Maryda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri köçelere we raýatlaryň hususy awtoulaglaryna gözegçiligi güýçlendirdiler. Şu günler Marynyň ýol polisiýasy köçelerde düzgün bozan sürüjileri gözleýärler. Baýramaly etrabynda bolsa, polisiýa sürüjilerden tekerleriniň disklerini we ulaglarynyň gapdal aýnalaryny ak ýa-da kümüşsow reňke boýamagy talap edýär.
"Häzir sähel bahana tapsalar, ulaglary jerime duralgasyna alyp gidýärler. Polisiýa işgärlerini köçeleriň dürli ýerinde, örän ýygy aralykda görse bolýar. Olar düzgün bozan sürüjilere jerime ýazýarlar we ulaglarynyň iki hepde duralgada saklanjakdygyny aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji noýabrda Marydan gürrüň berdi.
Duralgadaky ulaglaryň arasynda:
- gelinaljyda düzgün bozan,
- pyýadalar üçin niýetlenen ýörite geçelgelerde pyýadalara ýol bermedik,
- säginmeli däl ýerde säginen,
- durmak gadagan edilen ýerlerde ulagyny goýan,
- guratlyk barlagyndan geçmedik,
- ynam haty almadyk sürüjileriň awtoulaglary bar.
“Olaryň arasynda hökümete degişli edaralaryň döwlet belgili ulaglary hem bar” diýip, maryly sürüji aýtdy.
Maryly sürüjileriň aglabasy bu gezek ulagyny polisiýanyň awtoduralgasyndan çykarmaga howlukmaýar. Olar şeýdip paranyň öňüni almaga çalyşýarlar.
“Bir polisiýa işgäri ýanymyza gelip, ‘her biriňiz 500 manat berseňiz çykaryp berjek’ diýdi. Emma biz ulag eýeleri bolup üýşüp maslahat edip, öňki ýyllardakyny gaýtalamazlyk we para bermezlik kararyna geldik. Biz ‘bularyň agzy tagam tapdy” diýip, para bermesek, ahyrsoňy özleri ulagyňyzy alyp gidiň diýerler diýdik. Sebäbi hemme kim eýýäm para berip ýadady. Polisiýa işgärlerine bolsa, ulaglarymyzy haçan çykarmakçy bolsaňyz, şonda habar beräýiň diýdik” diýip, maryly ulag eýesi gürrüň berdi.
Ýerli häkimiýetler köçelere gözegçiligiň güýçlendirilmegi we onuň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler. Bu barada Azatlygyň sebitiň Polisiýa müdirliginden kommentariý almak synanyşyklary hem başa barmady.
Türkmen häkimiýetleri wagtal-wagtal köçelere gözegçiligi güýçlendirýärler. PÝGG sürüjileri dürli bahanalar bilen saklap, olara jerime ýazýar we olaryň ulaglaryny polisiýa duralgasyna alyp gidýär. Raýatlar ulaglaryny yzyna almak üçin ýüzlerçe manat para bermäge razy bolýarlar. Sürüjiler bu çäreleri “häkimiýetleriň döwlet býujetini doldurmak we raýatlardan para almak tagallalary” häsiýetlendirýärler.
Bu aralykda, Baýramaly etrabynyň polisiýasy sürüjilerden tekerleriniň disklerini we ulaglarynyň gapdal aýnalaryny ak ýa-da kümüşsow reňke boýamagy talap edýär.
“Sürüjiler ulaglarynyň gapdal aýnalarynyň we tekerleriniň diskleriniň zawoddan çykanda ýaşyl ýa gara reňkdedigini düşündirmäge çalyşýarlar. Ýöne polisiýa olary diňlemän, sürüjilere jerime ýazýar we olaryň ulaglaryny polisiýanyň duralgasyna alyp gidýär” diýip, baýramalyly ulag eýesi gürrüň berdi.
Soňky onýyllygyň dowamynda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň şahsy ulaglarynyň daşky keşbi, döwlet belgisi, öndürilen senesi, ýurda goýberilýän awtoulag brendleri bilen bagly çäklendirmeleriň ençemesini güýje girizdiler. Bu çäklendirmeleriň käbiri dilden, käbiri-de resmi karar esasynda ýola goýuldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum