nokady. Ukraina, 2018
Krym bilen aradaky administratiw çäk. Kalançak barlag nokady. Ukraina, 2018

Bolup geçen şeýle kynçylyklardan soňra, Lysak özüniň meýdan işine arakesme berýär. Ol Krym saparlaryna gaýtadan başlamazdan ozal, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Kiýewdäki edarasynda alty aý işleýär. Şondan soňra, ol tas bir ýyl töweregi gidip gelip durýar, Krym hakykatlary taslamasyna wideo ýazgy edýär, ýöne soňra ýene bir gezek FSB tarapydan soraga çagyrylýar.

Bu gezek Lysaga jogapkärçilige çekmek bilen haýbat atylýar. Ol rus kanunçylygy esasyndan bikanun žurnalist bolup işlemekde hem-de Kryma iş üçin sapar edýändigini mälim etmezlikde aýyplanýar. Ol kazyýete garaşmaga derek, töwekgelçilik almaly diýen karara gelýär we ýene bir gezek serhetden aşmagy başarýar. Şondan soňra, ol gaýdyp Kryma dolanmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG